Bilime goýulýan sermaýa hemişe köp girdeji getirýär.
Benjamin Franklin
Bedeniň bagty saglykda, aňyň bagty bilimde bolýar.
Fales Miletskiý
Bilimiň mukdary däl-de, hili möhümdir. Adam iň zerur zatlary bilmän, köp zady bilip başarýar.
Bilmezlik aýyp we zyýanly däl. Her kim hemme zady bilip bilmeýär, ýöne bilmeýän zadyňy bilýän ýaly edip görkezjek bolmak aýyp we zyýanlydyr.
L.N. Tolstoý
Hemme zady bilmegiň zerurlygy ýok, ýöne sen özüňe nämäniň gerekdigini, ony nireden we nädip tapmalydygyny bilmelisiň.
G. Ford
Bilimde beýiklik we gözellik bar, bilim merjen hazynasyndan has gymmatlydyr. Bilimli adam hemişe zerurdyr.
Abd ar-Razzak Samarkandi
Hereket bilimiň ýeke-täk ýoludyr.
B. Şou
Bir adama bilimiň zerurdygyny subut etmek, ony görmegiň peýdalydygyna ynandyrmak ýalydyr.
M. Gorkiý
Sabyr we yhlas etseňiz, ekilen bilim tohumlary hökman gowy gögeriş berer.
Leonardo da Winçi
Bilimde diňe gowulyk bar, nadanlykda bolsa diňe erbetlik.
Bilesigeliji bolsaňyz, bilimli bolarsyňyz.
Sokrat
Bilim şeýle bir gymmatly zat welin, ony islendik çeşmeden öwrenmek aýyp däl.
Abul-Faraj bin Harun
Kän zady däl-de, zerur zady bilýän paýhaslydyr.
Monteskýo
Bilime bolan islegden has tebigy isleg ýok.
Mişel de Monten
Biziň bilýänlerimiz çäkli, bilmeýänlerimiz çäksizdir.
Apuleý
Bilim – bu ýagtylyk we erkinlikdir. Adama bilimden başga erkinlik berýän güýç ýokdur.
I. S. Turgenew
Ynsan diňe bilmeýän zatlaryndan gorkýar; bilim ähli gorkyny ýeňýär.
W.G. Belinskiý