Karaleva_
22.08.2024 13:06
Günorta Uelsiň kenarynda 10 ýaşly Tegan atly gyzjagaz we onuň ejesi Kler ýaşy 200 million ýyl töweregi diýlip çak edilýän dinozawryň aýak yzlaryny tapdylar diýip, BBC ýazýar.



Bu açyş 75 sm aralykda bolan bäş sany penje yzlaryny öz içine alýar. Ilkinji gözleg netijelerinde, yzlaryň uly ot iýýän zawropodomorfa degişlidigi tassyklandy.
Suratlary seljeren Uelsiň Milli muzeýiniň paleontologlary aýak yzlarynyň Trias döwrüniň ahyrynda häzirki Uelsiň çäginde ýaşan Camelotia görnüşine degişli bolup biljekdigini çaklaýarlar.

“Camelotia, beýikligi 3 metre, uzynlygy 4-5 metre ýetýän, boýny we guýrugy uzyn bolan irki zawropodomorfdyr. Adatça, iki aýakda ýöreýär, ýöne iýmit gözleginde dördüsini hem ulanyp bilýär" - diýip, paleontolog Sindi Hauells aýdýar.

Ahyrky netijä gelinmese-de, alymlar tapyndylaryň ygtybarlydygyna ynanýarlar. Hoauells aýak yzlarynyň ýerleşişi olaryň hakykylygyny görkezýändigini belläp geçýär. Häzirki wagtda nusgalaryň ýoklugy sebäpli bu dinozawrlaryň daşky görnüşi barada maglumat az.

Tmcars
17
26
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.