Kenno_Tabi
17.06.2024 12:46
ŞAHYRLYK ÝÖRELGESI

Jedel gitdi: "Nädip şahyr bolmaly?".
Biri diýdi:
"Söýüp soň ýanmak gerek",
Biri diýdi "Ýanyp soň sönmek gerek".
–"Eý, how döwürden dönmek gerek..."
–"Gyzyklyj-a erteki düzmek gerek".
–"Gözelligi görmek, duýmak gerek".
–"Bogun sanam-a dogry bilmek gerek".
–"Nämä gerekmiş-aý? "Täzeçillik" gerek",
"Söýýän" diýiň, "köýýän" diýiň,
"Görmeseňizem köýüp,
Galmasaňyzam söýüp.
Gaşyna bir goşgy ýazyň,
Al ýaňagyn güle deňäň,
Sowgat beriň bahar ýazy,
Garaz, ýazyň-da ýelmäň..."
–"Sen-ä tüýs türkmen ekeniň-aý, asyl
"gara öýündenem" çykmadyk çarwa.
Magtymguly däl-ä sen-ow, wa-ha-haý,
Gaşlar-a ütüm-ütüm, gyz däl arwah.
Ýaňagy himikat, güli soldurjak,
Onsaň o ýaňagy deňärmiň güle?!
Gel, sen, gowsy öwren nepiň, peýdaňy,
Meniň maslahatym depderňe belle.
"Gaş" diýme-de "sen çyra gyz, betje" diý,
"Balam, saňa şazadaňdan salam" diý,
"Seniň bilen keýpi-sapa etjek" diý,
"Ýaş biz ýaşaly, ýorgana salaý" diý...
Isleýändir ynan gyzlaryň özi,
Geçdi gitdi edalylyk eýýamy.
"Söýýän" diýber, ýetilýänçä maksada,
Bäş günlikdir, "şirin öpüş" haýamy?
–Ýöne...
–"Ýönäň-ä" şeýleräk dostum,
Şahyram adam-a, perişde däldir.
Meniň-kä aýtmak, diňle-de ulan!
Seň üçin başga zat gerek-de däldir.
–Mälim-ä, görýärsiň köpçülik tanar,
"Internetde belli bolan şahyry".
A gazetde çap edilen goşgyňy
Okajak adam bir barmy ahyryn?
Çekinme, diňleme kä kişileri,
Adam öz kärinden etmeli gazanç.
Görip-dä aýakdan asylar mydam,
Başarsaň ediber jübiňe gatanç.
–Aý, garaz biz seni öwrenişdiris,
Göripleň gözüni çykarsyň onsaň.
...Ine, eýýämdenem müşderiň taýýar
Belkem seni bellär, bahada oňsaň...



Gör, bak, indi haýsyna
gulagyň goýmak gerek?...
Belkem bular hakdyrlar—
Gözlegmi bir çetde goýup,
Elimden gelmeýän zat däl
Çaý ornuna şerbet guýup,
(Belkem çüwäýer bagtym)
Nagtyna ýazmak gerek..!

©Edepli GÖDEK
17
78
Kenno_Tabi
16.06.2024 16:52
TANADYM (2:156)

"Ol sabyr edenleriň (başyna) bir
kynçylyk gelende: «Takyk, biz Allanyň
(bendeleri) we biz, elbetde, Oňa gaýdyp
bararys» diýerler." (Kurany Kerim 2:156)

Garaňkydan çykdym
Bilýän tarapym ýok
Şübhelerimi ýykdyň
Saňa uzady ýol
Seni tanadym, Seni tanadym
Senden başga hiç zada garaşamok

Ýoluňa ýapyşdym
Tanapym ýok
Senden öňüm gyşdy
Ýyly göremok
Seni tanadym, Seni tanadym
Saňa ýalbarýan, başga tanyşym ýok

Allam bizi kösemek üçin ýaratdyňmy sen?!
Haçan bu dünýä gülüp sereder ýüzümize?
Doglamdan bäri men bu harabalykda ösen
Daş töweregim diňe uruş, açlyk hem kesel

Uklan ýaly ýerde ýatyr kiçijek jeset
Ony ýüzünden zordan tanady öz ejesem
"Maňa kömek et” diýip ýalbarýar her geçene
Ýokmy ony eşiden?

Kirpiginiň tozanyn kakyp basdy ýürege
Asmana seretdi garaşýan ýaly kömege
Garaşmadyk zadymy diýdi dürsäp demini
“Biz Saňa gaýdyp geleris, biz Saňa degişli”


Allam bizi kösemek üçin ýaratdyňmy sen?!
Ýaralammyzam bütin dünýäň ýarysyna deň
Kömek etmekden geçen bütin dünýä sereder
Dadyma ýetiş diňe Sen!

