Kenno_Tabi
11.11.2023 15:05

"Min Sini Yaratam"


Nakarat:

Min sini yaratam, bul hakikat,

Ýüregimdin tüpinde jazylgan kytap.


Kıta 1:

Min sini körem, yıldızlar astında,

Üz idarem, yörägemnän çıqan sazda.

Köy yaktı, yäşel başkort mekenendä,

Här säğät, här könem, sini kötep.


Nakarat:

Min sini yaratam, bul hakikat,

Ýüregimdin tüpinde jazylgan kytap.


Kıta 2:

Yöräk söyüe, başkortca sözlär belän,

Sini tabam, tüñlärdä, köydä, ällä qayda.

Ural tauları şahit bulsın,

Minem mäñgilek mähäbbät yırlarıma.


Nakarat:

Min sini yaratam, bul hakikat,

Ýüregimdin tüpinde jazylgan kytap.


awtory näwelli

36
287
Kenno_Tabi
10.11.2023 18:20

# Dünýäň awtonastroýkalary


Dünýäň awtonastroýkalary: Meň göwnüme mydama erbet gyzlar ýaraýar, (sterwa diýilýänler) gözi gaşy gaharjaňdygyny aýdyp duran, mähirli gyzlar näme üçindir gözüme ilenok. Sebäbi mende bilim kän, köp kitap okaýan, bilim diýen zat bolsa puldan gymmat, puly adamyň elinden alyp bolýar, bilimi alyp bolanok, bilimi ol dünýäde hem. ulanyp bolar. Onsoň men öz bilimime buýsanmaz ýaly, maňa ýaramaz gyz gerek, meni mydama başga tarapdan kemsider ýaly, şeýle gyzlar şol sebäpden meň göwnüme hem ýaraýar.


Erkek Hudaýa nähili garaýan bolsa, oňa öz aýaly hem edil şolar ýaly garaýar diýýär. Eger erkek Hudaýdan gorkmasa, onda erkekden oň aýalam gorkanok


***


Ýene dünýäň awtonastroýkalary: Kakaň içgi dünýäsi, oň çagalarynyň daşky dünýäsi. Adamyň içinde näme bardygyny biljek bolsaň, oň çagalarynyň özini alyp barşyna seredäýmeli. Garaz içiňde näme bolsa, daşyňda hem şol.


Erkek aýaldan beýik, kaka oguldan beýik, eje gyzdan beýik. Men kakamy köp ýazgardym çaga wagtym, görüp otursam şeýle etseň dişleriň çüýreýän eken...garaz özüňden ulyny ýazgarmak bolanok, sebäbi dünýe irarhiýa boýunça gurulan, adam, perişdeler, Hudaý.


***


"Bloklama mehanizmlary" bar diýýä Hudaýda. Esasy maksat, adamyň aňynda ters pikirleri uzak saklamaly däl. Sebäbi aňda uzak eglenen pikir adamyň ýüregne (zandyna) öwrülýär. Adam zandy bolsa irde giçde Allahyň öňünde dikelip (başyny sallap) durmaly. Şol sebäpden aňdan, (kelleden) ýaramaz pikirleri itip aýyrmak üçin ähli bela beterler adamyň başyndan ugradylýar. Bu hem Sergeý Lazerewiň sapaklaryndan, ýöne azajyk dine adaptasyýa edilen...


