Lilia_
17.09.2024 00:29
Magtymguly, halk ýadyndan aýrylma
IOGAN WOLFGANG GÝOTE
Iogan Wolfgang Gýote meşhur nemes şahyry, kyssaçysy, dramaturgy we filosofydyr. Gýote iri göwrümli şygyr, kyssa, sahna eserleri, şol sanda dünýä meşhur «Faust» eseri bilen birlikde kiçi göwrümli şygyr eserleiniň 1600-den gowragyny miras goýupdyr. Bu şygyrlaryň birnäçesi halk aýdymlary görnüşinde aýdylyp gelnipdir.
Iň bir gysga setirli, az sözli, az bogunly bentlerde beýan edilen şahyryň içki dünýä gözellikleri okyjylaryň teşne kalbyna ýol salýar. Gül ýolmak, onuň gözelliginden, hoşboý ysyndan lezzet almak tebigatyň, baharyň kadasy. Ýöne şahyryň içki dünýäsinde ondan hem zyýat bir kada bar: ol gözelligi aýamak, goramak, ony häzirki abatlygynda, çirksizliginde geljege gowşurmak.
Benewşe
Ýalňyz Benewşe, anha,
Gizlenip görer gözden,
Ösüp otyrdy tenha.
Sonarlyk gök ot dyzdan.
Ýodajykdan ak ýüzli,
Syrdam boýluja özi,
Barýardy aýdym aýdyp,
Şadyýan çopan gyzy.
Çekene bakan gyzy.
«Ah ― oýlandy güljagaz ―
Gyz meni ýolar ýaly.
Iň bolmanda, az salym,
Gözel bolsadym häli.
Bir gysardy gursagna!
As salym, söýgä dolup,
Ah, söýgä göwnün bölüp».
Arman, gyzjagaz güli ―
Saýgarman ötdi duşdan.
Güljagazmyz, görgüli,
Aýrylyp akyl-huşdan,
Diýdi: «Herhal solmadym,
Ýüz görki-syýagyndan.
Basylyban ölmedim,
Oň eziz aýagyndan,
Näzijek aýagyndan».
Çözgüt
Gezdim tokaýy düýp
Jümmüşine çen.
Geň zat taparyn diýp
Edemokdym çen.
Görsem, güljagaz,
Üstünde şaha.
Görki guba gaz,
Gözleri ― baha.
Niýetim ― ýolmakdy,
Dil açdy birden:
«Ardurja solmakmy
Ýeten paýym meň?»
Köwläp köki bilen,
Gunça nahaly.
Öýde ekibilseň
Bolýan mahaly.
Ekdim peýläp, ine,
Baglarmyň teýin.
Güllär ýaz ýene,
Öňküsi deýin.
Terjime eden Arzuw ŞAÝYMOWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
sport žurnalistikasy hünäriniň talyby.
13
49
Lilia_
25.08.2024 05:22
GÖZ ÜÇIN PEÝDALY ÖNÜMLER
Okamaga, öwrenmäge mümkinçilik berýän kompýuterler talabalaýyk ulanylmadyk ýagdaýynda gözümize zyýan ýetirip biler. Ýagty saçýan ekranly enjamlaryň ählisi belli aralygy saklamak we wagtly-wagtynda arakesme bermek arkaly ulanylmaly. Eýsem, gözümiziň saglygy üçin başga nämeler edip bileris. Geliň, göz üçin peýdaly iýmitleriň esasylaryny ýatlap geçeliň!
Diňe bir göz däl, eýsem, bedenimiziň ähli synalary üçin hem kadaly iýmitlenmek zerurdyr. Lukmanlar lýutein, zeaksantin, sink we selen ýaly ýokumly maddalara baý bolan iýmitleriň göreji güýçlendirýändigini belleýärler.
Käşir: uly adamlaryň «käşir iý, gözüňe peýdaly» diýmegi ýöne ýerden däldir. Käşire mämişi we sary reňki berýän A witamini we betakaroten gözüň işjeňligini artdyrýar.
Ýaşyl reňkli gök önümler: Ysmanak we dürli gök otlar antioksidantlara baý bolup, göz üçin peýdaly hasaplanýar.
