Lilia_
19.01.2024 18:51
HOWA MAGLUMATY GULLUGYNYŇ DÖREÝIŞ TARYHYNDAN

Häzirki zaman jemgyýetinde geljekki döwürde howanyň neneňsi boljakdygy hakynda maglumatlary takyk bilmek her bir ulgamda işleri talabalaýyk guramak üçin zerur şertleriň biridir. Daýhanyň ýere tohum taşlamagy, uçarlaryň howa giňişligine galmagy, gurluşyk işlerine girişilmegi, açyk asmanyň astynda medeni-köpçülikleýin, şol sanda sport çäreleriniň guralmagy we beýleki wajyp çäreleri geçirmek üçin şol pursatlarda howanyň nähili ýagdaýda boljakdygy aýratyn ähmiýete eýedir.
Meteorologiýa atmosferada bolup geçýän hadyslary öwrenýän ylymdyr. Meteorologiýa düşünjesi ilkinji bolup biziň eýýamymyzdan öňki 384-322-nji ýyllarda ýaşap geçen gadymy grek alymy Aristotel ylmy dolanyşyga girizipdir. Alym biziň eýýamymyzdan öňki 340-nji ýylda "Meteorologika" atly kitaby ýazypdyr.
1577-1644-nji ýyllarda ýaşap geçen gollandiýaly alym Wan Gelmonta howanyň temperaturasyny ölçeýän abzaly oýlap tapmak pikirini öňe sürýär. 1597-nji ýylda italýan fizigi Galileo Galileý ilkinji termometri oýlap tapýar. Termometr "therme" - "ýylylyk" we "metron" - "ölçemek" diýen sözlerden emele gelýär. Termometriň oýlanyp tapylmagy meteorologiýa ylmyna uly goşant bolýar. Ilkinji meteorologiýa stansiýasy XVII asyrda Italiýada açylýar. Stansiýalarda howanyň ýagdaýyny ölçemek üçin termometr, çyglylygy ölçemek üçin gigrometr, ýeliň öwüsýän tarapyny we tizligini ölçemek üçin flýuger we anemometr ýaly abzallar goýlupdyr. Ilkinji meteorolok hünäri we käri 1853-nji ýylda döredilipdir.
1950-nji ýylyň 23-nji martynda Bütindünýä meteorologiýa guramasy döredilýär. 1961-nji ýyldan başlap, her ýylyň 23-nji martynda Bütindünýä meteorologiýa güni bellenilip geçilýär. Türkmenistan döwletimiz bu guramanyň agzalygyna 1993-nji ýylda girdi. 1869-nji ýylda häzirki Türkmenbaşy şäherinde ilkinji meteorologiýa stansiýasy açylýar.
Taryhda howa maglumaty ilkinji gezek 1861-nji ýylyň 1-nji awgustda "Thimes" gazetinde Robert Fusray tarapyndan taýýarlanylyp halk köpçüligine ýetirilýär. 1922-nji ýylyň 14-nji noýabrynda howa maglumaty ilkinji gezek radiogepleşik arkaly habar berlip başlanýar.



Arzuw ŞAÝYMOWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport
institutynyň sport źurnalistika hünäriniň talyby.
31
64
Lilia_
19 Yanwar 2024
@medik_, hökman)
medik_
19 Yanwar 2024
@arzuv_shayymova, sizem😊
Lilia_
19 Yanwar 2024
@medik_, bolýa wagt tapdygymdan girýän. Gowy bol mydam)
medik_
19 Yanwar 2024
@arzuv_shayymova, yitman .aktivliginizi yitirman 😊gowy bizem.
Lilia_
19 Yanwar 2024
@medik_, gowy Hudaýa şükür sen nähili? Baryn ýitemokla😊
medik_
19 Yanwar 2024
Gowmi sen bamin gyz😊
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.