Adamy hatyndan tanamak mümkinmi?
Ýazuwyň adamynyň häsiýeti bilen baglanyşygyny öwrenýän ylma grafologiýa diýilýär. Ylmyň bu ugry adamynyň zehinini, özüne erk etmek we özüne baha berip bilmek ukybyny we duýgy häsiýetlerini ýazuwyna görä kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Adamyň häsiýetlerini açmakda ýazuwyň görnüşi, hili, ýygylygy uly ähmiýete eýedir. Bulardan başga-da ýazuwyň görnüşi jemgyýetçilik durmuşynda adamlar bilen arasyndaky gatnaşygynyň ýagdaýyny görkezmekde möhüm görkeziji bolup durýar. Haty iri ýazýan adamlar aňsatlyk bilen töweregindäkiler bilen gowy aragatnaşyk saklap, olaryň dilini tapyp bilýär. Şeýle ýazuwly adamlaryň ýakynlary hem köp bolýar. Ownuk ýazuwly adamlar bolsa, ýapyk häsiýetlere eýedirler. Ýazuwda harplaryň burçlarynyň emele getirilmegi diňe özüni bilýän adamlara mahsus bolýar. Ýazuwynda dürli aýlawlary ulanyp ýazýan adam açyk göwünli bolýar diýlip hasaplanylýar. Hatyny has basyp ýazýan adamlarda güýçli erjelligi görmek bolýar. Gowşak basylyp ýazylan harplar bolsa, gowşak häsiýetli adamlaryň häsiýetli aýratynlygydyr. Takyk ýazuw asuda we häsiýeti durnukly bolan adamlara mahsuslyk edýär. Uly ýazuwlar janypkeş, bilesigeliji hem-de şadyýan adamlarda gabat gelýär. Düşnüksiz, bulam-bujar ýazuw işjeňlikden, biperwaýlykdan nyşan bolup durýar. Harplaryň biri-birine goşulmagy bilen emele gelen ýazuwlar logiki pikirlenişi güýçli bolan adamlaryň häsiýetli aýratynlygy bolup durýar. Eger harplaryň arasy biri-biri bilen birikmeýän, üzülip ýazylan bolsa, onda ol adamyň duýgurlygynyň ösenligini aňladýar. Ýazuwda çep gyrada boşlugyň galdyrylmagy adamynyň maddy gymmatlyga bolan gatnaşygyny görkezýär. Eger ol dar bolsa, onda ol adamyň tygşytlylygyny görkezýär. Eger giň bolsa jomartlykdan habar berýär. Eger çep gyrasy aşaklygyna uzaýan bolsa, zady bisarpa ulanýandygy, yrýa edýändigi bilen baglanyşykly. Göni bolmadyk, egrem-bugram setirler bolsa, mekir adamlara mahsusdyr. Çyzyk şekilindäki hatlar bolsa duýguçyllykdan nyşan, eger çyzyk ýok bolsa, bu adamy akylly we ätiýaçly hökmünde häsiýetlendirmek bolar. Adamyň ýazuwy onuň ýagdaýyna we beýleki şertlere baglylykda üýtgäp bilýär. Mysal üçin, adam güýçli joşgunly, hyjuwly wagtynda ol ýazuwy adatdakysyndan güýçli basyp ýazýar.
Görnüşi ýaly, adamyň ýazuwy onuň häsiýeti babatda köp zatlary açyp görkezýär. Adamyň ýazuwynyň esasynda onuň daş-töweregindäkilerden, hatda özünden hem gizleýän häsiýetlerini ýüze çykarmaga ýardam edýär.
Şemşat ŞYHMUHAMMEDOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby