Lilia_
14.11.2023 08:22
Durmuşda maksat edinmek..

a) Üstünlik – bu üznüksiz hereket.
b) Üstünlik – bu öz garşydaşlaryňa seredeniňde öňden görmeklige ymtylmaklyk.
ç) Üstünlik – bu gazanmalaryň bilen çäklenmän öňe tarap ymtylmak we täsir edýän ýerlerini giňeltmeklik hem-de oňa başga ugurlary çekmeklik.
d) Üstünlik bu ýokary hünärli, işbaşarjaň, aňly-düşünjeli, erjel adamlary töweregiňe jemläp, öz öňüňde goýan amatly, netijeli, ygtybarly iş maksatnamaňa ýetmek.

Üstünligi başga adamlaryň şowsuzlygynyň hasabyna gazanyp bolmaýar. Işgärleri kemsidip, gorkuzyp, ýigrenip we olaryň isleglerini inkär edip iş gurap bolmaýar. Bu ýagdaýda adamlaryň işe bolan höwesi gaçýar, umumy bähbitli işe yhlassyz we biperwaý daraşýar. Ýolbaşçylaryň görkezmeleri doly ýerine ýetirilmeýär. Şeýle guralan iş ýerlerde göräýmäge tertip-düzgün bar ýaly, iş doly ýerine ýetirilýän ýaly, emma hiç hili üstünlik gazanylyp bolmaýar.

Umumy jemläp aýdanymyzda üstünligiň çeşmesi şulardan ybarat:
– düýpli ylym we bilim;
– bilesigelijilik;
– erjellik;
– tutanýerlilik;
– birsözlülik;
– adamkärçilik mertebesi (edeplilik, ula-kiçä hormat goýmaklyk, sypaýylyk, azsözlülik we ş.m.)
– işbaşarjaňlyk;
– başlajak işiňi hemme taraplaýyn öwrenip doly meýilleşdirmeklik;
– öňki tejribelerden seljerip öwrenip, seljerip gowy netijeleri almaklyk we beýlekiler.

Şu ýokarky sanalanlaryň biri bolmadyk adamyň mahlukdan tapawudy ýokdur. Adamlaryň material ýagdaýlarynyň artmagy bilen olaryň islegi hem artýar, şeýlelikde adam belli bir üstünlik bilen çäklenmän ýokary derejedäki üstünliklere ymtylýar. Mysal üçin Magtymgulynyň “Don bolsa” goşgusynda:

Ten ýapmaga köýnek istär ýalaňaç,
Köýnekli diýr: wah, üstünden don bolsa!
Bäş pul diýip, hakdan dilär garny aç,
Bäşin tapsa arzuw eder – on bolsa.

Üstünligiň ýokary derejelerine ýetmek üçin maslahatlar:
1. Oýlap tapyjy we usully bolmak
2. Yzygiderli täzelikler bilen tanşyp, öwrenip durmak.
3. Intellektual derejäni yzygider ýokarlandyrmak.
4. Üstünlige tarap ýolda saglygyňy we öz duýuşyňy oňat ýagdaýda saklamaklyk üçin, ýüze çykýan şowsuzlyklaryň öňünde müzzermän onyň düzetmek çärelerini tapmak.

Şowsuzlygyň soňky derejesi – üstünlikdir. (K.Dýussi)

Üstünlik – bu yzygider täzeligiň gözleginde gezýän prosesdir, şonuň üçin onuň ýollary çarkanlyklydyr. Ol ýoldan barýan adamlar hil-hilli kynçylyklara, şowsuzlyklara, betbagtçylyklara we çykgynsyz ýagdaýlara duçar bolmaklygy mümkindir. Şol kynçylyklary akylly-başly, hüşgär geçen adam üstünlik gazanyp biler. Şeýle ýagdaýlarda tejribeli Beýik akyldarlaryň şowsuzlyklary başyndan geçiren üstünliklere nähili ýetendiklerini, kynçylyklary ýeňip geçişlerini we şowsuzlyklaryň öňünde aljyraman we özüni ýitirmän nähili durandyklaryny öwrenmeklik zerurdyr.

