Dreksel uniwersitetiniň barlagçylary dogabitdi ýürek kemçiligi bolan çagalar üçin ýürek implantynyň täze görnüşini döretdiler. Çaganyň ulalmagy bilen ony ulaldyp bolar diýip, Amerikanyň himiýa jemgyýeti habar berdi.
Kateter arkaly ýagtylyk bilen işjeňleşdirilende giňelip bilýän bu şunt implanty çalyşmak üçin zerur açyk ýürek operasiýalarynyň sanyny azaldyp biler.
Barlagyň şärikdeş awtory Kristofer Rodelliň sözlerine görä, adaty implantlar her gezek uly ölçegli şunt oturdylanda gaýtadan saglyk üçin ýokary töwekgelçilik döredýän operasiýa geçirilmegini talap edýär. Ýagtylyga duýgur gidrogel bilen örtülen täze implant çalyşmaga zerurlygy aradan aýryp, 40% giňelip biler.
Laboratoriýa synaglary wagtynda barlagçylar gan damarlarynyň dykylmasynyň ýa-da çişme täsirleriniň alamatlaryny tapmazdan, şuntyň diametrini 3,5 mm-den 5 mm-e çenli ulaltmagy başardylar. Kliniki synaglardan ozal gurluşyň howpsuzlygyny tassyklamak üçin deslapky synaglar geçirilýär.
Tmcars