Islendik kyn zähmet ýoluny geçen adam, zähmet çekmekden lezzet alýar.
A.W.Suworow
Akyl zähmetinden soňra dynç almak üçin fiziki zähmet ýakymly hem-de örän peýdalydyr.
K.D.Uşinskiý
Zähmet – bejeriji melhemdir.
I.G. Gerder
Iş ynsany üç beladan halas edýär: gaýgy-gussadan, erbetlikden we mätäçlikden.
Wolter
Atanyň ogluna galdyryp biljek iň uly mirasy edepdir.
Hezreti Aly
Berýän öwütlerini özi hem ýerine ýetirýän adam nusgalyk ynsandyr.
W.Şekspir
Adamkärçilik adamyň ýüregidir.
Men-Szy
Eger-de adamlar beden maşklaryny edip, özüne erk etmegi başarsadylar, olaryň köpüsi lukmanyň kömegine mätäç bolmazdy.
Josef Addison
Ynsanyň ähli zady: ýüzem, geýimem, köňlem, pikirem gözel bolmalydyr.
A.Çehow
Lukmançylyk ähli döwürleriň soltanydyr. Çünki dünýädäki gözellikleriň we beýik mertebeleriň ählisi saglyga mätäç.
Fýodor Petrowiç Gaaz
Keselleriň müňden dokuz ýüz togsan dokuzysyny kadaly iýmit bilen bejerip bolýar.
Mahatma Gandi
Şägirt bolmadyk – halypa-da bolmaz.
Gündogar pähimi
Saglyk adamyň başyndaky täçdir, ýöne ony syrkawlardan başga hiç kim görmeýär.
Abu Aly Ibn Sina
Tebigat ähli keselleri bejerýän lukmandyr.
W.Şerbýule
Bedeni berkidýän zähmet we maşklar dermandan hem peýdalydyr.
A.Musso
Dana adam derman däl-de, kesellemezligiň ýoluny gözlär.
T.Mor