Lilia_
13.11.2023 13:12
Matlap, maksat, bir zada köňlüň bilen ýönelmek manylaryny aňladýan niýet, bir işi etmegi ýüregiňe düwmek we bütin kalbyň bilen oňa ýönelmekdir.
Niýet arkaly ynsan, nirä ýönelendigini, näme isleýändigini biler we onyň bilen matlabyna ýetmek aňyny gazanar.
Ynsanyň, ähli amallarynyň esasy niýetdir. Hatda älemde we ynsan nebsinde hemme zat, başlangyç hem-de dowamlylyk taýyndan niýete degişlidir. Şonuň üçin niýet, ynsanyň ýagşylyklary we erbetlikleri taýyndan-da uly ähmiýete eýedir. Arassa niýet arkaly ençeme kiçijik işler ulalar, bir dänekä müň sümbül, bir damjaka bir derýa bolar. Niýetiň erbet bolmagy sebäpli bolsa, daglar ýaly belent we uly zähmetler netijesiz we önümsiz galar.
Hawa, niýet şeýle bir maýadyr, “ýok” onuň bilen “bar” bolup şöhlelener, bar ýaly görnen zatlar hem niýetiň ýaramazlygy sebäpli ýok bolar we täsirsiz galar.
Niýet, bu çäkli we wagtlaýyn dünýäde, çäksizlige ýol açan syrly bir açar we wagtlaýyn bir ömürde ebedi sagadaty ýa-da azaby netije berjek bir dildir. Bu guraly ýagşy ulanan wezipeşynaslar, durmuşlaryna ýagtylyk we nur çaýyp ebedi bagta gowuşarlar.Çünki, gündelik, hepdelik, aýlyk wezipeler çyn ýürekden berjaý edildigiçe, olardan hasyl boljak sogaplar, diňe amal edilen wagtyna degişli galmaz, tutuş ömrüni gurşar. Bu hakykat Pygamberimiziň bir hadysynda şeýle beýan edilýär
Kyýamat-magşar güni, Allahyň huzuryna bir gul getiriler, adamyň belent daglar ýaly ýagşy amallary bar eken. Ýöne şol pursat, -pylanyda haky bar kişiler gelip ondan hakyny alsyn- diýen ses eşidilýär.Bu sesden soň bir giden kişi gelip, adamyň ýagşy amallaryndan hak-hukuklaryça alyp äkitdiler. Ahyry adamyň ýagşy amallary tükenip aljyraňňylyga düşende, Allahutagala oňa “meniň dergähimde saňa degişli şeýle bir hazyna bar, ondan perişdeleriň hem-de gullarymyň habary ýok ” diýdi.
Adam “Eý Rabbim, o nähili hazyna?” diýip soranda, keremli Allah oňa “bu hazyna seniň niýet edip-de amal edip bilmedik ýagşylyklaryñdyr. Olaryň her biri üçin depderiňe ýetmiş esse sogap ýazdym,” diýýär.
Bu düşündirişden ugur alsak, niyetiň wagty niýet edilen işiň we ybadatyň başy bolup, niýetiň amala ýakyn bolmagy gereklidir.

AMALLAR NIỲETLERE GÖRÄDIR

Resulallah (s.a.w.) şeýle buýurýar:
"Amallar niýetlere görädir. Her kime diňe niýet eden zady bardyr. Her kimiň hijreti Allahyň we Resulynyň razylygy üçin bolsa, onuň hijreti Allaha we Resulyna tarapdyr. Her kim-de, dünýewi bir bähbidi ýa-da nikalanjak bir aýal üçin hijret eden bolsa, onyň hijreti (Allanyň we Resulynyň razylygy üçin däl), hijretine sebäp bolanadyr. (Buhary, Müslım, Ebu Dawud).
Mekgeden Medinä her kim diňe Allah üçin hijret eden döwri, ady aýdylmaýan bir sahaba bolsa, Ümmü Kaýs adynda bir aýaly gowy göreni üçin hijret edendigi Pygamberimize aýdylanda, Serwerimiz ýokardaky sözleri aýdýar. Pygamberimiz bu ýerde umuman hijret barada aýtsa-da ýöne, hadys yslamyň iň möhüm esasy we iň ýokary hakykaty bolan niýet meselesi baradadyr.
Hawa, diňe hijret däl, ähli amallar niýetlere görädir. Ynsan hijret etmek isläninde niýeti, diňe Allah we Resuly bolsa, munuň gaýtargysy hökmünde Allah we Resulyny tapar. Bu namazda, orazada, zekatda hem beýledir. Her bir eden işini Allahy razy etmek maksady bilen amal eden ynsan, hemişe Allahy hemaýatçy hökmünde ýanynda görer. Allahyñ bu hemaýaty, rehim-şepagaty gabyrda, haşyrda, syratda hem dowam eder.
Niýeti Allah bolmadyk bir ynsan, ähli gujur-gaýratyna, zähmetine garamazdan, dünýewi zatlary baş maksat edinse, gören görgüleriniň, muşakgatlarynyň gaýtargysyny alyp bilmez we hemmesi zaýa bolar. Sebäbi, gara nebsine gulluk eden, dünýewi lezzetleri, bähbitleri baş maksat edinen, wyždanynyň we ruhunyň sesine gulak asmaýan bir ynsan, ömrüni bihuda tükeder we ähli hal-hereketini Allahy razy etjek bolup jan eden bir ynsanyň ýeten netijesini gazanyp bilmez. Şonuň üçin Pygamberimiz başga bir hadysynda-da, “Müminiň niýeti amalyndan haýyrlydyr” diýip, nygtaýar. Çünki ynsan, näçe gaýrat etse-de, niýetindäki amalyna ýetip bilmez. Allah çäksiz keremi we rahmeti bilen edilen amaldan zyýada ýüregindeki niýetine görä baha berýär. Şonuň üçin ynsanyň niýeti, eden amalyndan has artyk bolar. Bu nukdaýy nazardan müminiň niýeti amalyndan has haýyrlydyr.
25
18
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.