Şowsuzlyga iki hili seredilýär.
1) çykgynsyz erbetlik;
2) Gymmatly tejribe.

Birinji ýagdaýda üstünlikden daşlaşylýar. Ikinji ýagdaý üstünlige getirýär.

Birnäçe şowsuzlyklardan soňra belli bir wagtyň dowamynda seljerip ýalňyşlyklaryňyzy ýüze çykaryp, göz öňüne tutup ýetilen üstünlik garaşylýan üstünlikden has ýokary bolmagy mümkin.

Şowsuzlyklaryny we kemçiliklerini ýüzüne aýdanda kabul edýän, maslahat sorap düzetmeklige çalyşýan adamlara “Akylly adam” diýler. Şowsuzlyklaryny we kemçiliklerini ýüzüne aýdaňda kabul etmän, kemsidilýändir, diýip pikir edýänlere “Akmak” diýilýär.
40
209
Lilia_
14.11.2023 02:33
Durmuşda maksat edinmek
Uzak wagtlaýyn maksat – biz bu ýerde “Adam näme üçin” ýaşaýar diýen sorag goýamyzok. Biz esasan adamyň özüni alyp barşy barada durup geçýäris. Adamlar bir tarapa barýarlar, howlugýarlar, dürli zatlar bilen meşgullanýarlar, emma gynansakda olaryñ köpüsiniň öňünde goýan takyk maksady ýok. Aleksandr Makedonskiý dünýäni basyp almak isledi, Magellan – ýer şaryny aýlandy, Şliman Troýa galasyny gazyp agtaryp tapdy we ş.m. Beýle diýildigi Biz hökman uly açyşlar etmeli, öňümizde uly maksatlar goýmaly diýildigi däl. Biziň maksatlarymyz elýeterli we isleglerimiz mümkinçiliklerimize gabat gelmeli. Mysal üçin:
– Awtoulag satyn almak;
– Jaý gurmak;
– Kitap ýazmak;
– Köp pul gazanmak;
– Häkim bolmak;
– Ökde hünärmen bolmak we ş.m.

Öňden gelýän däp boýunça, ähli adamlar öz öňünde üç sany ajaýyp maksat goýýarlar:
– bag ekmek;
– jaý gurmak;
– ogul-gyz ýetişdirmek;

Adamyň öňünde goýýan maksatlary dürli-dürli bolýarlar, emma olaryň esasy üç sany umumy wajyp momenti bar.

1. Adam öz öňünde näçe uly maksatlar goýsa, şonça-da uly üstünliklere eýe bolýarlar. Marşal bolmaga ymtylsaňyz, azyndan general bolmagyňyz mümkin.

2. Biziň durmuşda esasy uly maksatlarymyza ýetmek üçin aňymyz bilen hereket edýäris, emma olar biziň içki duýgularymyzyň esasynda döreýär.

3. Üstünlik gazanmak üçin biz öz endiklerimizden çykmaly, ýagny endiklerimizi iň oňat endikleriň hasabyna giňeltmeli.

Durmuş prinsipleri şulardan ybarat:
1) Beýleki adamlara zyýan bermezlik;
2) Durmuşdan lezzet almak;
3) Gözellik;
4) Ýakyn adamlaryň aladasyny etmek;
5) Erkinlik;
6) Döredijilik;
7) Ýaşaýyş we ýeňiş gazanmak;
8) Saglyk;
9) Komfort;
10) Hemme zat üçin tölemeli;

Adamlaryň gylyk-häsiýeti esasan olaryň çagalyk wagtlarynda ene-atasynyň beren terbiýesine berk bagly bolýar. Sebäbi çagalykda gören-eşiden zatlary aňynda berk ornaşýar.
31
49
Lilia_
13.11.2023 18:35
Is­len­dik kyn zäh­me­t ýoluny ge­çen adam, zäh­met­ çekmekden lez­zet al­ýar.
A.W.Su­wo­row

