Karaleva_
21.08.2024 23:48
Altyn tokgalarynyň bahasy taryhda ilkinji gezek 1 mln dollardan geçdi. Bu 16-njy awgustda altynyň nyrhy bir troý unsiýasy üçin 2500 dollardan geçenden soň boldy diýip, Bloomberg habar berýär.

Altyn tokgalarynyň, adatça, agramy 400 troý unsiýasy (12,5 kg) bolup, bu olaryň bahasynyň 1 mln dollardan gowrak bolmagyna getirýär. Ýöne, Londonyň gymmat bahaly metallar bazarynyň assosiasiýasynyň düzgünlerine görä, tokgalaryň agramy 350 – 430 unsiýa (10,9 – 13,4 kg) aralygynda üýtgäp biler. Hususy maýadarlar üçin agramy 1 gramdan başlaýan kiçi tokgalar hem bar.
19-njy awgustda altyn üçin birža bahalary bir unsiýa üçin 2550 dollara ýetdi, ýöne Aşgabat wagty bilen 22:50-ä çenli bahalar 2541,3 dollara çenli aşak düşdi.
Ýylyň başyndan bäri altyn 20%-den gowrak gymmatlady, muňa merkezi banklar tarapyndan islegiň ýokary bolmagy ýardam etdi. Metals Focus konsalting kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylyň birinji ýarymynda olaryň arassa satyn almalary 483,3 tonna boldy, bu tas 40 müň altyn tokgasyna barabardyr.

Tmcars
14
16
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.