Doýur meni hiçzat iýmesem
Meň dilim bol hiçzat diýmesem
Darygamda ýürek giňesin
Allajan! Dem alyp berýänçäk biziň synamyzy syna Sen!
Bir ýapragam ýere düşmez Ýaradanym diýmese

Çar tarapa seslendim: “Çydamaly näçe?”
Allaň kömegi gelermikä, biz Oňa gidýänçäk?
Ýa dowam edermi uruş bu güneş sönýänçä?
Ýa göçüp ýörmelimi dünýeden göçýänçäk?

Görkezme günleriň erbedini
Içir barsyna “Şehitlik şerbedini”
Ömürden gymmat sözler dodakdan döküldi
Biz Oňa gaýdyp geleris, biz Oňa degişli

Ellerimi açdym ýene
Dünýäň gazabyndan gaçdym ýene
Atylan oklaram gaçsyn ýere
Indi men seni tanadym senden daş gitmenem

Seni tapan näme ýitirer?!
Seni ýitiren näme tapar?
Damyp içime
Bu sorag meni nädip ýakar?
Diňläp geçiber
Akyl diýenimiň bary takal...

© Hiçkim (Däli Däde, Syke Däli)
18
209
Kenno_Tabi
14.06.2024 21:25
Şahyr gyzy söýmäň!

Şahyr gyzy söýmäňler,
Ýetip bolmaz ýüregne.
Hiç zady goýmaz olar,
Goşgularnyň deregne.

Ýazan söýgi hatlaryň,
Juda sada görerler!
Çünki olar "şahyrdyr",
"Älem gezip ýörenler".

Zemin bolsaň eger-de—
asmandadyr göwüni.
Asman bolsaň eger-de—
zemindedir göwüni.
Garaz olaň islegniň,
Çözülmezdir düwüni!

Olaň barça söýgüsi,
Goşgylarna siňendir,
hem gussasy, şatlygy,
diňe goşgy bilendir.

Näziklerden näzikdir,
Ynjydaýsaň solarlar!
Özgelerden duýgurdyr
Aldayanyň bilerler!

Agladaýma olary,
Dünyä senden gam çeker!
Olaň çekjek zaryny,
Bütin älem deň çeker!

Sähel ýagan ýagyşdan,
Şatlyk dolar kalbyna.
Bir garynjaň ölümi,
Közler goýar bagryna...

©Edepli GÖDEK
27
124
Kenno_Tabi
08.06.2024 00:36
Ике кояш
Күр: ничек, иртә кояш чыкса, җиһанда нур тула, —
Һәр күңелләр нурланадыр, чыкса Гыйззәтуллина.

Бу икәүгә тәңре биргән бертигез зур мәртәбә:
Берсе уйный күк йөзендә, берсе уйный сәхнәдә

© Габдулла ТУКАЙ

IKI GÜNEŞ
Seret, Nähili? ir bilen gün çyksa,
Jahana nuryn saçar, —
Her köňüller nurlanar, çyksa
Gizzatulina.*

Bu ikisine Taňry beripdir belent mertebe:
Biri oýnar gök ýüzünde, beýlekisi oýnar sahnada

*Gizzatulina - Meşhur tatar aktrisasy

© Gabdulla TOKAÝ

tatar dilinden terjime eden: Baýramgylyç SAPARGYLYJOW
14
37
Kenno_Tabi
06.06.2024 18:48
GÜÝZ AGŞAMY

Güýz agşamy
Birden sen düşdiň ýada,
Ýapraklaň dökülşi saňa meňzedi.
Hakydamda klassika öwürülen,
Janym men ýene-de "Seni" diňledim...

Ýalňyz gijelemde gujakla meni,
Bu ruhumda tupan turuz ýene-de.
Goý, bar zady hazan ursyn,
Sen welin
meň bilen gal hiç ýerlere gitme-de!

Bir ýerlerden birden geläýjek ýaly,
Nirde sen, men saňa garaşyp ýörün?!
(Ýa özüm — alňasap agtaryp ýörkäm,
Deňiňden biperwaý etdimmi öwrüm?)

Ýürek ot-ýalyndy, sönügsäp barýar,
Wagt akar suw deýin akyp dur kalpdan.
Söýgiň gussasynda ýaşap öterin,
Çykmarsyň ýatdan!

© Baýramgylyç SAPARGYLYJOW
21
94
Kenno_Tabi
29.05.2024 23:20
Malcolm X\\\'in Biyografisi.