Akyl zäh­me­tin­den soň­ra dynç al­mak üçin fi­zi­ki zäh­met ýakymly hem-de örän peý­da­ly­dyr.
K.D.Uşins­kiý

Zäh­met – be­je­ri­ji mel­hemdir.
I.G. Ger­der


Iş ynsany üç be­la­dan ha­las ed­ýär: gaý­gy-gus­sa­dan, erbetlikden we mä­täç­lik­den.
Wol­ter

Ata­nyň og­lu­na gal­dy­ryp bil­jek iň uly mi­ra­sy edep­dir.
Hez­re­ti Aly

Ber­ýän öwüt­le­ri­ni özi hem ýe­ri­ne ýe­tir­ýän adam nus­ga­lyk yn­san­dyr.
W.Şeks­pir


Adam­kär­çi­lik ada­myň ýü­re­gi­dir.
Men-Szy


Eger-de adam­lar be­den maşk­la­ry­ny edip, özü­ne erk et­me­gi ba­şar­sa­dy­lar, ola­ryň kö­pü­si luk­manyň kö­me­gi­ne mä­täç bol­maz­dy.
Jo­sef Ad­di­son

Yn­sa­nyň äh­li za­dy: ýü­zem, geýi­mem, köň­lem, pi­ki­rem gö­zel bol­ma­ly­dyr.
A.Çe­how


Luk­man­çy­lyk äh­li döwürleriň sol­ta­ny­dyr. Çün­ki dün­ýä­dä­ki gö­zel­lik­le­riň we be­ýik mer­te­be­le­riň äh­li­si sag­ly­ga mä­täç.
Fýo­dor Petro­wiç Ga­az


Ke­sel­le­riň müň­den do­kuz ýüz tog­san do­ku­zy­sy­ny ka­da­ly iý­mit bi­len be­je­rip bol­ýar.
Ma­hat­ma Gan­di


Şä­girt bol­ma­dyk – ha­ly­pa-­da bol­maz.
Gündogar pähimi


Sag­lyk ada­myň ba­şyn­da­ky täç­dir, ýö­ne ony syr­kaw­lar­dan baş­ga hiç kim gör­me­ýär.
Abu Aly Ibn Si­na