Ýumurtga: ýumurtganyň sarysy lýuteine we zeaksantine örän baý bolýar. Şeýle hem onuň düzüminde gözüň saglygyny goramaga kömek edýän sink mineraly hem bar.
Badam: düzümindäki E witamini gözüň görejiniň peselmeginiň öňüni alýar.
Ýagly balyklar: deňizde we süýji suwlarda ýaşaýan balyklaryň düzüminde gözdäki ýag kislotasy bolup, gözüň guramagy netijesinde ýüze çykýan keselleriň öňüni alýar.
Beýleki iýmitler
Ýokarda agzalan iýmitlerden başgada süýt, gatyk, et, bugdaý, tüwi, noýba, merjimek ýaly däne önümleri, bakja önümleri, miweler hem wagtly wagtynda iýilmeli. Şeýle hem köp suw içmegi ýatdan çykarmaň! Suwsuzlyk saglyga oňaýsyz täsir edip, gözüň guramagyna sebäp bolup biler. Sagdyn bolmak bedenimiziň ähli synalary üçin möhümdir. Muňa iň zerur synamyz bolan göz hem degişli. Ähmiýetli zady aýap saklamak barada gürrüň edilende, «Gözüň göreji deýin goramaly» diýip ýöne ýere aýdylmaýar. Siz hem gözüňizi goramagy unutmaň!
Azat GULOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.
12
43
Lilia_
21.08.2024 06:50
GRIGORIÝ SKOWORODA
Grigoriý Skowowroda beýik ukrain ýazyjysy, filosofy, şahyry we pedagogydyr. Ol liturgiki sazlaryň hem awtorydyr.
Grigoriý Skoworoda 1722-nji ýylyň 22-nji noýabrynda Kiýew guberniýasynyň Çernuha diýen ýerinde dünýä inipdir. Çagalygyndan ylmy gözleglere ymtylypdyr. Ýakymly sesiniň bardygy üçin ony Metjit (Serkow) horunda aýdymçy bolup gulluk etmäge çagyrypdyrlar. Geljekki beýik şahyr, ýazyjy, filosof başlangyç bilimi hem prawoslaw metjidiniň gullugynyň garamagynda özleşdiripdir. Başlangyç buthana mekdebine hem gatnapdyr.
Grigoriý Skoworoda Kiýew akademiýasynyň taýýarlyk synpynda, soňra 1738-nji ýylda Kiýew-Mogilýan akademiýasynda okapdyr. Üç ýyldan ol Sankt-Peterburga baryp, ol ýerde köşk aýdymçysy bolup işe durupdyr.
1744-nji ýyla çenli Sankt-Peterburgda gulluk edensoň, Grigoriý Skoworoda şa zenan Ýelizawetanyň switasy bilen Kiýewe dolanyp gelipdir. Ol dogduk mekanyna dolanyp gelenden soň hem akademiýadaky okuwyny dowam edipdir. Akademiýanyň horunda aýdymçy bolup çykyş edipdir.
Grigoriý Skoworoda döredijilik işine saz eserlerini ýazmakdan başlapdyr. 1750-nji ýylda hökümet missiýasynyň düzüminde Ýewropa ýurtlaryna aýlanyp görüpdir. Polşa, Awstriýa, Wengriýa, Italiýa ýaly ýurtlary paý-pyýada diýen ýaly syýahat edip görüpdir.
Ýurduna gaýdyp gelensoň, dini seminariýanyň ýanyndaky Pereýaslaw kollegiumynda işläpdir. Bu ýerde ol ýaşlary okatmak bilen bir hatarda ilkinji edebi eserlerini ýazypdyr, öýlere baryp okadýan mugallym bolup hem işläpdir.
Grigoriý Skoworodanyň öz döwürdeşleriniň arasynda meşhur bolan eserlerinden «Harkow basnýalary» diýen kyssa bilen ýazan eserini görkezmek bolar. Ýazyjynyň edebi mirasynda latyn we gadymy grek eserlerinden edilen terjimeler hem bardyr. Ýazyjynyň döredijilik mirasyndan iň esasy eseri hökmünde «Ylahy aýdymlaryň bagy» atly eseri görkezmek bolar. Bu eser 1757 — 1785-nji ýyllar aralygynda ýazylypdyr.