Malcolm X, 19 Mayıs 1925\\\'te Omaha, Nebraska\\\'da Malcolm Little adıyla doğdu. Ailesi, Afrika kökenli Amerikalıların haklarını savunan bir aktivist olan Earl Little ve Louise Little\\\'dı. Malcolm\\\'un çocukluğu, babasının Ku Klux Klan üyeleri tarafından öldürülmesi ve annesinin ruh sağlığı sorunları nedeniyle zor geçti. Genç yaşta çeşitli suçlara karıştı ve sonunda hapse girdi.

1950\\\'lerin başında hapsedildiğinde, Malcolm, Nation of Islam (İslam Milleti) ile tanıştı. Bu hareket, Elijah Muhammad liderliğinde siyahilerin sosyal ve ekonomik bağımsızlığını savunuyordu. Hapishanede geçirdiği süre boyunca İslam Milleti\\\'nin öğretilerini benimsedi ve serbest kaldığında Malcolm X adını aldı. \\\"X\\\" soyadı, kölelik döneminde atalarının kaybolan soyadını simgeliyordu.

Serbest kaldıktan sonra Malcolm X, Nation of Islam\\\'ın sözcüsü ve liderlerinden biri haline geldi. Harlem\\\'de açtığı mescid, siyahilerin haklarını savunma konusundaki kararlı tutumu ve etkileyici konuşmaları sayesinde geniş bir takipçi kitlesi kazandı. Siyahilerin öz saygısını ve bağımsızlığını vurgulayan mesajları, 1960\\\'ların sivil haklar hareketinde büyük bir etki yarattı.

1964 yılında, Malcolm X, Hac ibadeti için Mekke\\\'ye gitti. Bu deneyim, onun İslam\\\'a bakış açısını köklü bir şekilde değiştirdi. Mekke\\\'de farklı ırklardan Müslümanlarla bir araya gelmek, onun daha evrensel bir İslam anlayışını benimsemesine yol açtı. Dönüşünde, İslam Milleti\\\'nden ayrılarak Sunni İslam\\\'ı benimsedi ve adını El-Hajj Malik El-Shabazz olarak değiştirdi. Bu yeni perspektifle, tüm ırkları kapsayan bir kardeşlik ve adalet mesajını yaymaya başladı.

Malcolm X, sadece dini liderliği ile değil, aynı zamanda insan hakları savunuculuğuyla da tanındı. Siyahilerin maruz kaldığı ırk ayrımcılığına ve adaletsizliklere karşı verdiği mücadele, birçok insanın bilincini açtı ve sivil haklar hareketine büyük katkı sağladı. Söylemleri, birçok insanın özgüven kazanmasına ve kendi haklarını savunmasına ilham verdi.

21 Şubat 1965\\\'te, Harlem\\\'deki Audubon Balo Salonu\\\'nda bir konuşma yaparken suikasta uğradı. Ölümü, bir trajedi olmasına rağmen, mesajları ve mirası yaşamaya devam etti. Malcolm X\\\'in hayatı, onun mücadele azmi ve değişim kapasitesi ile örnek teşkil ederken, İslam\\\'a katkıları ve insan hakları savunuculuğu hala ilham vermektedir.

Malcolm X\\\'in İslam\\\'ı kabul etmesi ve bu dinin değerlerini topluma yansıtması, onun mirasının önemli bir parçasıdır. Onun hayatı ve çalışmaları, sadece siyahilerin değil, tüm insanlığın özgürlük ve adalet mücadelesinde önemli bir rol oynamıştır. Malcolm X, hayatı boyunca karşılaştığı zorluklara rağmen, inancı ve kararlılığı ile bir lider olarak tarihe geçti.
10
41
Kenno_Tabi
28.05.2024 15:28
Drabllar


Arakhor soňky çüýşesini göterdi. Seretse onuň içi boş eken.

***

Uzak kosmik uçuşdan soň kosmos gämisi bir planeta gondy. Kosmos gämisinden onuň kapitany çykdy-da gonan planetasyny synlady. Bu planetanyň ilaty uruşlar sebäpli ýok bolup gidipdi. Bu planeta ,,Earth" diýýärdiler.

***

Wagt syýahatçysy geçmişe syýahat edip ýalňyşlaryny düzetsede, geljek öňkiligine galdy.

***

- Siz meni haçan öz günime goýjaksyňyz?

- Haçanda siz biziň şertimize razy bolsaňyz!

Professor olara ýadro ýaragyny ýasap bermek şertine razy boldy.

***

- Ertirmi?

- Ertir.

- Şugün bolanokmy?