Te­bi­gat äh­li ke­sel­le­ri be­jer­ýän luk­man­dyr.
W.Şerb­ýu­le


Be­de­ni ber­kid­ýän zäh­met we maşk­lar der­man­dan hem peý­da­ly­dyr.
A.Mus­so


Da­na adam der­man däl-de, ke­sel­le­mez­li­giň ýo­lu­ny göz­lär.
T.Mor
32
57
Lilia_
13.11.2023 13:12
Matlap, maksat, bir zada köňlüň bilen ýönelmek manylaryny aňladýan niýet, bir işi etmegi ýüregiňe düwmek we bütin kalbyň bilen oňa ýönelmekdir.
Niýet arkaly ynsan, nirä ýönelendigini, näme isleýändigini biler we onyň bilen matlabyna ýetmek aňyny gazanar.
Ynsanyň, ähli amallarynyň esasy niýetdir. Hatda älemde we ynsan nebsinde hemme zat, başlangyç hem-de dowamlylyk taýyndan niýete degişlidir. Şonuň üçin niýet, ynsanyň ýagşylyklary we erbetlikleri taýyndan-da uly ähmiýete eýedir. Arassa niýet arkaly ençeme kiçijik işler ulalar, bir dänekä müň sümbül, bir damjaka bir derýa bolar. Niýetiň erbet bolmagy sebäpli bolsa, daglar ýaly belent we uly zähmetler netijesiz we önümsiz galar.
Hawa, niýet şeýle bir maýadyr, “ýok” onuň bilen “bar” bolup şöhlelener, bar ýaly görnen zatlar hem niýetiň ýaramazlygy sebäpli ýok bolar we täsirsiz galar.
Niýet, bu çäkli we wagtlaýyn dünýäde, çäksizlige ýol açan syrly bir açar we wagtlaýyn bir ömürde ebedi sagadaty ýa-da azaby netije berjek bir dildir. Bu guraly ýagşy ulanan wezipeşynaslar, durmuşlaryna ýagtylyk we nur çaýyp ebedi bagta gowuşarlar.Çünki, gündelik, hepdelik, aýlyk wezipeler çyn ýürekden berjaý edildigiçe, olardan hasyl boljak sogaplar, diňe amal edilen wagtyna degişli galmaz, tutuş ömrüni gurşar. Bu hakykat Pygamberimiziň bir hadysynda şeýle beýan edilýär
Kyýamat-magşar güni, Allahyň huzuryna bir gul getiriler, adamyň belent daglar ýaly ýagşy amallary bar eken. Ýöne şol pursat, -pylanyda haky bar kişiler gelip ondan hakyny alsyn- diýen ses eşidilýär.Bu sesden soň bir giden kişi gelip, adamyň ýagşy amallaryndan hak-hukuklaryça alyp äkitdiler. Ahyry adamyň ýagşy amallary tükenip aljyraňňylyga düşende, Allahutagala oňa “meniň dergähimde saňa degişli şeýle bir hazyna bar, ondan perişdeleriň hem-de gullarymyň habary ýok ” diýdi.
Adam “Eý Rabbim, o nähili hazyna?” diýip soranda, keremli Allah oňa “bu hazyna seniň niýet edip-de amal edip bilmedik ýagşylyklaryñdyr. Olaryň her biri üçin depderiňe ýetmiş esse sogap ýazdym,” diýýär.
Bu düşündirişden ugur alsak, niyetiň wagty niýet edilen işiň we ybadatyň başy bolup, niýetiň amala ýakyn bolmagy gereklidir.

AMALLAR NIỲETLERE GÖRÄDIR

Resulallah (s.a.w.) şeýle buýurýar:
"Amallar niýetlere görädir. Her kime diňe niýet eden zady bardyr. Her kimiň hijreti Allahyň we Resulynyň razylygy üçin bolsa, onuň hijreti Allaha we Resulyna tarapdyr. Her kim-de, dünýewi bir bähbidi ýa-da nikalanjak bir aýal üçin hijret eden bolsa, onyň hijreti (Allanyň we Resulynyň razylygy üçin däl), hijretine sebäp bolanadyr. (Buhary, Müslım, Ebu Dawud).
Mekgeden Medinä her kim diňe Allah üçin hijret eden döwri, ady aýdylmaýan bir sahaba bolsa, Ümmü Kaýs adynda bir aýaly gowy göreni üçin hijret edendigi Pygamberimize aýdylanda, Serwerimiz ýokardaky sözleri aýdýar. Pygamberimiz bu ýerde umuman hijret barada aýtsa-da ýöne, hadys yslamyň iň möhüm esasy we iň ýokary hakykaty bolan niýet meselesi baradadyr.
Hawa, diňe hijret däl, ähli amallar niýetlere görädir. Ynsan hijret etmek isläninde niýeti, diňe Allah we Resuly bolsa, munuň gaýtargysy hökmünde Allah we Resulyny tapar. Bu namazda, orazada, zekatda hem beýledir. Her bir eden işini Allahy razy etmek maksady bilen amal eden ynsan, hemişe Allahy hemaýatçy hökmünde ýanynda görer. Allahyñ bu hemaýaty, rehim-şepagaty gabyrda, haşyrda, syratda hem dowam eder.
Niýeti Allah bolmadyk bir ynsan, ähli gujur-gaýratyna, zähmetine garamazdan, dünýewi zatlary baş maksat edinse, gören görgüleriniň, muşakgatlarynyň gaýtargysyny alyp bilmez we hemmesi zaýa bolar. Sebäbi, gara nebsine gulluk eden, dünýewi lezzetleri, bähbitleri baş maksat edinen, wyždanynyň we ruhunyň sesine gulak asmaýan bir ynsan, ömrüni bihuda tükeder we ähli hal-hereketini Allahy razy etjek bolup jan eden bir ynsanyň ýeten netijesini gazanyp bilmez. Şonuň üçin Pygamberimiz başga bir hadysynda-da, “Müminiň niýeti amalyndan haýyrlydyr” diýip, nygtaýar. Çünki ynsan, näçe gaýrat etse-de, niýetindäki amalyna ýetip bilmez. Allah çäksiz keremi we rahmeti bilen edilen amaldan zyýada ýüregindeki niýetine görä baha berýär. Şonuň üçin ynsanyň niýeti, eden amalyndan has artyk bolar. Bu nukdaýy nazardan müminiň niýeti amalyndan has haýyrlydyr.
25
18
Lilia_
13.11.2023 08:51
Dümewden nädip saplanmaly?
Gyş pasly ýakynlaşýar we şonuň bilen birlikde sowuklama ýa-da wirusly keseller hem ýüze çykýar. Awtobusa müneniňde kimdir biri asgyrýar ýa-da gaty üsgürýär. «Dümewläpdir!» diýen pikir aňyňda aýlanýar.

