Kenno_Tabi
07.11.2023 12:00

—Men örän gorkýan.

—Näme üçin? Ýa-da nämeden gorkýaň?

—Meň kellämdäki bu bolgusyz pikir öňdenem bardy. Ýöne şumat hasam köreýär. Ine, seret, ullakan... ýok... ullakan däl, has uly, çäksiz, soňuna ýetme ýok kosmos. Garaňkylyk. Tüm garaňkylyk. Biziň bilýän we bilmeýän älemlerimizden ybarat soňsuzlyga ýaýran garaňkylyk... Gözüňde janlandymy?!

—Hawa. Onsaň?!

—Şol garaňkylygyň bir ýerlerinde-de biziň ýyldyzymyz otyr. Ýa-da dur. Ýa-da bilemok, mümkin, aýlanýandyram. "Olaň" diýişleri ýaly...

—Olar?

—Ilkinji bolub-a geografiýa mugallymym, soň astronomiýa kitaby, soňam "hassa"...

—Seň bu diýeniňi NASA eşitse kimiň hassadygyny bilerdik weli...

—Sözümi bölmesene! Birdenem şolaňky dogry bolsa... bu akyla sygjak zat däl. Ýekeje äpet meteorit "biziňkä" sowulasy gelip, niýetini gara tutup, bir garaňky gijede depämizden inäýse... ine, men şundan gaty gorkýan.

—Edil şeýle bolmazlygy üçin şol "hassalar" bar-da.

—Bary ýalan. Olar bizi aldaýalar.

—Aý, dälilik aňsat däl-ä. Ýöne sen oňaraňok. Teoriýalar, kanunlar, kosmos... biderek kelle agyrtýaň. Ýa belkem maňa-da öwredersiň. Meňem däli bolasym gelýär.

—Men däli däl! Indi iň soňky sapar duýdurýan ýene-de maňa däli diýseň seň bilen gürleşmen!

—Boýun almaklygam aňsat däl.

—Bar gitsene meni ýeke goý!

—Islesemem gidip bilemok. Ýogsam menem seň samramalaňdan ýadadym.

—Köpüsini tassyklaýaňa samrama bolsa-da.

—Hawa...

—Ýeri bolýa. Sagat on bolupdyr.

—Gidelimi?

—Howa sowuk. Bu gün bolmaz.

—Men‐ä üşemeýän, biz pasyllara boýun egemizok ahryn, ha-ha.

—Onsaňam Aýam görnenok daş-töwerek garaňkylyk.

—Bize Aýyň geregi ýok. Bize özi garaňkylyk gerek-dä. Hemem nauşnik we aýdym. Onuň näçe prosenti bar?

—Elli bäş prosent.

—Arkaýyn ýeter. Bas maestro...

—Diňlenmän ýatanlaram bar. Isleseň şolardan goýbereýin.

—Täze çykýanlardan köneler ýagşyrak. Öň diňledikmi?

—Hawa, ýöne köp wagtdan bäri diňlenenok eken. Iň soňky gezek maýyň 30-y güni diňläpdiris.

—8 aý 12 gün mundan ozal.

—Hawa.

—Onda bolýa goýber...

—... "Adalatyň ýok dünýe aýt näme üçin? Ylgaýalar bir döwüm çörek üçin. Ganaýar içim, aýt, kim üçin? A men bolsa üýtgejek bolýaryn seň üçin..."

—Sen goşulmasana, aýdymy bulaýaň.

—Men repçi bolup bilerdim, ýöne...

—Ýöne seni diňlemezdiler, ha-ha.

—Gapylsan-aý!

—Başga aýdyma geçirsene. Bu biziň hyýalymyzy bölýär.

—Häzir. A... ýok. Bulam-a öte gygyryp aýdýar. Kimkän-eý, şuny taşlap giden zalym gyz? Iň gowsy seni "delete" edeýin... Ynha. Şu bolarmy?

–Ähä... boljak ýaly özi-hä... ähä... boldy şuny üýtgetme indi.

—Bolýa. Başlalymy gezelenjimize?

—Bu gün nirä gidýäs?

—Ilki dükanly ýoldan soňam uly ýoldan gönüläp, Gözeliň iş ýerindäki gijäni ýagtyldýan yşyklary ýanyp duran binaň ýanynda dostuma garaşarys, ondan almaly zadymyzy alarys. Soň bolsa Serwinäzi görmäne gideris. Göresim geldi...

—Isleýşiň ýaly ederis. Taýynmyň? Ýöräli onda.

–A birden ejem rugsat bermese näme, gijara daşara çykmagyma?

–Onda biz bu gün üýtgeşik çykalga taparys

–Nähili çykalga?