Adam "üstünlikli ykbaly" durmuşunyň maksady edinse, oň başyna neşekeşlik inýär. Bu Sergeý Lazerýew diýilýän adamyň sapaklaryndan. Neşekeşligiň döwri adamlaryň pikirleri tersdi, SSSR ýaňy ýykylypdy, ýollar açylypdy, söwdä başlapdy, adamlar daşary ýurtlara gatnap başlapdylar, durmuşdaky esasy maksat baýamak, emläk ýygnamak bolupdy, öň ýok mümkinçilikler açylypdy. Adamlaryň kellesinden ters pikirleri aýyrmak üçin, iň gowy ýol adamlara betbagytçylyk ugratmak we kesel ugratmak. Başyňdan inýän islendik problemma, ters tarapa barýan adamy, dogry ýola ugrukdurmak üçin ugradylýar. Meň pikirimçe şol döwüriň neşekeşligi kesel däldide, dermandy, ýöne ajy dermandy. Tutuş halk ters ýola düşdi. Baýamaly, maşyn almaly jaý almaly, öz goňşyňdan galmaly däl, inomarka, wideomagnitafon, snikers, kola, sifrawoý týuner we ýenegör, ruhy dünýä bilen maddy baýlyk bile ösmese, hiç haçan gowlyga eltenok, Hudaý tarapyn balans döredilýär. Elbetde aýdan zatlatymyň barsy Sergeý Lazerewyň sapaklary we men şol sapaklara ynanýan.


Adalatsyz hiç zat ýok, ýöne biz tutuş kartinany görüp bilemzok...


***


Arzuw etmek gowy zatdyr öýdýädim hemişe. Arzuw etmegi bizde hemişe daşky gurşaw hem gollap durýar. Kinolarda, edebiýatda, multfilimlerde, garaz arzuw etmegi bize hiç kim gadagan edenok, gaýtam oň tersine, diňe maslahat berýärler. Hakykatda welin arzuw diýen zat adam üçin zyýanly, boş arzuwlary şeýtan etdirýär diýýär Kuranyň Baş redaktory. Gowja pikirlenseň Baş redaktor bilen ylalaşsa bolýar. Her bir adam öz öňünde beýik maksatlary goýýar, makalaň awtornyň aýdyşy ýaly hasap geçýär, netije çykarýar. Ýöne ykballary biz ýazamzok, biz derýa gaçan bir bölek çöp ýaly, diňe akymyň ugry bilen ýüzüp bilýäs. Eger hakyka ýagdaý biziň arzuwlarymyz bilen gabat gelmese, bizde tutuş älem-jahana ýigrenç döreýär.


***


Awtor Hel Elrod. "Ertiriň gudraty. Ertiriň birinji sagady nädip siziň üstinligiňizi kesgitleýär?"


Şu kitabyň awtory 400 müň dollar bergä batýar we öýünden çykatyljak bolup dur, işden hem galýar. Näme etjegini bilenok we ýakyn dostynyň ýanynda zeýrenýär. Dostam oňa ir turum ylgamana çykmagy maslahat berýär, başda awtor geň galýar, nädip ir turmak meň promalarymy çözer diýip, soň barybir ir turup görýär. Iň soňynda şol adam ir turmak barafa kitap ýazýar, dünýä belli bolýar. Ýokarda agzan kitabym iň köp satylýan kitaplaryň biri, ençeme dilllere geçirlen. Awtoryň özi hem ähli kişä ir turmagy maslahat berip gezýär....


***


Ençeme ýyllap, her tomus paslynda men bergä batýadym. Sentýabr aýyna çykynçam bir giden bergili, näme üçin beýle bolýanyny bilemokdym. Aýalym köp baňka ýapýandyr öýüdýärdim, ýa-da çagalary okuwa ýygnamak üçin köp pul gidýändir öýdýärdim. Emma problemma onda däl eken, prosta yomusda gün dogmaka turup bolanok, günden öň turmasaň welin, pulyň bolanok.


Azajyk düzediş: Ir tursaň ähli dilegleriň gowy kabul bolýar, näme dileseň hem. Meň bergim kän, şol sebäpden maňa pul gerek, ir turýan, pul problemma ýok. Eger diňe aýlyga kanagat edip ýören adam ir tursa, başga dilegleri kabul bolar. Kim näme gözleýän bolsa, şoňa barýan ýol gowy ýeňilleşýär. Meň girdeýjim 2 esse artdy...keýpiň gowy, öýde problemalar azaldy...adamlar bilen gatnaşygyň sazlanan ýaly...


