# Dünýäň awtonastroýkalary
Dünýäň awtonastroýkalary: Meň göwnüme mydama erbet gyzlar ýaraýar, (sterwa diýilýänler) gözi gaşy gaharjaňdygyny aýdyp duran, mähirli gyzlar näme üçindir gözüme ilenok. Sebäbi mende bilim kän, köp kitap okaýan, bilim diýen zat bolsa puldan gymmat, puly adamyň elinden alyp bolýar, bilimi alyp bolanok, bilimi ol dünýäde hem. ulanyp bolar. Onsoň men öz bilimime buýsanmaz ýaly, maňa ýaramaz gyz gerek, meni mydama başga tarapdan kemsider ýaly, şeýle gyzlar şol sebäpden meň göwnüme hem ýaraýar.
Erkek Hudaýa nähili garaýan bolsa, oňa öz aýaly hem edil şolar ýaly garaýar diýýär. Eger erkek Hudaýdan gorkmasa, onda erkekden oň aýalam gorkanok
***
Ýene dünýäň awtonastroýkalary: Kakaň içgi dünýäsi, oň çagalarynyň daşky dünýäsi. Adamyň içinde näme bardygyny biljek bolsaň, oň çagalarynyň özini alyp barşyna seredäýmeli. Garaz içiňde näme bolsa, daşyňda hem şol.
Erkek aýaldan beýik, kaka oguldan beýik, eje gyzdan beýik. Men kakamy köp ýazgardym çaga wagtym, görüp otursam şeýle etseň dişleriň çüýreýän eken...garaz özüňden ulyny ýazgarmak bolanok, sebäbi dünýe irarhiýa boýunça gurulan, adam, perişdeler, Hudaý.
***
"Bloklama mehanizmlary" bar diýýä Hudaýda. Esasy maksat, adamyň aňynda ters pikirleri uzak saklamaly däl. Sebäbi aňda uzak eglenen pikir adamyň ýüregne (zandyna) öwrülýär. Adam zandy bolsa irde giçde Allahyň öňünde dikelip (başyny sallap) durmaly. Şol sebäpden aňdan, (kelleden) ýaramaz pikirleri itip aýyrmak üçin ähli bela beterler adamyň başyndan ugradylýar. Bu hem Sergeý Lazerewiň sapaklaryndan, ýöne azajyk dine adaptasyýa edilen...
Adam "üstünlikli ykbaly" durmuşunyň maksady edinse, oň başyna neşekeşlik inýär. Bu Sergeý Lazerýew diýilýän adamyň sapaklaryndan. Neşekeşligiň döwri adamlaryň pikirleri tersdi, SSSR ýaňy ýykylypdy, ýollar açylypdy, söwdä başlapdy, adamlar daşary ýurtlara gatnap başlapdylar, durmuşdaky esasy maksat baýamak, emläk ýygnamak bolupdy, öň ýok mümkinçilikler açylypdy. Adamlaryň kellesinden ters pikirleri aýyrmak üçin, iň gowy ýol adamlara betbagytçylyk ugratmak we kesel ugratmak. Başyňdan inýän islendik problemma, ters tarapa barýan adamy, dogry ýola ugrukdurmak üçin ugradylýar. Meň pikirimçe şol döwüriň neşekeşligi kesel däldide, dermandy, ýöne ajy dermandy. Tutuş halk ters ýola düşdi. Baýamaly, maşyn almaly jaý almaly, öz goňşyňdan galmaly däl, inomarka, wideomagnitafon, snikers, kola, sifrawoý týuner we ýenegör, ruhy dünýä bilen maddy baýlyk bile ösmese, hiç haçan gowlyga eltenok, Hudaý tarapyn balans döredilýär. Elbetde aýdan zatlatymyň barsy Sergeý Lazerewyň sapaklary we men şol sapaklara ynanýan.
Adalatsyz hiç zat ýok, ýöne biz tutuş kartinany görüp bilemzok...
***
Arzuw etmek gowy zatdyr öýdýädim hemişe. Arzuw etmegi bizde hemişe daşky gurşaw hem gollap durýar. Kinolarda, edebiýatda, multfilimlerde, garaz arzuw etmegi bize hiç kim gadagan edenok, gaýtam oň tersine, diňe maslahat berýärler. Hakykatda welin arzuw diýen zat adam üçin zyýanly, boş arzuwlary şeýtan etdirýär diýýär Kuranyň Baş redaktory. Gowja pikirlenseň Baş redaktor bilen ylalaşsa bolýar. Her bir adam öz öňünde beýik maksatlary goýýar, makalaň awtornyň aýdyşy ýaly hasap geçýär, netije çykarýar. Ýöne ykballary biz ýazamzok, biz derýa gaçan bir bölek çöp ýaly, diňe akymyň ugry bilen ýüzüp bilýäs. Eger hakyka ýagdaý biziň arzuwlarymyz bilen gabat gelmese, bizde tutuş älem-jahana ýigrenç döreýär.
***
Awtor Hel Elrod. "Ertiriň gudraty. Ertiriň birinji sagady nädip siziň üstinligiňizi kesgitleýär?"
Şu kitabyň awtory 400 müň dollar bergä batýar we öýünden çykatyljak bolup dur, işden hem galýar. Näme etjegini bilenok we ýakyn dostynyň ýanynda zeýrenýär. Dostam oňa ir turum ylgamana çykmagy maslahat berýär, başda awtor geň galýar, nädip ir turmak meň promalarymy çözer diýip, soň barybir ir turup görýär. Iň soňynda şol adam ir turmak barafa kitap ýazýar, dünýä belli bolýar. Ýokarda agzan kitabym iň köp satylýan kitaplaryň biri, ençeme dilllere geçirlen. Awtoryň özi hem ähli kişä ir turmagy maslahat berip gezýär....
***
Ençeme ýyllap, her tomus paslynda men bergä batýadym. Sentýabr aýyna çykynçam bir giden bergili, näme üçin beýle bolýanyny bilemokdym. Aýalym köp baňka ýapýandyr öýüdýärdim, ýa-da çagalary okuwa ýygnamak üçin köp pul gidýändir öýdýärdim. Emma problemma onda däl eken, prosta yomusda gün dogmaka turup bolanok, günden öň turmasaň welin, pulyň bolanok.
Azajyk düzediş: Ir tursaň ähli dilegleriň gowy kabul bolýar, näme dileseň hem. Meň bergim kän, şol sebäpden maňa pul gerek, ir turýan, pul problemma ýok. Eger diňe aýlyga kanagat edip ýören adam ir tursa, başga dilegleri kabul bolar. Kim näme gözleýän bolsa, şoňa barýan ýol gowy ýeňilleşýär. Meň girdeýjim 2 esse artdy...keýpiň gowy, öýde problemalar azaldy...adamlar bilen gatnaşygyň sazlanan ýaly...
© Rahman Zulfikärow