Grigoriý Skowowrodanyň eserleri ençeme nesiller üçin pähim-paýhas çeşmesi bolup hyzmat edip gelýär. Ýazyjynyň kitaplary häzirki döwürde hem dürli dillerde ýygy neşir edilýär. Olardan «Köňül dünýäsi hakynda dostlukly söhbet», «Jahankeşde filosofyň maslahatlary. Ýazgylaryň doly ýygyndysy», «Hüwdüli aforizmler» ýaly kitaplary aýratyn meşhurlyga eýedir.
Ösen aň-düşünjeli, hemişe gözleglere ymtylýan adam bomagy Grigoriý Skoworodanyň bir kärde uzak eglenmegine ýol bermändir. Ol hemişe öz-özüni kämilleşdirmegiň, bilimini artdyrmagyň, gözýetimini giňeltmegiň ugrunda bolmak bilen, tiz-tizden ýaşaýan ýerini hem kärini hem üýtgedip durupdyr. Ahyrda Moskwa gelip, Troissa-Sergiýewo Lawrda ýaşapdyr. Lawr kitaphanasyndan peýdalanyp, ýene-de öz-özüni kämilleşdirmek bilen meşgullanypdyr.
1794-nji ýylda Grigoriý Skoworoda eserleriniň golýazmasyny ynamdar şägirdi Mihail Kowalenskä gowşurmak üçin Orýol guberniýasyna gelýär. Golýazmalaryny gowşuryp, Kiýewe dolanyp gelýärkä, Harkow guberniýasynyň Iwanowka obasynda dünýäden ötýär.
Grigoriý Skoworoda öz mazarynda: «Dünýä meni gola saldy, ýöne tutup bilmedi» diýen ýazgyny goýmagy sargyt edipdir.
Ýazyjynyň goýup giden ajaýyp mirasyna öz dogduk Watanyndan uzaklarda hem belent hormat goýulýar. Ýazyjynyň ady Ukrainada köp sanly okuw mekdeplerine dakyldy. 1987-nji ýylda açylan kiçi planeta beýik ýazyjynyň we filosofyň ady dakyldy.
Arzuw ŞAÝYMOWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
sport žurnalistikasy hünäriniň talyby.
14
53
Lilia_
27.04.2024 15:20
Kitap hakynda pelsepeler
Şahsy kitaphana,
Baýlyk kitaphana.
***
Kitap bilen iş salyşýan,
Sözleşeňde söz alyşar.
***
Kitap aýdar geçeni,
Kitap ertäň açary.
***
Kitaba ýykyl,
Durşuna akyl.
***
Kitap okan bagta ýeter,
Ylym diýen bagta ýeter.
***
Kitap bir dana,
Akyl biýr saňa.
***
Kitaba ömrüni beren,
Bagtyny görer.
***
Kitaby elden goýma ýok,
Näçe okasaň-da doýma ýok.
***
Kitaby harlan,
Çeker «Ah», «Arman».
***
Kitaby söýen,
Jemgyýetde ner!
***
Açjakmy gözleň?
Kitaba ýüzlen!
***
Kitap söýen öz zürýady,
Öwreder saňa köp zady.
***
Kitabyň gymmaty,
Söýýäniň hormaty.
***
Kitap — birek-biregi ýakynlaşdyrýan dostluk köprüsi.
***
Kitaphonyň kitapsyz güni geçmez.
***
Sowat kitapdan başlanýar.
48
217
Lilia_
19.03.2024 01:33
Lýuşeriň Psihologik testi.
Bu testi geçmegiň usuly: testde size dürli reňkler hödürlener. Siz reňkleri göwnüňize ýaraýşyna görä yzygiderlikde ýerleşdirmeli. Emma reňk saýlan wagtyňyz saýlan reňkiňiz hiç bir zat (ulagyňyzyň, eşigiňiziň, halaýan fudbol toparyňyzyň reňki we ş.m…) bilen baglanyşykly bolmaly däl.Şunuň ýaly testler adamyň pisihikasynyň ýagdaýyny, stressli ýagdaýlara durnuklylygyny barlamaga, onuň halaýan zatlaryny, kommunikatiw ukyplaryny ýüze çykarmaga mümkinçilik berýär.Reňkleriň ýerleşişi Lýuşeriň testine has ýakyn gelse, bu psihikaňyzyň durnuklylygynyň alamatydyr.
