Kenno_Tabi
05.11.2023 19:54

Sowuk ýarag diýersiň...


Ýöne ol onuň sowukluguny duýmady. Duýdansyz urgy köz basylan ýaly duýuldy. Sesiniň ýetdiginden gygyrjakdy. Käşge... Başarmady. Saňňyrdaýan eller üç sapar \"hylkyldatdy-da\" emaý bilen oturtdy. Soňam garasyny garaňkylyga gizläp ýoluna siňdi.


Beýle sahnalary kinolarda juda kän görüpdi. Häzir bolsa şol sahnalardaky \"üşäp\" ölýän gahryman onuň özi bolmaly ýaly duýuldy. Ol şol gahrymanlara \"öýkündi\". Ýarasyny goýan elini synlady. Suwuklyk. \"Ganyň reňkindäki suwuklyk\". Içinden şeýle diýip oýlady. Eger gan diýip oýlamasa hemme zat gowy bolaýjak ýalydy. Ýerinden turjak boldy. Baý-buuw, agyraýşyny muň. Hiç zadyň çeni-çaky däl. Kinodaky ýaly däl. Aýagyna galyp ýöräp gidibermedi. Ýere emaý bilen oturdyp giden ýaňky garaňkylyk muň böwrüni deşip içine ýylan salyp gidäýen bolmaly. Gozganjak bolsa \"çakyp\" dur. Oturdylan ýerinden gymyldaman otursa-da şol ýylan içinde müňňüldäp ýören ýaly. Ýuwaşjadan ýara jaýyndan syrygyp gaýdýa-da gyzgynjak bolup elinde duýulýa. Ol, ýylanyň oturan ýerindäki topragyň üstüne süýnüp, ýodajyk ýasap özünden kem-kem uzaklaşýandygyny ýaňy aňşyrdy. Onuň ýerde düýrlenen bedenine-de indi gözi düşdi. Şoň bilenem görejiniň ýagtylygy duýuşy peselip barýanyny öwrendi. Asmana seretdi. Ýaplanyp oturan arçasy ondan Aýy gizleýärdi. Boljagynyň bolup barýanyny aňdy. Kaýyl bolmalymy ýa-da bir umyt...


Uklady...


Gözüni açdy.


Ýagtylyk...


Olaryň hemmesi ak eşikdediler...



© Şyhnazar DURDYÝEW

40
224
surprise
19 Noýabr 2023
suratda 23: 48 diyip dur 33:48 name indi 🦥
surprise
19 Noýabr 2023
kim atdyka ony 😕
vekil_city
19 Noýabr 2023
Gowja eken
Kenno_Tabi
5 Noýabr 2023
@guljagazz, Meň halypam hemem şägirdim. Talantly oglan.
Kenno_Tabi
5 Noýabr 2023
@aykamm, başga esgerleriňki bolup bilmezmi?
nabat_
5 Noýabr 2023
@billygenius98, bah olam eser yazyamyy Şyhnazaram...gowy yazyan ekenä😊
my_angel
5 Noýabr 2023
Kowus hem yerde hemem ayakda bara🤦🏻‍♀️
Kenno_Tabi
5 Noýabr 2023
@mawy, hawa, samsyk sorag gynansagam.
Kenno_Tabi
5 Noýabr 2023
@mawy, Sen bir samsyk sorag bermäýdä. 🤦 Şol gahrymanyň ölen wagty.
Kenno_Tabi
5 Noýabr 2023
@karalewa⁰⁷, sebäbi berýän soraglarňyz samsyklanç
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.