–Ýör, gideli. Äpişgeden.Uçarys...


***


–Wah, içim ýanýar dogan, içim! Şoň bolup oturşuny görsem içim ot alyberýär. Gel-gel, indi şu betbagtçylyk meň ýalňyz çagama dogry geläýmelimikä?!

–Sabyr et doganjan geçer gider bu günlerem. Hol gün özüň jaň edip buşladyňa, barlagdan geçirende "Aýaklaryna "jan gelipdir", tiz wagtda ýörär" diýipdirä lukman.

–Ýöremesin-ä ýöräp gider bi. Ýöne... indi sähel ünsden çykarsaň daşara çykjak bolýar. Özem şu giçlik ara.

–Onda öňkisindenem beterleşäýipdir çagajyk. Ýüregiňe howp salmak niýetimä ýok, doganjan. Ýöne bir wagt meňem baldyzymyň gaýynlary taraplarynda bir Ýazguly ýaljak bir oglanjyk bardy. Olam şu giçlik ara daşa çykarylmansoň äpişgeden çykyp gidýädi. Sizem-ä 5-nji gatda otursyňyz. Ägä boluň.

–Hudaý saklawersin, daş etsin. Toba estagpyralla.

–Hawa, garaz men duýduraýyn diýdim doganjan. Wah, bu çagajyk sag wagtam öýde oturýan däldi indi-hä hasam dar tamyň diwarlary üstünden basýandyr. Aýlanjak, göwnün açjak-da olam ýene-de.

–Wah, şuň giçlik daşara çykýan endigi diýip bolmadymy ozalam. Şol günem näçe diýdim men "Gitme giçlik ara, çykma öýden, otur... otur" diýip. Diňlemän gitdi. Özünüňem bir belalaryň üstünden barjagy bellidi. Şo gün, güni bilen özünden-özi gülüberdimi, özünden-özi telefonynda aýdym gygyrdyp tans oýnadymy.

–Wah, çaga. Nämä begendikä beýdip?

–"Serwinäz meň bilen ýaraşdy, eje. Ol diňe meňki bolar indi, meňki. Aramyzda hiç haçanam göwne degişlik bolmaz gaýdybam" diýdi. Şoň bilen ýaraşanyna begenip gezdi öýdýän.

–Wiý-ý, adyny tutaňsoň ýadyma düşdi. Habaryň bardyram belki. Ol gyzam çykarypdyrlar eşitdiňmi?

–Hawa, habarym bar...

...


–EJ-E-E-E!!!

–Waý-eý, Allajanlarym-m... Göze-e-el näme boldy gyz?!

–Ýet-t-t, eje! Waý-ý dogan-n.

–Hä-ä, Ýazguly ýene başladymy? Gorkma doganyňdyr-da, gyzym. Öwrenşibermekden başga çärämiz barmy biziň. Näme etmelsini gowy bilýäňä kömek et doganyňa.

–EJ-E-E-E!!! Gel-l. Ýazguly... ýatyr ýerde... Gymyldanok. Gan-n...

–Senem şu her gün bir zat diýýäň ganyň näme indi gyzym. O nämäň gany? Hany Ýazguly jan nirde? Äpişgäň ýanynda näme işläp dursyň, açyp durma ýap ahyryn... Aglap bolup durşuny muň... Hä, näme bar gyz aşakda, haýsy oglana seredýäň, saçyň kesmesem seň häzir...

–Ýazguly bar-r... eje-e ýerde, aşakda Ýazguly-y, zyňypdyr özüni. Doganym-m...

–W-A-A-Ý, BAL-A-AM-M-M...


2022 ý.

© Şyhnazar DURDYÝEW

36
189
amanmyrat
9 Noýabr 2023
Kenno_Tabi
9 Noýabr 2023
@amanmyrat, jigisi, dosty, içki sesi. Muny anyk Şyhnazar biläýmese
amanmyrat
9 Noýabr 2023
Ýazgulyñ gepleşip oturan kişisi, içki sesidimi??
nabat_
7 Noýabr 2023
@billygenius98, tüweleme)) şowly bolsyn usdinlik👍👍
Kenno_Tabi
7 Noýabr 2023
@guljagazz, oň bln bir hejaýalar ýygyndysy proýektine başlajak bolýas
nabat_
7 Noýabr 2023
@billygenius98, hawa aytdynyz)) tanayana menem ony🙃
Kenno_Tabi
7 Noýabr 2023
@guljagazz, Aýtdyma , ol halypam hem şägirdim
nabat_
7 Noýabr 2023
👍👍😐..Şyhnazar yazmaga gaty okde eken tuweleme😮
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.