© Rahman Zulfikärow

34
147
Kenno_Tabi
09.11.2023 09:39

# ZÄHERLI TÄÇ


SeVen Worlds Universe

(Ýedi Dünýä Älemi)


\"Dördünji dünýädäki\" iň gülkünç adamyň aňrybaş çynlakaý gürrüňlerini okamaly boljakdygyňyzy öňünden duýdurmak bilen başlamalyma başlamak isleýän...


Men dokuzunjy okeanyň kapitany, şeýle-de, Diýar-u-Hyýalyň mirasdüşer şazadasy Täleýýalan Hyýaly III. Ýene, takmynan, ýetmiş iki sagatdan tagta oturmaly şa diýsemem ýalňyşdygym bolmaz. Edil şol wagt geçenden soň pederimem öler. Nobat maňa geler. Biziň kadamyzda şa tagta oturan pursady onuň gözlerine eredilen sap altyn, gulaklaryna gurşun guýulýar, tä şalyk möwrüti tamamlanýança açlyk duýgusyndan mahrum bolmagy üçin ýörite suwuklyk içirilýär, hepdelik ukusy 35 sagatdan artyk bolsa 2 günlik suwsuzlyk jezasy berilýär, dişleri sogrulyp, çep aýagynyň köwşüne demirtiken, sag aýagynyň köwşüne-de pamyk goýulýar, täç geýdirilmezinden öňem kellesiniň üstünden toprak sowrulyp soň täç geýdirilýär. Bilýän ýene ýetmiş iki sagatdan menem şeýle ýagdaýa düşürülmeli. Biziň dünýämizdäkilere, has dogrusy, dokuzunjy okeanyň adasy Diýar-u-Hyýalyň damarlarynda şa nesliniň gany aýlanýan ýaşaýjylaryna öz geljegini bilmek ukyby berilýär. Şol bir wagtda olar islese başgalaryň geljegini hem bilip bilýärler. Şa bolmazymdan öň maňa kiçiräjik günä ýöňkelerde meni şa etmek islemezler. Kän bir uly günä bolmadygy üçin baş kazy meniň günämi öter. Howwa-da kiçiräjik günä üçinem bir mirasdüşeri şa etmezlik bolarmy?! O nähili kiçiräjik günä diýýäňmi? Men şu wagt zäher taýynlap durun. Pederim üçin! Oňa bu zäheri bir jenanyň lebleri arkaly bererin. Zäher pederimiň deri öýjüklerine ornaşandan soň ony, tiz wagtda, 3 minutda garradar. Soňam içki beden agzalaryny çüýredip ölümiň sowuk deminden oňa birki gezek sordurar. Ana bolany. Arkaýyn bol meň pederime dönüklik etjegimi oň özem bilýär. Men ýaňy aýtdyma bize öz geljegiňi bilmek ukuby berilýär...



***



Ýaşaýyş bilen ölüminiň arasyny ölçemek üçin ýasalan gurallar arkaly biz täze doglan çaganyň adamyz üçin peýdaly ýa-da binep boljakdygny öňünden anyklaýarys. 1 sagat ozal täze doglan çagalaryň 48 sanysyny \"Ýazgytsyzlar\" adasyna iberdik. Olary enelikleri terbiýelärler. Bu ada bizden 16 uhu (uly hyýaly uzaklyk) daşlykda ýerleşýär. Indi soňky iki asyr bäri bizde \"Ýazgytsyzlar\" köp dogulýarlar. Gynanamok. Olaryň ýazgydyny öz islegmize görä ýazmak ullakan bir mesele däl...



***



Biziň şalygymyz adalardan ybarat. Döredilen gününden bäri diňe biziň şalyk neslimiz dolandyryp gelýär. Jemi kyrk müň ada şalygmyza degişli. Olaryň otuz alty müň alty ýüz segsen dört sanysy meýletin goşulan salgyt töleýänler. Galanlary bolsa esgerlerimiziň ýerleşýän adalary, \"ýörütelenen\" adalar, halkymyzyň her bir bähbitleri üçin ulanylýan adalar... men sanap oturmana ýaltanýan sizem belkem sanaşmana...



***



Bu gün men şa boldum. Pederimi \"eredip\" durkalar maňa täç geýdirdiler. Gynanamok. Bolmalysy şeýledi. Şeýle-de boldy...



