GÖZ ÜÇIN PEÝDALY ÖNÜMLER
Okamaga, öwrenmäge mümkinçilik berýän kompýuterler talabalaýyk ulanylmadyk ýagdaýynda gözümize zyýan ýetirip biler. Ýagty saçýan ekranly enjamlaryň ählisi belli aralygy saklamak we wagtly-wagtynda arakesme bermek arkaly ulanylmaly. Eýsem, gözümiziň saglygy üçin başga nämeler edip bileris. Geliň, göz üçin peýdaly iýmitleriň esasylaryny ýatlap geçeliň!
Diňe bir göz däl, eýsem, bedenimiziň ähli synalary üçin hem kadaly iýmitlenmek zerurdyr. Lukmanlar lýutein, zeaksantin, sink we selen ýaly ýokumly maddalara baý bolan iýmitleriň göreji güýçlendirýändigini belleýärler.
Käşir: uly adamlaryň «käşir iý, gözüňe peýdaly» diýmegi ýöne ýerden däldir. Käşire mämişi we sary reňki berýän A witamini we betakaroten gözüň işjeňligini artdyrýar.
Ýaşyl reňkli gök önümler: Ysmanak we dürli gök otlar antioksidantlara baý bolup, göz üçin peýdaly hasaplanýar.
Ýumurtga: ýumurtganyň sarysy lýuteine we zeaksantine örän baý bolýar. Şeýle hem onuň düzüminde gözüň saglygyny goramaga kömek edýän sink mineraly hem bar.
Badam: düzümindäki E witamini gözüň görejiniň peselmeginiň öňüni alýar.
Ýagly balyklar: deňizde we süýji suwlarda ýaşaýan balyklaryň düzüminde gözdäki ýag kislotasy bolup, gözüň guramagy netijesinde ýüze çykýan keselleriň öňüni alýar.
Beýleki iýmitler
Ýokarda agzalan iýmitlerden başgada süýt, gatyk, et, bugdaý, tüwi, noýba, merjimek ýaly däne önümleri, bakja önümleri, miweler hem wagtly wagtynda iýilmeli. Şeýle hem köp suw içmegi ýatdan çykarmaň! Suwsuzlyk saglyga oňaýsyz täsir edip, gözüň guramagyna sebäp bolup biler. Sagdyn bolmak bedenimiziň ähli synalary üçin möhümdir. Muňa iň zerur synamyz bolan göz hem degişli. Ähmiýetli zady aýap saklamak barada gürrüň edilende, «Gözüň göreji deýin goramaly» diýip ýöne ýere aýdylmaýar. Siz hem gözüňizi goramagy unutmaň!
Azat GULOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.