Dümewden nädip saplanmaly?

Limon we ary bal garylan gyzgyn çaýy, umuman, suwuklygy köpräk içmeli. Bu zatlar bedenimiziň talap edýän zadydyr.

Hassalaryň arasynda özlerini belli bir derejede goramagy başarýan adamlar hem bar. Olar dümewiň garşysyna sanjym alýarlar, ýöne bu hem doly gorag däl. Sebäbi, bilşimiz ýaly, dümew wirusynyň ştammlary üýtgäp bilýär we ştammyň bir görnüşiniň garşysyna alnan sanjym beýlekilerden halas edip bilmeýär.

Sowuklamanyň diňe dümew wiruslaryndan däl, eýsem, dem alyş sintisial wiruslary, adenowiruslar we bakteriýalaryň käbir görnüşlerinden hem döreýändigini bilmek möhümdir.

Şeýle ýagdaýda näme etmeli?

Iň esasy zat, ilkinji nobatda, syrkaw adamlardan uzak durmaly. Mümkin boldugyça, köp gök önümleri we miweleri iýmeli, iýmitlenişiňiziň dürlüligini artdyrmaly, gündelik iş tertibine eýermeli, wagtynda ýatmaly we ýeterlik ukyňy almaly, ýeterlik ýyly suw içmeli hem-de elbetde, fiziki maşklar bilen yzygiderli meşgullanmaly.

Eger-de burnuň akmasy bejerilmese, ol gaýmorite, şeýle hem tonzillite (bokurdagyň galmagy diýip hemmelere mälim) sebäp bolup biler, ol bolsa çylşyrymlylygy rewmatizmi ýa-da ýürek-damar kesellerini döredip biler. Saglyk bilen bagly kynçylyklaryňyz bar bolsa, onda hökman lukman bilen maslahatlaşyň! Her bir keseliň sebäbini kesgitleýän we dogry bejergi belleýän lukmanlardyr.
29
17
Lilia_
13.11.2023 00:04
Adam­zadyň oý­lap ta­pan il­kin­ji saz gu­ra­ly dep­rek bol­dy. Se­bä­bi adam­lar dur­muş­da eşi­den il­kin­ji se­si­ni – ene ýü­re­gi­niň se­si­ni bol­şy ýa­ly dö­ret­mek is­läp­dir­ler.

Rik Se­wij.

Fleý­ta­nyň adam ru­hu­na tä­si­ri güýç­li, çün­ki ol has güýç­li tol­gun­dyr­ýar.