***



Maňa gyssagly kömek gerek! Okaýanlygyňyzy bilýärin...



© Şyhnazar DURDYÝEW

44
258
Kenno_Tabi
07.11.2023 12:00

—Men örän gorkýan.

—Näme üçin? Ýa-da nämeden gorkýaň?

—Meň kellämdäki bu bolgusyz pikir öňdenem bardy. Ýöne şumat hasam köreýär. Ine, seret, ullakan... ýok... ullakan däl, has uly, çäksiz, soňuna ýetme ýok kosmos. Garaňkylyk. Tüm garaňkylyk. Biziň bilýän we bilmeýän älemlerimizden ybarat soňsuzlyga ýaýran garaňkylyk... Gözüňde janlandymy?!

—Hawa. Onsaň?!

—Şol garaňkylygyň bir ýerlerinde-de biziň ýyldyzymyz otyr. Ýa-da dur. Ýa-da bilemok, mümkin, aýlanýandyram. "Olaň" diýişleri ýaly...

—Olar?

—Ilkinji bolub-a geografiýa mugallymym, soň astronomiýa kitaby, soňam "hassa"...

—Seň bu diýeniňi NASA eşitse kimiň hassadygyny bilerdik weli...

—Sözümi bölmesene! Birdenem şolaňky dogry bolsa... bu akyla sygjak zat däl. Ýekeje äpet meteorit "biziňkä" sowulasy gelip, niýetini gara tutup, bir garaňky gijede depämizden inäýse... ine, men şundan gaty gorkýan.

—Edil şeýle bolmazlygy üçin şol "hassalar" bar-da.

—Bary ýalan. Olar bizi aldaýalar.

—Aý, dälilik aňsat däl-ä. Ýöne sen oňaraňok. Teoriýalar, kanunlar, kosmos... biderek kelle agyrtýaň. Ýa belkem maňa-da öwredersiň. Meňem däli bolasym gelýär.

—Men däli däl! Indi iň soňky sapar duýdurýan ýene-de maňa däli diýseň seň bilen gürleşmen!

—Boýun almaklygam aňsat däl.

—Bar gitsene meni ýeke goý!

—Islesemem gidip bilemok. Ýogsam menem seň samramalaňdan ýadadym.

—Köpüsini tassyklaýaňa samrama bolsa-da.

—Hawa...

—Ýeri bolýa. Sagat on bolupdyr.

—Gidelimi?

—Howa sowuk. Bu gün bolmaz.

—Men‐ä üşemeýän, biz pasyllara boýun egemizok ahryn, ha-ha.

—Onsaňam Aýam görnenok daş-töwerek garaňkylyk.

—Bize Aýyň geregi ýok. Bize özi garaňkylyk gerek-dä. Hemem nauşnik we aýdym. Onuň näçe prosenti bar?

—Elli bäş prosent.

—Arkaýyn ýeter. Bas maestro...

—Diňlenmän ýatanlaram bar. Isleseň şolardan goýbereýin.

—Täze çykýanlardan köneler ýagşyrak. Öň diňledikmi?

—Hawa, ýöne köp wagtdan bäri diňlenenok eken. Iň soňky gezek maýyň 30-y güni diňläpdiris.

—8 aý 12 gün mundan ozal.

—Hawa.

—Onda bolýa goýber...

—... "Adalatyň ýok dünýe aýt näme üçin? Ylgaýalar bir döwüm çörek üçin. Ganaýar içim, aýt, kim üçin? A men bolsa üýtgejek bolýaryn seň üçin..."

—Sen goşulmasana, aýdymy bulaýaň.

—Men repçi bolup bilerdim, ýöne...

—Ýöne seni diňlemezdiler, ha-ha.

—Gapylsan-aý!

—Başga aýdyma geçirsene. Bu biziň hyýalymyzy bölýär.

—Häzir. A... ýok. Bulam-a öte gygyryp aýdýar. Kimkän-eý, şuny taşlap giden zalym gyz? Iň gowsy seni "delete" edeýin... Ynha. Şu bolarmy?