- Bolanok.

- Onda ertirda?!

- Hawwa.

Ertesi güni kyýamat gopdy.

***

Bu planetada diňe kanun çykarýardylar. Sebäbi bozara zat galmandy.

***

Uruşlar, gytçylyklar we birnäçe çöküş we krizislerden soň adamlar bedenlerini dünýäde galdyryp, sanly dünýäde sanly beden şeklinde ýaşaýardylar. Sistema birgün "error" diýdi.

***

Mars koloniýasy özüni özi dolandyryp, ÝERden garaşsyzlygyny yglan edipdi. Emma bir gün howa ulgamlarynda käbir problemalar ýüze çykdy. ÝERden kömek soramaga karar berdiler. Ýöne bireýýäm gijä galypdylar.

***

Adamlar ýaşaşýyş şertleri gowy bolan bir planetany tapyp, oňa tarap uçýarlar. Ol planetanyň hakyky EÝELERI olara garaşýardy...

***

Gorkunç düýşler bu jandaryň oýun meýdançasydy. Her gije dürli şekillere girip dürli adamlary gorkuzardy. Bir gün bu jandar bir düýşde gapana düşdi. Sebäbi düýş görýän adam Lucid düýşi gorýärdi.

***

Marsdaky astronawtdan bir aý bäri habar ýokdy. Halas ediş topary Marsa gelip ony gözledi... Diwarda gyzyl syýa bilen ýazylan: "Biz ýalňyz däl" ýazgysyna duş geldiler...

***

Ýadro söweşinden soň barzat weýran bolupdy. Iki sany dost garynlary aç ýatyrlar. Biri: "Külleriň içinde" diýdi. Beýlekisi: "Biz elbet-de gaýtadan dünýä geleris" diýdi. "Ýok. Al kakmyş. Biz KAKNUS guşlary däl ahyry" diýdi dosty.

***

"Size indi başga mümkinçilik bermerin" diýdi we emeli aňly robot dünýädäki iň soňky adamlara ok üzdi.

***

Sanly dowzah (Digital hell -iňlisçe, Цифровой ад -rusça, Dejjalyň dowzahy -hakykatça):

Hökümet jenaýatçylaryň sanyny azaltmak üçin jenaýatçylary "sanly türmä" höküm edýärdi. Bu wirtual türmede tussaglar çäksiz gynalýardy. Jek tötänleýin bu "sanly dowzaha" düşdi. Hakyky dünýäde aýal dogany Lusi Jeki halas etmek üçin hakerler bilen dil düwüşdi we "Men seni taparyn we seni yzyna getirerin" -diýdi.
31
388
Kenno_Tabi
25.05.2024 06:20
DERTLER

Säheriň ümsümligi, oýanýaryn,
Dünýäniň dertleri dökülýär sere.
Sosýal medýada habarlar sil ýaly
akyp,
Dolýar kalba,
Bogulýas seret.

Gorky hem umytda gidemde sejdä,
Parahatlyk dilär gursagym daýym.
Janlanar gözümde doganmyň ahy,
Protest edýän, dymyp,
"Ysraýyl zalym!"

Bu dünýä ýene-de ýaşamazça däl,
Akla ýürek hossar, ýüregme aklym.
Geçmiş ötünç sorar "Öteräk geçdim..."
Geljek serhet gurar "Edepde saklan!"

Gazanç diýp günleri kowamok, ýöne
Möçber-de gerek-dä bu panylyga.
Monotondan gaçyp ýolagçy borun,
Görmedik ýerlerme, gümanalyga

"Nigilist" diýýärler "ullakan ýalan!"
Öwezin dolup ýör:n ýitirenlermiň.
Uky basmarlaýar...
we ýene aza:n...
Dünýä dertleri, söýgi ýaralary,
Synag diýp garşyma getirenleri...

© Baýramgylyç SAPARGYLYJOW
24
101
Kenno_Tabi
23.05.2024 12:01
ŞINIGAMI BILEN BIR GÜN


(Fantastik hekaýa)

Hepdäniň ýekşenbe günüdi. Emma oýananymda dyýgylarym bu güniň duşenbe günidigini aýdýardy. Menem hemişeki ýaly täze güne başladym. Soňra kofe demläp ertirligimi taýynladym. Ertirligi stoluň üstünde goýup, özümem stulda oturdym. Öňümde bolsa garalyp bir Şinigami durdy. Şinigaminiň kimdigini tanamaýan bolsaňyz aýdaýyn, garaz ok bir ýapon ölüm perişdesi. Pikirimçe meniň janymy almana geldi. Ony görüp gorkmadym. Gaýtam begendim.