Aris­to­tel.

Saz paý­has­dan we pel­se­pe­den has ýo­ka­ry açyş­dyr.

Bet­ho­wen.

Aý­dym-saz bü­tin dün­ýä­ni ruh­lan­dyr­ýar, ru­hy ga­nat­lar bi­len üp­jün ed­ýär, hy­ýa­lyň uç­ma­gy­na kö­mek ed­ýär, aý­dym-saz äh­li za­da ýa­şa­ýyş we şat­lyk ber­ýär. Ony owa­dan we aja­ýyp zat­la­ryň be­ýa­ny di­ýip at­lan­dy­ryp bo­lar.

Pla­ton.

Di­ňe iň uly sun­gat – saz ýü­re­giň jüm­mü­şi­ne ara­la­şyp bi­ler.

Mak­sim Gor­kiý.

Saz adam­za­dyň u­mu­my di­li­dir.

Gen­ri Long­fel­lo.

Sa­zyň mak­sa­dy ýü­rek­le­re ara­laş­mak­dyr.

Se­bast­ýan Bah.

Saz dur­muş­dyr. Ol ýaň­lan­ýar­ka ähli zat baky ýaşaýar. Sazy ýe­ri­ne ýe­tir­ýän sa­zan­da, wa­ka­laryň içinde ýa­ly ýat­la­ma­lar­da ýa­şa­ýar.

Da­ni­el Glat­tauer.

Söý­gi bol­ma­sa, adam ýü­re­gin­de haý­sy sa­zy gö­te­rip ýö­ren­di­gi­ni hiç wagt bil­mez.

Oşo.

Saz – has­ra­ty gark ed­ýän güýç­dür.

Wilý­am Şeks­pir.

Saz ýe­ke-täk dün­ýä di­li­dir, ony ter­ji­me etmegiň ze­rur­ly­gy ýok, on­da gö­wün bi­len gö­wün gep­leş­ýär.

Ber­told Auer­bah.

Saz güýç­li pi­kir çeş­me­si­dir. Aý­dym-saz ter­bi­ýe­si bol­ma­sa, pi­kir taý­dan do­ly ösüş müm­kin däl.

W. Su­hom­lins­kiý.
32
39
Lilia_
12.11.2023 23:59
Garga kepderileriň gowy idedilýändigini görüp, ak reňke boýanypdyr-da, kepderileriň ketegine giripdir. Kepderiler ilki ony özleri ýaly saýyp, ketege goýberipdirler. Garga kepderilere berilýän iýmlerden garnyny mazaly doýrupdyr. Soňra-da huşuny ýitirip gagyldapdyr. Şol wagt kepderiler onuň kesekidigini bilip, ýerli-ýerden çokup, kowup goýberipdirler. Garga yzyna – beýleki gargalaryň ýanyna barypdyr. Emma gargalar onuň reňkiniň akdygyny görüp gorkupdyrlar. Olar hem ony öz aralaryna goşman, kowup goýberipdir.
34
82
Lilia_
12.11.2023 20:20
Sokratyň üç elegi (tymsal)

Bir gün bir adam Sokratyň ýanyna gelip: «Pylany barada näme eşidenimi aýdaýynmy?» diýipdir. Sokrat oňa: «Biraz tagapyl et» diýip, sözüniň üstüni ýetiripdir: «Maňa kimdir biri barada aýtmakçy bolýan zatlaryň üç elekden geçip bilermikä? Barlap görelimi?»

Ýaňky adam bilesigelijilik bilen: «Üç elek diýýän zadyň näme bolýar?» diýip sorapdyr. Şunlukda Sokrat «sorag sorap, soragyň jogabyny soranyň özüne aýtdyrma» tilsimini ulanmaga başlapdyr:

– Hawa. Kimdir biri barada aýtmakçy bolýan zadyň eger üç elekden geçip biljek bolsa, maňa aýdyber, ýogsa aýtma. «Üç elek» diýýänimiň birinjisi «Hakykat» elegi. Maňa häzir aýtmakçy bolýaň zadyň hakykatdan hem bolan zatmy?

