Karaleva_
20.08.2024 11:26
Agramy 270 kg bolan uly mamont gyýagy Medisonda (Missisipi, ABŞ) tapyldy. Ony daşa öwrülen galyndylaryň "awçysy" Eddi Templton tapdy. Gyýak derýanyň kenaryndaky gaýadan çykyp duran eken diýip, Live Science ýazýar.



Ştatyň geologiki gözleg gullugy bu tapyndynyň sebitdäki ilkinji şeýle görnüşdäki tapyndydygyny tassyklady.
Gyýak pleýstosen döwründe 2,6 mln - 11,7 müň ýyl ozal ýaşap geçen Kolumbyň mamontyna degişlidir. Gyýagyň uzynlygy 2 metre golaý.
Ozal ştatda diňe mastodontlaryň – mamontlaryň ýakyn garyndaşlarynyň galyndylary tapylýardy. Kolumb mamontlary açyk meýdanlarda ýaşapdyrlar. Olaryň ýok bolmagy howanyň üýtgemegi we adam awy bilen baglanyşyklydyr.
15
36
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.