Kenno_Tabi
19.05.2024 12:15
GEL, SÖWDA EDELI EZRAÝYL AGA!

Gel, söwda edeli Ezraýyl aga!
Azat bolmaldyr millionlarça jan...
Zemini çüýreden gurçuklar barka
Garyp agysyna neneñ çydaýañ?

Degme,
Gezsin garyp göwnün baýadyp,
Halal ojagyna dowul hökmanmy?
Ogul-gyzlaryna ýetishjek bolup,
Olar onsuzam öýüne myhmandyr.

Jahany bakylyk mesgeni saýyp,
Göz aýla sen Hakdan bihabarlara.
Dünýäñ her künjüni zaýalap ýören
Baryp gaýt ýüregi harabalara.

Sadalary gurda iým edip ýören
Kän-ä ynsan geýmin geýinen tilki.
Hemem kemäýseñ mugthorlañ neslini,
Tapdan düshen ynsap daýanar belki.

Tämiz çagajygnyñ Behishdi ysyn
Ýañy koklan ejeleri aglatma!
Ýa-da, ol, çagadan Jennetin alyp,
Mähirsizleñ del ellerin galgatma!

Ogullañ mekdebi, gyzlañ guwanjy--
Dillerinden "däde" sözün sogurma!
Hem senden iñ soñky wajyp dilegim
Atalañ arzuwyn aja ýugurma!

Söz berseñ aýdanlam razylamaga
Gel, söwda edeli Ezraýyl aga!

©Şyhnazar Durdyýew
29
108
Kenno_Tabi
19 May 2024
@manolya, 🤣🤣🤣
manolya
19 May 2024
@Kenno_Tabi, hawa maňa bir degmänkäler işlerimi bitirişdireýin bedende jan barka ))
Kenno_Tabi
19 May 2024
@manolya, bar howwa, ýoluň bilen bol
manolya
19 May 2024
@Kenno_Tabi, wii 🤦😁 bular söwda edýär ekenä 😁👍 söwdasyny bölmäýin ýöredim
Kenno_Tabi
19 May 2024
@manolya, ony 🙄🤦🏻‍♂️
manolya
19 May 2024
@Kenno_Tabi, okadym 🙄 düşünmedim..hany bir täzeden okaýyn 🤔🤦
Kenno_Tabi
19 May 2024
@manolya, goşgyny okaýda gaýrat etde 🙄🤦🏻‍♂️
manolya
19 May 2024
@Kenno_Tabi, @Kenno_Tabi, bul adamyň janyny almana barmandyrmy ol 🙄
Kenno_Tabi
19 May 2024
@manolya, Jähendemde Ezraýyl bolýamy? 🙄🤦🏻‍♂️
manolya
19 May 2024
Ezraýyl bul adama gorkunç görünipdir...diýmek bul jähennemlikmikä ?🤔
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.