Magtymguly, halk ýadyndan aýrylma
IOGAN WOLFGANG GÝOTE
Iogan Wolfgang Gýote meşhur nemes şahyry, kyssaçysy, dramaturgy we filosofydyr. Gýote iri göwrümli şygyr, kyssa, sahna eserleri, şol sanda dünýä meşhur «Faust» eseri bilen birlikde kiçi göwrümli şygyr eserleiniň 1600-den gowragyny miras goýupdyr. Bu şygyrlaryň birnäçesi halk aýdymlary görnüşinde aýdylyp gelnipdir.
Iň bir gysga setirli, az sözli, az bogunly bentlerde beýan edilen şahyryň içki dünýä gözellikleri okyjylaryň teşne kalbyna ýol salýar. Gül ýolmak, onuň gözelliginden, hoşboý ysyndan lezzet almak tebigatyň, baharyň kadasy. Ýöne şahyryň içki dünýäsinde ondan hem zyýat bir kada bar: ol gözelligi aýamak, goramak, ony häzirki abatlygynda, çirksizliginde geljege gowşurmak.
Benewşe
Ýalňyz Benewşe, anha,
Gizlenip görer gözden,
Ösüp otyrdy tenha.
Sonarlyk gök ot dyzdan.
Ýodajykdan ak ýüzli,
Syrdam boýluja özi,
Barýardy aýdym aýdyp,
Şadyýan çopan gyzy.
Çekene bakan gyzy.
«Ah ― oýlandy güljagaz ―
Gyz meni ýolar ýaly.
Iň bolmanda, az salym,
Gözel bolsadym häli.
Bir gysardy gursagna!
As salym, söýgä dolup,
Ah, söýgä göwnün bölüp».
Arman, gyzjagaz güli ―
Saýgarman ötdi duşdan.
Güljagazmyz, görgüli,
Aýrylyp akyl-huşdan,
Diýdi: «Herhal solmadym,
Ýüz görki-syýagyndan.
Basylyban ölmedim,
Oň eziz aýagyndan,
Näzijek aýagyndan».
Çözgüt
Gezdim tokaýy düýp
Jümmüşine çen.
Geň zat taparyn diýp
Edemokdym çen.
Görsem, güljagaz,
Üstünde şaha.
Görki guba gaz,
Gözleri ― baha.
Niýetim ― ýolmakdy,
Dil açdy birden:
«Ardurja solmakmy
Ýeten paýym meň?»
Köwläp köki bilen,
Gunça nahaly.
Öýde ekibilseň
Bolýan mahaly.
Ekdim peýläp, ine,
Baglarmyň teýin.
Güllär ýaz ýene,
Öňküsi deýin.
Terjime eden Arzuw ŞAÝYMOWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
sport žurnalistikasy hünäriniň talyby.