– Onçasyny bilemok, men ýöne eşidenimi aýdaýjakdym.

– Hä, düşnükli, diýmek sen şony anyk bileňok-da. Gel onda, aýtmakçy bolýan zadyň ikinji elekden geçip-geçmejegini barlap göreli. Ikinji elek «Ýagşylyk» elegi. Pylany barada maňa aýtmakçy bolýan zatlaryň gowy zatlarmy?

– Ýok, gowy däl, gaýtam, erbet zatlar.

– Hä, düşnükli, diýmek sen maňa ol barada erbet zatlar aýtmakçy ekeniň-dä. Üstesine, şol erbet zatlaryň çyndygynam, däldiginem bileňok. Ýeri bolýa-da, seniň aýtmakçy bolýan zatlaryň soňky elekden bir geçermikä? Şonam bir barlap göreli! Üçünji elek «Peýdalylyk» elegi. Pylany barada aýtjak zatlaryň maňa peýdasy barmy?

– Peýdasy ýok.

– Hä, düşnükli. Eger maňa aýtakçy bolýan zadyň çyndygyny ýa däldigini anyk bilmeýän bolsaň, üstesine-de, onuň maňa peýdasy degmejek bolsa, maňa aýdyp oturmagyň näme hajaty bar?!
26
32
Lilia_
12.11.2023 15:48
Bi­li­me go­ýul­ýan ser­ma­ýa he­mi­şe köp gir­de­ji ge­tir­ýär.
Ben­ja­min Frank­lin

Be­de­niň bag­ty sag­lyk­da, aňyň bag­ty bi­lim­de bol­ýar.
Fa­les Miletskiý

Bi­li­miň muk­da­ry däl-de, hi­li mö­hüm­dir. Adam iň ze­rur zat­la­ry bil­män, köp za­dy bi­lip ba­şa­rýar.
Bil­mez­lik aýyp we zy­ýan­ly däl. Her kim hem­me za­dy bilip bilmeýär, ýöne bil­me­ýän za­dy­ňy­ bil­ýän ýa­ly edip gör­kez­jek bolmak aýyp we zy­ýan­ly­dyr.
L.N. Tols­toý

Hem­me za­dy bil­me­giň ze­rur­ly­gy ýok, ýö­ne sen özü­ňe nä­mä­niň ge­rek­di­gi­ni, ony ni­re­den we nä­dip tap­ma­ly­dy­gy­ny bil­me­li­siň.
G. Ford

Bi­lim­de be­ýik­lik we gö­zel­lik bar, bi­lim mer­jen ha­zy­na­syn­dan has gym­mat­ly­dyr. Bi­lim­li adam he­mi­şe ze­rur­dyr.
Abd ar-Razzak Sa­mar­kan­di

He­re­ket bi­li­miň ýe­ke-täk ýo­lu­dyr.
B. Şou

Bir ada­ma bi­li­miň ze­rur­dy­gy­ny su­but et­mek, ony gör­me­giň peý­da­ly­dy­gy­na ynan­dyr­mak ýa­ly­dyr.
M. Gor­kiý

Sa­byr we yh­las et­se­ňiz, eki­len bi­lim to­hum­la­ry hök­man go­wy gö­ge­riş be­rer.
Leo­nar­do da Win­çi

Bilimde di­ňe go­wu­lyk bar, na­dan­lyk­da bol­sa di­ňe er­bet­lik.
Bi­le­si­ge­li­ji bol­sa­ňyz, bi­lim­li bo­lar­sy­ňyz.
Sok­rat

Bi­lim şeý­le bir gym­mat­ly zat we­lin, ony is­len­dik çeş­me­den öw­ren­mek aýyp däl.
Abul-Fa­raj bin Ha­run

