Kenno_Tabi
01.11.2023 11:39

Gije örän asuda, ýakymsyz sessizlik höküm sürýär. Men bolsa talyplar umumy ýaşaýyş jaýymyzyň 4-nji gatyndaky otagymda ýalňyz gözüm açyk halda oýa ýatyrdym. Penjirä seretdim, bir adam maňa seredýär. 4-nji gat, bu mümkin däl. Telefonuma seretdim, sagat 3:00. Penjirä gaýta seretdim, hiç kim ýok men bolsa gaty gorkýaryn. Birden telefonuma jaň geldi. Ekranda: "Ejemjanym ❤❤" ýazgysy bar. Emma hiç wagt meniň telefonumuň kontaktynda ejem ýokdy. Sebäbi ejem pahyryň telefony we belgisi bolmandy. Ol iki ýyl ozal aradan çykypdy. Gorka gorka jaňy aldym. Ejemiň dem alyşyny duýýaryn. Ol: "Oguljugym, iki ýyl geçdi. Näme üçin maňa jaň edip, hiç hal ahwalymy soraňok?" diýdi. Men doňup galdym. Ejem dirikä ondan hiç hal ahwal soramandym, aradan çykansoňam ýeke gezek ýatlap gabryny zyýarat etmäge barmandym. Ejem bu sözleri gaýtalamasyny dowam edýärdi. Doňup galşyma telefonym elimden gaçdy. Telefony ýerden almaga mejalym ýok. Birden "waý kömek ediň" diýen gykylyk sesini duýdum. Täsin ýeri bu meniň öz sesim. Otagymdan çykdym. Sesim umumy ýaşaýyş jaýyndaky el ýuwulýan otagdan gelýärdi. Ol otaga girdim. Ol ýerde başga bir men bardy. Başga bir meni gap gara eşikde ýüzi gara nikaply bir adam iki eli bilen bogýardy. Edil şol wagt arkamdan ejemiň şol sesini ýene eşitdim. "Oguljugym, iki ýyl geçdi. Näme üçin maňa jaň edip, hiç hal ahwalymy soraňok?"


© Baýramgylyç SAPARGYLYJOW

01.11.2023

4:00

Ufa.

34
333
nabat_
5 Noýabr 2023
@billygenius98, hawa size meñzanok eken🤔siz has owadan o suratdan🙂
Kenno_Tabi
5 Noýabr 2023
@Serwi, sebäbi meňzänok. 😁
Kenno_Tabi
5 Noýabr 2023
@Serwi, Aýtjakdäl
Kenno_Tabi
5 Noýabr 2023
@Serwi, salam. Gowy. Hawa we ýok 😁. Garaz meň suratym esasynda emeli aňyň çeken suraty
nabat_
5 Noýabr 2023
@billygenius98, men ikisinede giryan🤓soygilade onada🤓
Kenno_Tabi
5 Noýabr 2023
@guljagazz, aý ýok islenen.ru saýtdaky agzamy siz?
nabat_
5 Noýabr 2023
@billygenius98, Ejegozel diyip birini tanayadyñmy şo yerde
Kenno_Tabi
5 Noýabr 2023
@guljagazz, Tanaýyn aýtda
Kenno_Tabi
5 Noýabr 2023
@guljagazz, Hawa tanaýan
nabat_
5 Noýabr 2023
@billygenius98, men adymy aytmadym aytsam belki tanarsyñ🙃
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.