GRIGORIÝ SKOWORODA
Grigoriý Skowowroda beýik ukrain ýazyjysy, filosofy, şahyry we pedagogydyr. Ol liturgiki sazlaryň hem awtorydyr.
Grigoriý Skoworoda 1722-nji ýylyň 22-nji noýabrynda Kiýew guberniýasynyň Çernuha diýen ýerinde dünýä inipdir. Çagalygyndan ylmy gözleglere ymtylypdyr. Ýakymly sesiniň bardygy üçin ony Metjit (Serkow) horunda aýdymçy bolup gulluk etmäge çagyrypdyrlar. Geljekki beýik şahyr, ýazyjy, filosof başlangyç bilimi hem prawoslaw metjidiniň gullugynyň garamagynda özleşdiripdir. Başlangyç buthana mekdebine hem gatnapdyr.
Grigoriý Skoworoda Kiýew akademiýasynyň taýýarlyk synpynda, soňra 1738-nji ýylda Kiýew-Mogilýan akademiýasynda okapdyr. Üç ýyldan ol Sankt-Peterburga baryp, ol ýerde köşk aýdymçysy bolup işe durupdyr.
1744-nji ýyla çenli Sankt-Peterburgda gulluk edensoň, Grigoriý Skoworoda şa zenan Ýelizawetanyň switasy bilen Kiýewe dolanyp gelipdir. Ol dogduk mekanyna dolanyp gelenden soň hem akademiýadaky okuwyny dowam edipdir. Akademiýanyň horunda aýdymçy bolup çykyş edipdir.
Grigoriý Skoworoda döredijilik işine saz eserlerini ýazmakdan başlapdyr. 1750-nji ýylda hökümet missiýasynyň düzüminde Ýewropa ýurtlaryna aýlanyp görüpdir. Polşa, Awstriýa, Wengriýa, Italiýa ýaly ýurtlary paý-pyýada diýen ýaly syýahat edip görüpdir.
Ýurduna gaýdyp gelensoň, dini seminariýanyň ýanyndaky Pereýaslaw kollegiumynda işläpdir. Bu ýerde ol ýaşlary okatmak bilen bir hatarda ilkinji edebi eserlerini ýazypdyr, öýlere baryp okadýan mugallym bolup hem işläpdir.
Grigoriý Skoworodanyň öz döwürdeşleriniň arasynda meşhur bolan eserlerinden «Harkow basnýalary» diýen kyssa bilen ýazan eserini görkezmek bolar. Ýazyjynyň edebi mirasynda latyn we gadymy grek eserlerinden edilen terjimeler hem bardyr. Ýazyjynyň döredijilik mirasyndan iň esasy eseri hökmünde «Ylahy aýdymlaryň bagy» atly eseri görkezmek bolar. Bu eser 1757 — 1785-nji ýyllar aralygynda ýazylypdyr.
Grigoriý Skowowrodanyň eserleri ençeme nesiller üçin pähim-paýhas çeşmesi bolup hyzmat edip gelýär. Ýazyjynyň kitaplary häzirki döwürde hem dürli dillerde ýygy neşir edilýär. Olardan «Köňül dünýäsi hakynda dostlukly söhbet», «Jahankeşde filosofyň maslahatlary. Ýazgylaryň doly ýygyndysy», «Hüwdüli aforizmler» ýaly kitaplary aýratyn meşhurlyga eýedir.
Ösen aň-düşünjeli, hemişe gözleglere ymtylýan adam bomagy Grigoriý Skoworodanyň bir kärde uzak eglenmegine ýol bermändir. Ol hemişe öz-özüni kämilleşdirmegiň, bilimini artdyrmagyň, gözýetimini giňeltmegiň ugrunda bolmak bilen, tiz-tizden ýaşaýan ýerini hem kärini hem üýtgedip durupdyr. Ahyrda Moskwa gelip, Troissa-Sergiýewo Lawrda ýaşapdyr. Lawr kitaphanasyndan peýdalanyp, ýene-de öz-özüni kämilleşdirmek bilen meşgullanypdyr.
1794-nji ýylda Grigoriý Skoworoda eserleriniň golýazmasyny ynamdar şägirdi Mihail Kowalenskä gowşurmak üçin Orýol guberniýasyna gelýär. Golýazmalaryny gowşuryp, Kiýewe dolanyp gelýärkä, Harkow guberniýasynyň Iwanowka obasynda dünýäden ötýär.
Grigoriý Skoworoda öz mazarynda: «Dünýä meni gola saldy, ýöne tutup bilmedi» diýen ýazgyny goýmagy sargyt edipdir.
Ýazyjynyň goýup giden ajaýyp mirasyna öz dogduk Watanyndan uzaklarda hem belent hormat goýulýar. Ýazyjynyň ady Ukrainada köp sanly okuw mekdeplerine dakyldy. 1987-nji ýylda açylan kiçi planeta beýik ýazyjynyň we filosofyň ady dakyldy.
Arzuw ŞAÝYMOWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
sport žurnalistikasy hünäriniň talyby.