Karaleva_
22.08.2024 13:06
Günorta Uelsiň kenarynda 10 ýaşly Tegan atly gyzjagaz we onuň ejesi Kler ýaşy 200 million ýyl töweregi diýlip çak edilýän dinozawryň aýak yzlaryny tapdylar diýip, BBC ýazýar.



Bu açyş 75 sm aralykda bolan bäş sany penje yzlaryny öz içine alýar. Ilkinji gözleg netijelerinde, yzlaryň uly ot iýýän zawropodomorfa degişlidigi tassyklandy.
Suratlary seljeren Uelsiň Milli muzeýiniň paleontologlary aýak yzlarynyň Trias döwrüniň ahyrynda häzirki Uelsiň çäginde ýaşan Camelotia görnüşine degişli bolup biljekdigini çaklaýarlar.

“Camelotia, beýikligi 3 metre, uzynlygy 4-5 metre ýetýän, boýny we guýrugy uzyn bolan irki zawropodomorfdyr. Adatça, iki aýakda ýöreýär, ýöne iýmit gözleginde dördüsini hem ulanyp bilýär" - diýip, paleontolog Sindi Hauells aýdýar.

Ahyrky netijä gelinmese-de, alymlar tapyndylaryň ygtybarlydygyna ynanýarlar. Hoauells aýak yzlarynyň ýerleşişi olaryň hakykylygyny görkezýändigini belläp geçýär. Häzirki wagtda nusgalaryň ýoklugy sebäpli bu dinozawrlaryň daşky görnüşi barada maglumat az.

Tmcars
17
26
Karaleva_
22.08.2024 09:45
Adam döshine kakyp..
Men diýer, jübüsine pul salyp..

Men diýer, inda bar zadym bar diýse,
ölümem bir ýerden çykyp.. Men diyer..
17
30
Karaleva_
22.08.2024 06:28
HIÇ HAÇAN UMYTDAN DÜŞME !!!/
DURMUŞDA BIR ZAT GUTARSA,
DIÝMEK TÄZE ZAT BAŞLAJAKDYR
20
50
Karaleva_
21.08.2024 23:48
Altyn tokgalarynyň bahasy taryhda ilkinji gezek 1 mln dollardan geçdi. Bu 16-njy awgustda altynyň nyrhy bir troý unsiýasy üçin 2500 dollardan geçenden soň boldy diýip, Bloomberg habar berýär.

Altyn tokgalarynyň, adatça, agramy 400 troý unsiýasy (12,5 kg) bolup, bu olaryň bahasynyň 1 mln dollardan gowrak bolmagyna getirýär. Ýöne, Londonyň gymmat bahaly metallar bazarynyň assosiasiýasynyň düzgünlerine görä, tokgalaryň agramy 350 – 430 unsiýa (10,9 – 13,4 kg) aralygynda üýtgäp biler. Hususy maýadarlar üçin agramy 1 gramdan başlaýan kiçi tokgalar hem bar.
19-njy awgustda altyn üçin birža bahalary bir unsiýa üçin 2550 dollara ýetdi, ýöne Aşgabat wagty bilen 22:50-ä çenli bahalar 2541,3 dollara çenli aşak düşdi.
Ýylyň başyndan bäri altyn 20%-den gowrak gymmatlady, muňa merkezi banklar tarapyndan islegiň ýokary bolmagy ýardam etdi. Metals Focus konsalting kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylyň birinji ýarymynda olaryň arassa satyn almalary 483,3 tonna boldy, bu tas 40 müň altyn tokgasyna barabardyr.

Tmcars
14
16
Karaleva_
21.08.2024 16:38
Dreksel uniwersitetiniň barlagçylary dogabitdi ýürek kemçiligi bolan çagalar üçin ýürek implantynyň täze görnüşini döretdiler. Çaganyň ulalmagy bilen ony ulaldyp bolar diýip,  Amerikanyň himiýa jemgyýeti habar berdi.

