Kebelekler barada täsin maglumatlar
Kebelekleriň dilleri boýlaryndan 3 esse uzyndyr. Boýlaryndan 3 esse uzyn bolan dillerini gülleriň düýbündäki nektary içmek üçin ulanýarlar. Kebelekler bedeniniň gyzgynlygynyň derejesi 28 gradusdan pes bolsa uçup bilmeýärler.
Gara ganatly kebelekler Günüň şöhlesiniň kömegi bilen bedenleriniň gyzgynlyk derejesini artdyryp bilýärler. Bu bolsa olaryň uçmagyna ýardam berýär. Ýer ýüzünde kebelekleriň 100 müňden gowrak görnüşi bar. Olardan iň uly görnüşi Günorta amerika sowkasy ( Erebius agrippina) bolup, onuň ganatynyň ýazgyn haldaky uzynlygy 30 santimetre ýetýär. Asyl mesgeni Demirgazyk Amerika hasaplanýan şa kebelegi ýumurtgalamak üçin 4 müň kilometre çenli ýol geçýär.
Kebelekler dynç alýan wagtlary ganatlary ýapyk bolýar. Kebelekler howp abanýan wagty haýal etmän ganatlaryny açýarlar. Bilermenler kebelekleriň ganatlaryny açan wagtlaryndaky kölegesiniň baýguşa meňzeýändigi aýdýarlar. Şonuň üçin hem kebelege topulan guş ony baýguşa meňzedip, ondan el çekýär. Kebelekleriň reňkiniň köpdürliligi we dürli öwüşginliligi mör-möjekleriň hiç biriniňkä meňzemeýär.
Saparmyrat BABAÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.