— Gowy geldiň Şinigami, men gaty ýadadym. Meni alyp git. Ölüler dünýäsinemi, parallel älememi? Garaz iş-dert ýok ýere...

Şinigami taýýarlan kofemden bir owurtlady-da:

— Ilki bilen bugün duşenbe däl. Arkaýyn dynjygy alyp bilersiň. Ikinjiden, seniň haçan öljegiňi men näbileýin? Seni musulman diýdiler, seniň janyňy Ezraýyl aljakdygny aýtdylar.

— Düşnükli - diýdim. — Sen näme maksat bilen meniň ýanyma geldiň?

— Sen bu günüňi meniň bilen bile geçirmeli ekeniň.

Ýokardan gelen buýruk öýdýän, men Şinigami bilen günümi geçirmäge razy boldum. Soňra ikimiz daşaryk çykdyk. Çyksak, ýapon goňşym Keisuke bagynda işläp ýören eken. Onuň bilen salamlaşdym. Ol ýanymdaky Şinigamini gördi. Ýöne özüni görmedik ýaly alyp barýardy. Sebäbi gorkupdy, gorkysyny gözlerinden aňypdym. Soňra Şinigami bilen bir seýilgähe geldik. Men soradym.

— Jenap Keisuke, meniň goňşym. Pikirimçe ol seni gördi.

— Hawa - diýdi Şinigami. — Ol bir ýapon, Sintoizm dinine uýýar.

— Düşnükli. Indi näme ederis?

— Hiçzat. Sessiz oturmaly.

— Islämok.

— Onda maňa sorag ber, başardygymdan jogaplaýyn.

— Seni meň ýanyma kim ugratdy, näme maksat bilen ugratdy?

— Meni Beýik Kami ugratdy, Ýazyjy ekeniň, ylhamlanmagyň üçin.

— Bäh, "kamikadze" diýip eşidipdim, eger ýalňyşmasam "Hudaýyň şemaly" diýmegi aňladýar. Diýmek "Kami", ýaponçada "Hudaý" diýmek bolýamy? Men ýene bir zada haýran galýan. Ähli dinler dogrymy? Sen meniň janymy Ezraýylyň aljagyny aýdypdyň.

— Gynansakda bular seniň bilmeli zatlaryň däl. Eger bize ateist bir psiholog seredýän bolsa, ol meni görmezdi, seni bolsa şizofren diýip oýlardy.

— Näme, adamyň ynanjyna görä şekillenenmi bu dünýä? Ýöne men Sintoizm dinine ynanamok. Hat-da men saňada, seniň barlygyňada ynanamok. Ýöne seni görýärin.

— Dogry. Sen meni görmeli däldiň. Emma gorýärsiň. Men sebäbini bilýärin, ýöne ony saňa aýdyp bilemok... Ýöne ony saňa aýdyp biljek birini tanaýan.

— Kim? - bilesigeljilikden ýaňa soradym.

— Seniň dini ynanjyňdaky şeýtan, ýagny Iblis...

© Baýramgylyç SAPARGYLYJOW
37
412
Kenno_Tabi
19.05.2024 12:15
GEL, SÖWDA EDELI EZRAÝYL AGA!

Gel, söwda edeli Ezraýyl aga!
Azat bolmaldyr millionlarça jan...
Zemini çüýreden gurçuklar barka
Garyp agysyna neneñ çydaýañ?

Degme,
Gezsin garyp göwnün baýadyp,
Halal ojagyna dowul hökmanmy?
Ogul-gyzlaryna ýetishjek bolup,
Olar onsuzam öýüne myhmandyr.

Jahany bakylyk mesgeni saýyp,
Göz aýla sen Hakdan bihabarlara.
Dünýäñ her künjüni zaýalap ýören
Baryp gaýt ýüregi harabalara.

Sadalary gurda iým edip ýören
Kän-ä ynsan geýmin geýinen tilki.
Hemem kemäýseñ mugthorlañ neslini,
Tapdan düshen ynsap daýanar belki.

Tämiz çagajygnyñ Behishdi ysyn
Ýañy koklan ejeleri aglatma!
Ýa-da, ol, çagadan Jennetin alyp,
Mähirsizleñ del ellerin galgatma!

Ogullañ mekdebi, gyzlañ guwanjy--
Dillerinden "däde" sözün sogurma!
Hem senden iñ soñky wajyp dilegim
Atalañ arzuwyn aja ýugurma!

Söz berseñ aýdanlam razylamaga
Gel, söwda edeli Ezraýyl aga!

©Şyhnazar Durdyýew
29
107