Kateter arkaly ýagtylyk bilen işjeňleşdirilende giňelip bilýän bu şunt implanty çalyşmak üçin zerur açyk ýürek operasiýalarynyň sanyny azaldyp biler.
Barlagyň şärikdeş awtory Kristofer Rodelliň sözlerine görä, adaty implantlar her gezek uly ölçegli şunt oturdylanda gaýtadan saglyk üçin ýokary töwekgelçilik döredýän operasiýa geçirilmegini talap edýär. Ýagtylyga duýgur gidrogel bilen örtülen täze implant çalyşmaga zerurlygy aradan aýryp, 40% giňelip biler.
Laboratoriýa synaglary wagtynda barlagçylar gan damarlarynyň dykylmasynyň ýa-da çişme täsirleriniň alamatlaryny tapmazdan, şuntyň diametrini 3,5 mm-den 5 mm-e çenli ulaltmagy başardylar. Kliniki synaglardan ozal gurluşyň howpsuzlygyny tassyklamak üçin deslapky synaglar geçirilýär.

Tmcars
14
30
Karaleva_
21.08.2024 10:16
Olmaz dediğin ne varsa hepsi olur.
Düşmem dersin düşersin,
Şaşmam dersin şaşarsın.

Öldüm der durur, yine de yaşarsın...




Hz. Mevlâna
15
32
Karaleva_
20.08.2024 23:34
Sözüňize guwanyň,
sesiňize däl.

Güllerem ýagyşdan ösýär,

ýyldyrymdan däl.
19
46
Karaleva_
20.08.2024 19:10
Akylda bahar bolansoň,

pikirlerde gül açar.


"Gowy düşüneliň, gowy bolsun


:)
16
101
Karaleva_
20.08.2024 11:26
Agramy 270 kg bolan uly mamont gyýagy Medisonda (Missisipi, ABŞ) tapyldy. Ony daşa öwrülen galyndylaryň "awçysy" Eddi Templton tapdy. Gyýak derýanyň kenaryndaky gaýadan çykyp duran eken diýip, Live Science ýazýar.



Ştatyň geologiki gözleg gullugy bu tapyndynyň sebitdäki ilkinji şeýle görnüşdäki tapyndydygyny tassyklady.
Gyýak pleýstosen döwründe 2,6 mln - 11,7 müň ýyl ozal ýaşap geçen Kolumbyň mamontyna degişlidir. Gyýagyň uzynlygy 2 metre golaý.
Ozal ştatda diňe mastodontlaryň – mamontlaryň ýakyn garyndaşlarynyň galyndylary tapylýardy. Kolumb mamontlary açyk meýdanlarda ýaşapdyrlar. Olaryň ýok bolmagy howanyň üýtgemegi we adam awy bilen baglanyşyklydyr.
15
37
Karaleva_
20.08.2024 05:29
Arktikanyň kenarýaka sebitlerindäki ebedi buzluklaryň eremegi, ummanyň atmosferadan kömürturşy gazyny (CO2) siňdirmegine ýaramaz täsir edýär. Bu barada Nature Climate Change žurnalynda çap edilen täze barlagda aýdylýar.

Buzluklaryň eremegi bilen suwuň düzümindäki CO2 artýar, bu bolsa suwuň CO2-ni howadan siňdirmek ukybyny peseldýär. Modelirleme, bu täsiriň 2100-nji ýyla çenli atmosferadaky CO2 zyňyndylarynyň, 2021-nji ýylda Ýewropadaky ähli awtoulaglaryň zyňyndylarynyň 10%-i bilen deňeşdirip boljak derejede artjagyny görkezdi.
Bu barlag klimaty modelirlemeke buzluklaryň eremegini göz öňünde tutmagyň möhümdigini görkezýär. Bu bolsa geljekdäki howa şertlerini has takyk çaklamaga we global maýlama garşy has täsirli çäreleri işläp düzmäge mümkinçilik berer.
15
21