Arktikanyň kenarýaka sebitlerindäki ebedi buzluklaryň eremegi, ummanyň atmosferadan kömürturşy gazyny (CO2) siňdirmegine ýaramaz täsir edýär. Bu barada Nature Climate Change žurnalynda çap edilen täze barlagda aýdylýar.
Buzluklaryň eremegi bilen suwuň düzümindäki CO2 artýar, bu bolsa suwuň CO2-ni howadan siňdirmek ukybyny peseldýär. Modelirleme, bu täsiriň 2100-nji ýyla çenli atmosferadaky CO2 zyňyndylarynyň, 2021-nji ýylda Ýewropadaky ähli awtoulaglaryň zyňyndylarynyň 10%-i bilen deňeşdirip boljak derejede artjagyny görkezdi.
Bu barlag klimaty modelirlemeke buzluklaryň eremegini göz öňünde tutmagyň möhümdigini görkezýär. Bu bolsa geljekdäki howa şertlerini has takyk çaklamaga we global maýlama garşy has täsirli çäreleri işläp düzmäge mümkinçilik berer.