Şeýlelikde, saýlan reňkleriňiziň yzygiderliligi şu 4 reňkden başlanýan bolsa, onda siziň psihiki ýagdaýyňyz durnukly:
Sary reňk.
Şadyýan we açyk göwünli häsiýeti alamatlandyrýar. Bu reňkiň ilki saýlanmagy adamyň häsiýetiniň işjeň we pozitiwdigini aňladýar. Lýuşeriň
testinde bu reňkiň soňky saýlanmagy adamyň köpçülikden üzňe, garasöýmez we ýekemezekdigini görkezýär.
Gök reňk.
Gök reňki birinji we ikinji orunlarda goýan adamlar hemişe durnukly, arkaýyn häsiýetli durmuşlaryndan razy, konserwatiw adamlardyr. Gök reňki inkär etmek, ondan ýüz öwürmek we ony soňky orunlara goýmak bir zady alada edýändigiňiziň we bimazadygyňyzyň alamatydyr.
Gyzyl reňk.
Gyzyl reňki saýlanlaryň dürli derejede agressiw häsiýeti bardyr. Olar özlerinden we özüni gurşaýan adamlardan talapkärdirler. Gaýratly häsiýete eýedirler. Eger gyzyl reňk sanawyňyzda yzky orunlary eýeleýän bolsa, diýmek, adam işjeň däldir we insiatiwasyzdyr.
Ýaşyl reňk.
Ýaşyl reňki saýlan adamlar keçjal, emma özüne ynamly, tutanýerli we erjeldir. Bu reňki inkär etmek passiw, jogapkärsiz häsiýetiňiziň bardygynyň alamatydyr.
Indiki dört reňk psihologiýasy sagdyn adamyň sanawynda soňky orunlary tutmalydyr.
Goňur reňk.
Bu reňki saýlamak göwnüňizde aýdylman galan kinaniň, garşylygyň, nägileligiň bardygynyň alamatydyr. Beýle adamlaryň adatça häsiýeti agyrdyr. Jemgyýetden üzňe häsiýeti bardyr.
Gara reňk.
Depressiýanyň, gorkynyň bardygynyň alamatydyr.
Benewşe reňk.
Geň we özboluşly häsiýetiň alamaty. Bu reňki saýlanlaryň pikirlenişi käbir psihologik üýtgeşmä sezewar bolan.
Çal renk.
Bu reňk birinji hatarda goýlan bolsa, diýmek, adam ähli syry açmaga taýyn däl. Ol açykgöwünli däldir. Beýle adamlar özlerini daş-töwerekdäki adamlar bilen gatnaşykdan üzňe saklaýarlar.
Gülälek Söýeşowa.
32
87
Lilia_
08.03.2024 01:09
Gijä galan gutlag.
Bu gün adaty günlerden üýtgeşik gün. Meniň durmuşumda bu güniň aýratyn ýeri bar. Sebäbi bu gün iň ýakyn hasaplaýan joramyň doglan güni. Kyn günimde ýanymda bolup göwnimi göteren, Elýajan doglan güniň gutlu bolsun aýym. Saňa durmuşda üsdünlik şowluluk, jan saglyk, maşgala abadançylygny dileýän! Durmuşuňam öziň ýaly owadan bolsun! Ýüreginde beslän arzuwlaryňa ýet Elýam!! Giç gutlanym üçin bagyşla.
Bugün; her zaman yanımda olan, destekleyen ve beni benden daha çok düşünen canım kankamın doğum günü! Yeni yaşında sana sağlık, başarı ve sonsuz mutluluklar diliyorum
С днем рождения тебя, дорогая! Желаю тебе здоровья, счастья, успехов и много-много любви! Пусть в жизни тебя окружают только достойные, светлые люди, такие же, как и ты сама! Цвети, сияй, ни в чём не сомневайся и двигайся только вперед!
Happy birthday to my beautiful friend!
Gyzlar-gelinler baýtamyňyz gutly bolsun!!
44
212