Kenno_Tabi
28.05.2024 15:28
Drabllar


Arakhor soňky çüýşesini göterdi. Seretse onuň içi boş eken.

***

Uzak kosmik uçuşdan soň kosmos gämisi bir planeta gondy. Kosmos gämisinden onuň kapitany çykdy-da gonan planetasyny synlady. Bu planetanyň ilaty uruşlar sebäpli ýok bolup gidipdi. Bu planeta ,,Earth" diýýärdiler.

***

Wagt syýahatçysy geçmişe syýahat edip ýalňyşlaryny düzetsede, geljek öňkiligine galdy.

***

- Siz meni haçan öz günime goýjaksyňyz?

- Haçanda siz biziň şertimize razy bolsaňyz!

Professor olara ýadro ýaragyny ýasap bermek şertine razy boldy.

***

- Ertirmi?

- Ertir.

- Şugün bolanokmy?

- Bolanok.

- Onda ertirda?!

- Hawwa.

Ertesi güni kyýamat gopdy.

***

Bu planetada diňe kanun çykarýardylar. Sebäbi bozara zat galmandy.

***

Uruşlar, gytçylyklar we birnäçe çöküş we krizislerden soň adamlar bedenlerini dünýäde galdyryp, sanly dünýäde sanly beden şeklinde ýaşaýardylar. Sistema birgün "error" diýdi.

***

Mars koloniýasy özüni özi dolandyryp, ÝERden garaşsyzlygyny yglan edipdi. Emma bir gün howa ulgamlarynda käbir problemalar ýüze çykdy. ÝERden kömek soramaga karar berdiler. Ýöne bireýýäm gijä galypdylar.

***

Adamlar ýaşaşýyş şertleri gowy bolan bir planetany tapyp, oňa tarap uçýarlar. Ol planetanyň hakyky EÝELERI olara garaşýardy...

***

Gorkunç düýşler bu jandaryň oýun meýdançasydy. Her gije dürli şekillere girip dürli adamlary gorkuzardy. Bir gün bu jandar bir düýşde gapana düşdi. Sebäbi düýş görýän adam Lucid düýşi gorýärdi.

***

Marsdaky astronawtdan bir aý bäri habar ýokdy. Halas ediş topary Marsa gelip ony gözledi... Diwarda gyzyl syýa bilen ýazylan: "Biz ýalňyz däl" ýazgysyna duş geldiler...

***

Ýadro söweşinden soň barzat weýran bolupdy. Iki sany dost garynlary aç ýatyrlar. Biri: "Külleriň içinde" diýdi. Beýlekisi: "Biz elbet-de gaýtadan dünýä geleris" diýdi. "Ýok. Al kakmyş. Biz KAKNUS guşlary däl ahyry" diýdi dosty.

***

"Size indi başga mümkinçilik bermerin" diýdi we emeli aňly robot dünýädäki iň soňky adamlara ok üzdi.

***

Sanly dowzah (Digital hell -iňlisçe, Цифровой ад -rusça, Dejjalyň dowzahy -hakykatça):

Hökümet jenaýatçylaryň sanyny azaltmak üçin jenaýatçylary "sanly türmä" höküm edýärdi. Bu wirtual türmede tussaglar çäksiz gynalýardy. Jek tötänleýin bu "sanly dowzaha" düşdi. Hakyky dünýäde aýal dogany Lusi Jeki halas etmek üçin hakerler bilen dil düwüşdi we "Men seni taparyn we seni yzyna getirerin" -diýdi.
31
390
Kenno_Tabi
28 May 2024
@ayymsha, 🙄
ayymsha
28 May 2024
@ayymsha, hää näme men erbet manyda ýazmadyma seň düşünjäňi ýazdym giňdigini
Kenno_Tabi
28 May 2024
@ayymsha, 🤨
ayymsha
28 May 2024
@Kenno_Tabi, Bolýala bolmasa kitap dilinde ýa-da filosof ýaly ýazsaň onsoň düşünişip bilmeris öýdýän 😄
Kenno_Tabi
28 May 2024
@ayymsha, hä ýokla 😅
ayymsha
28 May 2024
@Kenno_Tabi, Hää bolýa gaharyň geldimikä diýdim
Kenno_Tabi
28 May 2024
@ayymsha, ýok
ayymsha
28 May 2024
@Kenno_Tabi, Erbet zat diydimmi ýaa
Kenno_Tabi
28 May 2024
@ayymsha, 🤣
ayymsha
28 May 2024
@Kenno_Tabi, 😄 ýok diňe postlandan we teswirlenden tanaýan
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.