–Ähä... boljak ýaly özi-hä... ähä... boldy şuny üýtgetme indi.

—Bolýa. Başlalymy gezelenjimize?

—Bu gün nirä gidýäs?

—Ilki dükanly ýoldan soňam uly ýoldan gönüläp, Gözeliň iş ýerindäki gijäni ýagtyldýan yşyklary ýanyp duran binaň ýanynda dostuma garaşarys, ondan almaly zadymyzy alarys. Soň bolsa Serwinäzi görmäne gideris. Göresim geldi...

—Isleýşiň ýaly ederis. Taýynmyň? Ýöräli onda.

–A birden ejem rugsat bermese näme, gijara daşara çykmagyma?

–Onda biz bu gün üýtgeşik çykalga taparys

–Nähili çykalga?

–Ýör, gideli. Äpişgeden.Uçarys...


***


–Wah, içim ýanýar dogan, içim! Şoň bolup oturşuny görsem içim ot alyberýär. Gel-gel, indi şu betbagtçylyk meň ýalňyz çagama dogry geläýmelimikä?!

–Sabyr et doganjan geçer gider bu günlerem. Hol gün özüň jaň edip buşladyňa, barlagdan geçirende "Aýaklaryna "jan gelipdir", tiz wagtda ýörär" diýipdirä lukman.

–Ýöremesin-ä ýöräp gider bi. Ýöne... indi sähel ünsden çykarsaň daşara çykjak bolýar. Özem şu giçlik ara.

–Onda öňkisindenem beterleşäýipdir çagajyk. Ýüregiňe howp salmak niýetimä ýok, doganjan. Ýöne bir wagt meňem baldyzymyň gaýynlary taraplarynda bir Ýazguly ýaljak bir oglanjyk bardy. Olam şu giçlik ara daşa çykarylmansoň äpişgeden çykyp gidýädi. Sizem-ä 5-nji gatda otursyňyz. Ägä boluň.

–Hudaý saklawersin, daş etsin. Toba estagpyralla.

–Hawa, garaz men duýduraýyn diýdim doganjan. Wah, bu çagajyk sag wagtam öýde oturýan däldi indi-hä hasam dar tamyň diwarlary üstünden basýandyr. Aýlanjak, göwnün açjak-da olam ýene-de.

–Wah, şuň giçlik daşara çykýan endigi diýip bolmadymy ozalam. Şol günem näçe diýdim men "Gitme giçlik ara, çykma öýden, otur... otur" diýip. Diňlemän gitdi. Özünüňem bir belalaryň üstünden barjagy bellidi. Şo gün, güni bilen özünden-özi gülüberdimi, özünden-özi telefonynda aýdym gygyrdyp tans oýnadymy.

–Wah, çaga. Nämä begendikä beýdip?

–"Serwinäz meň bilen ýaraşdy, eje. Ol diňe meňki bolar indi, meňki. Aramyzda hiç haçanam göwne degişlik bolmaz gaýdybam" diýdi. Şoň bilen ýaraşanyna begenip gezdi öýdýän.

–Wiý-ý, adyny tutaňsoň ýadyma düşdi. Habaryň bardyram belki. Ol gyzam çykarypdyrlar eşitdiňmi?

–Hawa, habarym bar...

...


–EJ-E-E-E!!!

–Waý-eý, Allajanlarym-m... Göze-e-el näme boldy gyz?!

–Ýet-t-t, eje! Waý-ý dogan-n.

–Hä-ä, Ýazguly ýene başladymy? Gorkma doganyňdyr-da, gyzym. Öwrenşibermekden başga çärämiz barmy biziň. Näme etmelsini gowy bilýäňä kömek et doganyňa.

–EJ-E-E-E!!! Gel-l. Ýazguly... ýatyr ýerde... Gymyldanok. Gan-n...