Kän za­dy däl-de, ze­rur za­dy bil­ýän paý­has­ly­dyr.
Mon­tesk­ýo

Bi­li­me bo­lan is­leg­den has te­bi­gy is­leg ýok.
Mi­şel de Mon­ten

Bi­ziň bil­ýän­le­ri­miz çäk­li­, bil­me­ýän­le­ri­miz çäk­siz­dir.
Apu­leý

Bi­lim – bu ýag­ty­lyk we er­kin­lik­dir. Ada­ma bi­lim­den baş­ga er­kin­lik ber­ýän güýç ýok­dur.
I. S. Tur­ge­new

Yn­san di­ňe bil­me­ýän zat­la­ryn­dan gork­ýar; bi­lim äh­li gor­ky­ny ýeň­ýär.
W.G. Be­lins­kiý
32
40
Lilia_
12.11.2023 08:54
Dur­mu­şyň ma­ny­sy kä­mil­li­ge ýe­tip, ol ba­ra­da beý­le­ ­ki­le­re gür­rüň ber­mek­dir.
R. Bah.

Dur­muş ge­çen gün­ler däl-de, ýat­da ga­lan gün­ler­dir.
Ben­net.

Iň uly bet­bagt­çy­lyk ha­ky­ky dost­la­ryň bol­maz­ly­gy­dyr.
F. Be­kon.

Adam­lar saz gu­ra­ly ýa­ly­dyr: onuň ses­len­me­si ga­bat­laş­ýan adam­sy­na bag­ly­dyr.
Wer­gi­liý.

Ki­miň göw­nü­ni Gün ýag­tyld­ýan bol­sa, bu­lut­ly gün­de hem Gü­ni gö­rer.
Kon­fu­siý.

Her kim Aýa meň­zäp, özü­niň hiç ki­me gör­kez­me­ýän ga­raň­ky ta­rap­la­ry bar.
Ana­tol Frans.

Ýal­ňyş­lyk goý­be­ren adam ak­mak däl-de, hiç ha­çan ýal­ňyş­ma­ýan adam ak­mak­dyr.
D.P.Rob­son.

Eger-de sen göz­le­me­seň, baş­ga­lar ta­par­lar.
Ro­bert Op­pen­geý­mer.

Eger­-de, sen ýal­ňyş­ma­dyk bol­saň, diý­mek, on­da sen hiç hi­li tä­ze bir iş eden däl­siň.
Eger-de bu sa­ňa mö­hüm bol­sa, sen wag­tam, müm­kin­çi­li­gem, ýo­lam ta­par­syň. Eger-de mö­hüm däl bol­sa – bahana.
Jo­an Rou­ling.

Ala­da, ýag­ny beý­le­ki­le­re üns ber­mek go­wy dur­mu­şyň esa­sy­dyr, go­wy jem­gy­ýe­tiň öze­ni­dir.
Kon­fu­siý.

Eger-de biri-bi­ri­mi­ziň dur­mu­şy­ny ýeň­let­mä­ge ta­gal­la et­me­ýän bol­sak, on­da nä­me üçin ýa­şa­ýa­rys?!
T. Eliot.

Dur­muş mugt zat ber­me­ýär, yk­ba­lyň her bir ynsana beren za­dy­nyň giz­lin ba­ha­sy bar.
S. Sweýg.

Dur­mu­şyň her bir pur­sa­dy­ny çuň­ňur ma­ny bi­len dol­dur­ýan ynsan, öz öm­rü­ni uzald­ýar.
I.Kurs.

Eger-de, dost­luk gu­ta­ran bol­sa, diý­mek on­da ol hiç ha­çan bo­lan däl­dir.
Mark Twen.

Sen dog­ry iş et­seň, mu­ny hiç kim ýat­la­ma­ýar. Ýal­ňyş­saň we­lin, hiç kim unut­ma­ýar.
Wik­tor Gýu­go.
38
49