Lilia_
10.07.2023 12:22
Suw adam bedeninde bolup geçýän ähli fiziologiki hadysalaryň: dem alşyň, gan aýlanyşyň, iýmit siňdirişiň kadaly işlemeginde uly ähmiýete eýedir. Adam bedeni suwy yzygiderli kabul etmese, suwsuzlykdan beden tapdan düşüp başlaýar. Bedende suw ýetmezçiligi ýüze çykyp, öýjüklerde we damarlarda galyndylar ýygnanyp, ganyň goýalmagyna getirýär. Şol sebäpli hem beden agzalarynyň işi bozulyp, dürli keselleriň ýüze çykmagyna getirýär. Bedende şeýle näsazlyklar ýüze çykmaz ýaly, suwy içmegiň öz düzgünleri bar.

Arassa agyz suwy bedeniň talabyna laýyk kabul edilende, immun işjeňligi ýokarlanyp, howa şertleriniň üýtgäp durmagy zerarly ýüze çykýan näsazlyklardan goraýar.

Säher bilen turup, bir bulgur arassa suwy ajöze içmek iýmit siňdiriş agzalarynyň işjeňligini ýokarlandyrýar. Käbir adamlar limonly suwy içmegi halaýar. Bu bolsa adam bedeni üçin örän peýdalydyr. Limonly suw bedendäki aşgar deňagramlylygyny saklamaga we bedeni artykmaç ýaglardan saplamaga kömek edýär. Şeýle-de, bedendäki gerek bolmajak suwuklygyň çykmagyna getirýär. Berhiz saklaýan döwrüňizde irden limonly suwy ajöze içseňiz we günüň dowamynda birnäçe limon bölejigini iýmegi endik edinseňiz, semizligiň öňüni alarsyňyz.

Özüňizi ruhubelent, sagdyn duýmak isleseňiz, arassa agyz suwuny talabalaýyk içmegi unutmaň!

Röwşen ÇERKEZOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň öwreniji mugallymy.
77
33
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.