–Senem şu her gün bir zat diýýäň ganyň näme indi gyzym. O nämäň gany? Hany Ýazguly jan nirde? Äpişgäň ýanynda näme işläp dursyň, açyp durma ýap ahyryn... Aglap bolup durşuny muň... Hä, näme bar gyz aşakda, haýsy oglana seredýäň, saçyň kesmesem seň häzir...

–Ýazguly bar-r... eje-e ýerde, aşakda Ýazguly-y, zyňypdyr özüni. Doganym-m...

–W-A-A-Ý, BAL-A-AM-M-M...


2022 ý.

© Şyhnazar DURDYÝEW

36
189
Kenno_Tabi
06.11.2023 20:59

KABUL EÝLE!




Eý, meniň söýgüli hanym,


Diňle meniň arzy-halym!


Indi meniň ýok takatym,


Meniň sözüm kabul eýle!



Eger-de sen bolsaň ýarym,


Saňa gurban bolsun janym.


Sensiň meniň bar hyýalym,


Meniň duýgym kabul eýle!



Senden başlar söýgi ýolum,


Seniň bilen ötgeý ömrüm.


Urup durka bu ýüregim,


Meniň söýgüm kabul eýle!



Baýramgylyç diýr bar imanym,


Budur meniň hal-ahwalym.


Şol gyza ýetir ýa Allahym,


Meň dilegim kabul eýle!



© Baýramgylyç SAPARGYLYJOW.

38
423
Kenno_Tabi
05.11.2023 19:54

Sowuk ýarag diýersiň...


Ýöne ol onuň sowukluguny duýmady. Duýdansyz urgy köz basylan ýaly duýuldy. Sesiniň ýetdiginden gygyrjakdy. Käşge... Başarmady. Saňňyrdaýan eller üç sapar \"hylkyldatdy-da\" emaý bilen oturtdy. Soňam garasyny garaňkylyga gizläp ýoluna siňdi.


Beýle sahnalary kinolarda juda kän görüpdi. Häzir bolsa şol sahnalardaky \"üşäp\" ölýän gahryman onuň özi bolmaly ýaly duýuldy. Ol şol gahrymanlara \"öýkündi\". Ýarasyny goýan elini synlady. Suwuklyk. \"Ganyň reňkindäki suwuklyk\". Içinden şeýle diýip oýlady. Eger gan diýip oýlamasa hemme zat gowy bolaýjak ýalydy. Ýerinden turjak boldy. Baý-buuw, agyraýşyny muň. Hiç zadyň çeni-çaky däl. Kinodaky ýaly däl. Aýagyna galyp ýöräp gidibermedi. Ýere emaý bilen oturdyp giden ýaňky garaňkylyk muň böwrüni deşip içine ýylan salyp gidäýen bolmaly. Gozganjak bolsa \"çakyp\" dur. Oturdylan ýerinden gymyldaman otursa-da şol ýylan içinde müňňüldäp ýören ýaly. Ýuwaşjadan ýara jaýyndan syrygyp gaýdýa-da gyzgynjak bolup elinde duýulýa. Ol, ýylanyň oturan ýerindäki topragyň üstüne süýnüp, ýodajyk ýasap özünden kem-kem uzaklaşýandygyny ýaňy aňşyrdy. Onuň ýerde düýrlenen bedenine-de indi gözi düşdi. Şoň bilenem görejiniň ýagtylygy duýuşy peselip barýanyny öwrendi. Asmana seretdi. Ýaplanyp oturan arçasy ondan Aýy gizleýärdi. Boljagynyň bolup barýanyny aňdy. Kaýyl bolmalymy ýa-da bir umyt...


Uklady...


Gözüni açdy.


Ýagtylyk...


Olaryň hemmesi ak eşikdediler...



