Durmuşda maksat edinmek
Uzak wagtlaýyn maksat – biz bu ýerde “Adam näme üçin” ýaşaýar diýen sorag goýamyzok. Biz esasan adamyň özüni alyp barşy barada durup geçýäris. Adamlar bir tarapa barýarlar, howlugýarlar, dürli zatlar bilen meşgullanýarlar, emma gynansakda olaryñ köpüsiniň öňünde goýan takyk maksady ýok. Aleksandr Makedonskiý dünýäni basyp almak isledi, Magellan – ýer şaryny aýlandy, Şliman Troýa galasyny gazyp agtaryp tapdy we ş.m. Beýle diýildigi Biz hökman uly açyşlar etmeli, öňümizde uly maksatlar goýmaly diýildigi däl. Biziň maksatlarymyz elýeterli we isleglerimiz mümkinçiliklerimize gabat gelmeli. Mysal üçin:
– Awtoulag satyn almak;
– Jaý gurmak;
– Kitap ýazmak;
– Köp pul gazanmak;
– Häkim bolmak;
– Ökde hünärmen bolmak we ş.m.
Öňden gelýän däp boýunça, ähli adamlar öz öňünde üç sany ajaýyp maksat goýýarlar:
– bag ekmek;
– jaý gurmak;
– ogul-gyz ýetişdirmek;
Adamyň öňünde goýýan maksatlary dürli-dürli bolýarlar, emma olaryň esasy üç sany umumy wajyp momenti bar.
1. Adam öz öňünde näçe uly maksatlar goýsa, şonça-da uly üstünliklere eýe bolýarlar. Marşal bolmaga ymtylsaňyz, azyndan general bolmagyňyz mümkin.
2. Biziň durmuşda esasy uly maksatlarymyza ýetmek üçin aňymyz bilen hereket edýäris, emma olar biziň içki duýgularymyzyň esasynda döreýär.
3. Üstünlik gazanmak üçin biz öz endiklerimizden çykmaly, ýagny endiklerimizi iň oňat endikleriň hasabyna giňeltmeli.
Durmuş prinsipleri şulardan ybarat:
1) Beýleki adamlara zyýan bermezlik;
2) Durmuşdan lezzet almak;
3) Gözellik;
4) Ýakyn adamlaryň aladasyny etmek;
5) Erkinlik;
6) Döredijilik;
7) Ýaşaýyş we ýeňiş gazanmak;
8) Saglyk;
9) Komfort;
10) Hemme zat üçin tölemeli;
Adamlaryň gylyk-häsiýeti esasan olaryň çagalyk wagtlarynda ene-atasynyň beren terbiýesine berk bagly bolýar. Sebäbi çagalykda gören-eşiden zatlary aňynda berk ornaşýar.