Lilia_
14.11.2023 08:22
Durmuşda maksat edinmek..

a) Üstünlik – bu üznüksiz hereket.
b) Üstünlik – bu öz garşydaşlaryňa seredeniňde öňden görmeklige ymtylmaklyk.
ç) Üstünlik – bu gazanmalaryň bilen çäklenmän öňe tarap ymtylmak we täsir edýän ýerlerini giňeltmeklik hem-de oňa başga ugurlary çekmeklik.
d) Üstünlik bu ýokary hünärli, işbaşarjaň, aňly-düşünjeli, erjel adamlary töweregiňe jemläp, öz öňüňde goýan amatly, netijeli, ygtybarly iş maksatnamaňa ýetmek.

Üstünligi başga adamlaryň şowsuzlygynyň hasabyna gazanyp bolmaýar. Işgärleri kemsidip, gorkuzyp, ýigrenip we olaryň isleglerini inkär edip iş gurap bolmaýar. Bu ýagdaýda adamlaryň işe bolan höwesi gaçýar, umumy bähbitli işe yhlassyz we biperwaý daraşýar. Ýolbaşçylaryň görkezmeleri doly ýerine ýetirilmeýär. Şeýle guralan iş ýerlerde göräýmäge tertip-düzgün bar ýaly, iş doly ýerine ýetirilýän ýaly, emma hiç hili üstünlik gazanylyp bolmaýar.

Umumy jemläp aýdanymyzda üstünligiň çeşmesi şulardan ybarat:
– düýpli ylym we bilim;
– bilesigelijilik;
– erjellik;
– tutanýerlilik;
– birsözlülik;
– adamkärçilik mertebesi (edeplilik, ula-kiçä hormat goýmaklyk, sypaýylyk, azsözlülik we ş.m.)
– işbaşarjaňlyk;
– başlajak işiňi hemme taraplaýyn öwrenip doly meýilleşdirmeklik;
– öňki tejribelerden seljerip öwrenip, seljerip gowy netijeleri almaklyk we beýlekiler.

Şu ýokarky sanalanlaryň biri bolmadyk adamyň mahlukdan tapawudy ýokdur. Adamlaryň material ýagdaýlarynyň artmagy bilen olaryň islegi hem artýar, şeýlelikde adam belli bir üstünlik bilen çäklenmän ýokary derejedäki üstünliklere ymtylýar. Mysal üçin Magtymgulynyň “Don bolsa” goşgusynda:

Ten ýapmaga köýnek istär ýalaňaç,
Köýnekli diýr: wah, üstünden don bolsa!
Bäş pul diýip, hakdan dilär garny aç,
Bäşin tapsa arzuw eder – on bolsa.

Üstünligiň ýokary derejelerine ýetmek üçin maslahatlar:
1. Oýlap tapyjy we usully bolmak
2. Yzygiderli täzelikler bilen tanşyp, öwrenip durmak.
3. Intellektual derejäni yzygider ýokarlandyrmak.
4. Üstünlige tarap ýolda saglygyňy we öz duýuşyňy oňat ýagdaýda saklamaklyk üçin, ýüze çykýan şowsuzlyklaryň öňünde müzzermän onyň düzetmek çärelerini tapmak.

Şowsuzlygyň soňky derejesi – üstünlikdir. (K.Dýussi)

Üstünlik – bu yzygider täzeligiň gözleginde gezýän prosesdir, şonuň üçin onuň ýollary çarkanlyklydyr. Ol ýoldan barýan adamlar hil-hilli kynçylyklara, şowsuzlyklara, betbagtçylyklara we çykgynsyz ýagdaýlara duçar bolmaklygy mümkindir. Şol kynçylyklary akylly-başly, hüşgär geçen adam üstünlik gazanyp biler. Şeýle ýagdaýlarda tejribeli Beýik akyldarlaryň şowsuzlyklary başyndan geçiren üstünliklere nähili ýetendiklerini, kynçylyklary ýeňip geçişlerini we şowsuzlyklaryň öňünde aljyraman we özüni ýitirmän nähili durandyklaryny öwrenmeklik zerurdyr.

Şowsuzlyga iki hili seredilýär.
1) çykgynsyz erbetlik;
2) Gymmatly tejribe.

Birinji ýagdaýda üstünlikden daşlaşylýar. Ikinji ýagdaý üstünlige getirýär.

Birnäçe şowsuzlyklardan soňra belli bir wagtyň dowamynda seljerip ýalňyşlyklaryňyzy ýüze çykaryp, göz öňüne tutup ýetilen üstünlik garaşylýan üstünlikden has ýokary bolmagy mümkin.

Şowsuzlyklaryny we kemçiliklerini ýüzüne aýdanda kabul edýän, maslahat sorap düzetmeklige çalyşýan adamlara “Akylly adam” diýler. Şowsuzlyklaryny we kemçiliklerini ýüzüne aýdaňda kabul etmän, kemsidilýändir, diýip pikir edýänlere “Akmak” diýilýär.
40
209
surprise
14 Noýabr 2023
menm morgen yaly aydymcy bolasm gelya 🙄
surprise
14 Noýabr 2023
@arzuv_shayymova, unstunlige yetmek barada kan zatlar aydylya yone edilenayokda 😬
Lilia_
14 Noýabr 2023
surprise
14 Noýabr 2023
😐...
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.