© Şyhnazar DURDYÝEW

40
224
Kenno_Tabi
01.11.2023 11:39

Gije örän asuda, ýakymsyz sessizlik höküm sürýär. Men bolsa talyplar umumy ýaşaýyş jaýymyzyň 4-nji gatyndaky otagymda ýalňyz gözüm açyk halda oýa ýatyrdym. Penjirä seretdim, bir adam maňa seredýär. 4-nji gat, bu mümkin däl. Telefonuma seretdim, sagat 3:00. Penjirä gaýta seretdim, hiç kim ýok men bolsa gaty gorkýaryn. Birden telefonuma jaň geldi. Ekranda: "Ejemjanym ❤❤" ýazgysy bar. Emma hiç wagt meniň telefonumuň kontaktynda ejem ýokdy. Sebäbi ejem pahyryň telefony we belgisi bolmandy. Ol iki ýyl ozal aradan çykypdy. Gorka gorka jaňy aldym. Ejemiň dem alyşyny duýýaryn. Ol: "Oguljugym, iki ýyl geçdi. Näme üçin maňa jaň edip, hiç hal ahwalymy soraňok?" diýdi. Men doňup galdym. Ejem dirikä ondan hiç hal ahwal soramandym, aradan çykansoňam ýeke gezek ýatlap gabryny zyýarat etmäge barmandym. Ejem bu sözleri gaýtalamasyny dowam edýärdi. Doňup galşyma telefonym elimden gaçdy. Telefony ýerden almaga mejalym ýok. Birden "waý kömek ediň" diýen gykylyk sesini duýdum. Täsin ýeri bu meniň öz sesim. Otagymdan çykdym. Sesim umumy ýaşaýyş jaýyndaky el ýuwulýan otagdan gelýärdi. Ol otaga girdim. Ol ýerde başga bir men bardy. Başga bir meni gap gara eşikde ýüzi gara nikaply bir adam iki eli bilen bogýardy. Edil şol wagt arkamdan ejemiň şol sesini ýene eşitdim. "Oguljugym, iki ýyl geçdi. Näme üçin maňa jaň edip, hiç hal ahwalymy soraňok?"


© Baýramgylyç SAPARGYLYJOW

01.11.2023

4:00

Ufa.

34
333
Kenno_Tabi
16.09.2023 13:17

https://turkmenportal.com/tm/blog/67065

Türkmenportalyň habar bermegine görä Meksikadan başga planetalylaryň galyndylary tanyşdyrypdyr...


Aslynda bolsa ol meň taýýarlan tortum. Men ýörite başga planetalylara meňzedip gowedip tort etdim. Onam meksikanlara satdym...

30
428
Kenno_Tabi
15.09.2023 20:30

Zibil adalary: Okeanlaryň syrly ülkesi


Dünýä ummanlary tebigy gözelligi we baý biodürlüligi bilen tanalsa-da, soňky ýyllarda ýene bir hadysa ýüze çykdy: Zibil adalary. Bu adalar deňizlerde we ummanlarda toplanan plastik galyndylaryň ägirt uly toplumydyr. Emma bu adalaryň diňe bir daşky gurşawa howp salmaýandygyny, olaryň resmi ýurt bolmak mümkinçiliginiň bardygyny bilýärdiňizmi?


Demirgazyk Ýuwaş ummanyndaky Fransiýanyň territoriýasynyň meýadanyny geçýän bu ägirt uly hapa üýşmegi, Plastic Oceans Foundation (Plastik Okeanlar Gaznasy) we LadBible ýaly guramalaryň ünsüni özüne çekdi.  Bu guramalar, Zibil adalarynyň ýurt hökmünde ykrar edilmegi üçin herekete geçdiler. Ýöne näme üçin?


Ýurt bolmak bilen baglanyşykly kanuny jogapkärçilikler bilen beýleki ýurtlaryň bu adalaryň ekosistemasyny goramak we arassalamak meselesini öz üstüne almagy maksat edinilýär.  Mundan başga-da, bu "ýurduň" baýdagy, pasporty we hatda "Debris" atly pul birligi taýýarlandy. ABŞ-nyň öňki prezident kömekçisi Al Gor ýaly tanymal şahsyýetler Zibil adalarynyň hormatly raýatlary bolmaga razy boldular. Başgada birtopar ekoaktiwistler bu döwletiň raýaty bolmak üçin passport talap edýär.


Okeanda Fransiýanyň ululygyndaky zibil üýşmeginiň bardygyny ýatlada LadBible, bu taslamanyň ähmiýetine "samsyklyk" hökmünde garaýanlara bu hakykata täzeden garamagy maslahat berýär.


Bu hereket diňebir ýurt bolmak islegi bilen çäklenmeýär. Esasy maksat, ummanlaryň plastik hapalanmagyna ünsi çekmek we bu meseläni dünýä derejesinde çözmek. Bu ugurda ädimler ädilmese, ummanlardaky plastmassanyň agramynyň 2050-nji ýylda balyklaryň agramyndan ýokary bolmagyna garaşylýar.


Netijede, Zibil adalary daşky gurşaw meselesini we halkara mümkinçiligini görkezýär.  Bu adalaryň bir ýurda öwrülmegi, dünýädäki barha ösýän meselä ünsi çekmek üçin özboluşly strategiýadyr.  Belki, ýakyn geljekde ummanlaryň bu syrly "ýurdy" sebäpli plastik hapalanmagyna garşy göreşde täze sahypa açylar.


Çeşme:


https://www.cnnturk.com/yasam/bmye-dunya-uzerinde-196-ulke-olmak-icin-basvurdular


https://makalam.com/zibil-adalary-okeanlaryn-syrly-ulkesi-589/

30
117
Kenno_Tabi
14.09.2023 21:06

Andorra — Fransiýa bilen Ispaniýanyň arasynda Pireneý daglarynda ýerleşýän bir kiçijik Ýewropa döwleti. 468 kwadrat kilometre golaý meýdany bolan bu ýurduň ilaty 77 müňe golaýdyr. Administratiw taýdan ýedi parihe (şäherçe) bilen dolandyrylan Andorranyň paýtagty Andorra la Wella bolup, ol ýurduň iň uly şäheri hasaplanýar. Bu kiçijik daglyk döwleti dolandyrmakda aýgytly orny eýeleýän Fransiýanyň Prezidentiniň ornunyň bolmagy, bu ýagdaý Andorranyň taryhy-syýasy gurluşyny içinde şekillendirilen ýagdaýdyr.


Andorranyň taryhy IX-XI asyrlara degişlidir. Kataloniýalylar, aragoniýalylar tarapyndan dolandyrylandan bu ülke ýyllar boýy dürli döwletleriň täsirine düşüpdir. 1278-nji ýylda Foix Kont bilen Urgell Başruhanysynyň arasynda baglaşylan "Pareage şertnamasy" Andorranyň administrasiýasyny iki tarapyň arasynda bölýär. Bu bolsa Andorranyň bu günki özboluşly we täsin "diarhik" döwlet dolandyryş formasynyň esasyny goýdy.


Fransiýanyň Prezidentiniň Andorranyň üstünden täsiri ýurduň daşary syýasatynda we goranyş işlerinde aýgytly rol oýnasa-da, aslynda bu simwolikidir. Andorra 1993-nji ýylda öz konstitusiýasyny kabul edende, ol doly demokratik ýurt boldy we saýlawlar arkaly öz hökümetini saýlap başlady. Emma Fransiýa prezidenti we Urgell Başruhanysyň käbir meseleler boýunça häzire çenli weto ygtyýarlyklary bar.


Urgell Başruhanysy Žoan Enrik Wiwes i Sisiliýa Andorrany Fransiýa Prezidenti bilen bilelikde Andorrany dolandyrýar


Netijede, Fransiýanyň Prezidentiniň Andorradaky ähmiýeti taryhy we syýasy prosesleriň netijesinde ýüze çykdy. Bu bolsa Andorranyň özboluşly döwlet dolandyryş formasynyň bir bölegini emele getirýär we Fransiýa hem-de Ispaniýa bu kiçijik daglyk ýurt babatda belli bir derejede täsirini saklamaga mümkinçilik berýär.


Çeşmeler:


CIA World Factbook - Andorra (https://www.cia.gov/the-world-factbook/countries/andorra/)


"Andorra: The Land of the Pyrenees" - Michael Keane


©Baýramgylyç Sapargylyjow

26
150