Karaleva_
26.08.2024 07:58
Abu-Dabidäki Nýu-Ýork uniwersitetiniň Astrofizika we kosmos ylymlary merkeziniň hem-de Gresiýanyň Patras uniwersitetiniň barlagçylary astronawtlary Marsdaky radiasiýadan netijeli gorap biljek materiallary kesgitlediler.

The European Physical Journal Plus-da neşir edilen barlagda alymlar kosmiki radiasiýa şertlerinde dürli materiallara baha bermek üçin kompýuter simulýasiýalaryny ulandylar.
Olaryň iň netijelisi plastik we rezin düzümli birleşmeler, şeýle hem Mars  regoliti bolup çykdy. Bu materiallar Gyzyl Planetada uzak möhletli missiýalaryň howpsuzlygyny ýokarlandyrjak, ýaşamak üçin goragly gurşawlar we skafandrlar  üçin esas bolup biler. Goşmaça barlag kosmos tehnologiýasynda giňden ulanylýan alýuminiň beýleki pes atom sanly materiallar bilen birleşdirilende peýdaly boljakdygyny görkezdi.

“Bu astronawtlaryň howpsuzlygyny ýokarlandyrar we Marsa uzak möhletli missiýalary amala aşyrmagy hakykata hasam golaýlaşdyrar. Bu adamyň kosmosy özleşdirmeginiň geljegini we Marsda adamlar üçin bazanyň döredilmegini, şol sanda BAE-nyň “Mars 2117” taslamasyny we 2117-nji ýyla çenli Marsda şäher döretmek maksadyny goldaýar" – diýip, barlagyň awtorlarynyň biri Dimitr Atri belledi.

Tmcars
15
46
Karaleva_
25.08.2024 13:33
Fergana jülgesiniň demirgazyk böleginde, Taşkumyr şäheriniň golaýyndaky Balabansaýyň paleontologiki formasiýasynda nemes alymlary ýyrtyjy dinozawrlaryň ozal näbelli görnüşleriniň galyndylaryny tapdylar.

Alpkarakush kyrgyzicus diýlip atlandyrylýan bu görnüş, takmynan, 165-161 million ýyl ozal Ýura döwrüniň Kelloweý ýarusynda ýaşapdyr. Dinozawryň bedeniniň uzynlygy 7–8 metre ýetipdir we, megerem, kellesinde şahy bolan bolsa gerek.
Görnüşiň ady gyrgyzlaryň “Manas” eposyndaky äpet mifiki guş bolan “Alp-karakuşyň” (sözme-söz terjimesi - gahryman gara guş) hormatyna dakyldy.
Alpkarakush kyrgyzicus tirannozawrlar we allozawrlar bilen garyndaş ýyrtyjy dinozawrlar topary bolan metriakantozawridlere degişlidir. Bu açyşdan ozal metriakanthozawridiň galyndylary diňe Merkezi Ýewropada we Gündogar Aziýada tapylypdy.
Bu dinozawrlaryň süri bolup ýaşandygyny görkezýän iki dinozawryň – uly, ýaş we çaga dinozawryň skeletiniň bölekleriniň tapylmagy gyzykly açyş boldy. Täze görnüşiň beýany Zoological Journal of the Linnean Society žurnalynda çap edildi.
Häzirki wagta çenli metriakantozawridleriň galyndylarynyň Merkezi Ýewropada we Gündogar Aziýada tapylandygy bellenýär. Alpkarakuşi galyndylary Merkezi Aziýada tapylan, ýura döwrüniň iri ýyrtyjy dinozawrlarynyň ilkinji wekili boldy.

Tmcars
13
22
Karaleva_
25.08.2024 09:17
"Üstünligiň syry
jübimizdäki pulda däl.

ýüregimizde bolan ynamymyzdadyr."
16
37
Karaleva_
24.08.2024 18:09
Kanadanyň Lucara Diamond kompaniýasy Botswanadaky Karowe käninde 2492 karat agramly almaz tapdy. Bu soňky 120 ýylda tapylan iň uly we häzire çenli tapylan ikinji iň uly almaz diýip, Bloomberg habar berýär.

Bu almaz ululygy boýunça diňe Cullinan almazyndan (“Afrikanyň ýyldyzy” hökmünde hem belli) yza galýar. Onuň agramy 3106 karata deň. Almaz 1905-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda Günorta Afrikadaky “Premýer” şahtasynda tapyldy we tapylmadyk örän uly oktaedr kristalyň bir bölegi bolmagy ahmal. Daş magdanyň eýesi Tomas Kullinanyň hormatyna atlandyryldy.
Karowe käni özüniň uly almazlary bilen bellidir. 2015-nji ýylda Lucara bu ýerde 1109 karat agramly Lesedi La Rona almazyny tapdy. Soň ol 53 mln dollara satyldy. Karowe şahtalarynda rekord 63 mln dollara satylan 813 karat agramly almaz hem tapyldy. Bu daşlaryň ikisi-de IIa görnüşe degişli – bu iň arassa almazlar.

Tmcars
14
117
Karaleva_
24.08.2024 10:25
Cloudflare-iň wise-prezidenti Roki Robinetiň 8 ýaşly gyzy bary-ýogy ikinji programmirleme sapagynda 45 minutda çatbot döretdi. Bu barada Robinetiň özi aýdyp berdi diýip, IXBT habar berýär.

Gyzjagaz redaktor we Cursor emeli aň kömekçisini, şeýle hem Cloudflare-iň Workers AI platformasyny ulanyp täsirli netijeleri gazandy.
Bu waka hatda täze başlanlara-da programmirlemegi öwretmekde emeli aňyň güýjüni görkezýär.
Gyzjagazyň wideosy X ulanyjylaryndan joşgunly teswirleri aldy. Ulanyjylar, tejribesi bolmadyk 8 ýaşly gyzjagaz muny başaran bolsa, her kimiň hem edip biljekdigini belläp geçdiler.

Tmcars
16
29
Karaleva_
23.08.2024 19:44
Ýer togalagynyň iň garry ýaşaýjysy diýlip ykrar edilen Mariýa Branýas Morera Ispaniýada 117 ýaşynda aradan çykdy. Moreranyň maşgalasy onuň ýogalandygyny X sosial ulgamynda habar berdi diýip, Daily Mail neşiri ýazýar.

Ol ömrüniň soňky 20 ýylyny garrylar öýünde ýaşamak bilen, ukudaka aradan çykdy.

“Wagty geldi. Aglamaň, men gözýaşy halamok. Öňi bilen aýtjak zadym, meniň üçin gyýylmaň " – diýip, ol özmeziniň öň ýany sargady.

Morera 1907-nji ýylyň 4-nji martynda ABŞ-nyň San-Fransisko şäherinde dünýä indi, ýöne 1915-nji ýylda maşgalasy bilen Kataloniýa göçdi we ömrüniň ahyryna çenli şol ýerde ýaşady. Ol uzak ömründe ispan dümewiniň epidemiýasyny we Ispaniýadaky raýat urşuny gördi. 1976-njy ýylda Mariýa Branýas dul galyp, çagalaryndan birini hem ýitirdi.
2023-nji ýylyň ýanwar aýynda uzak ýaşly zenan Ginnesiň rekordlar kitabyna dünýäniň iň garry adamy hökmünde girizildi. Ondan öň rekord eýesi 118 ýaşynda aradan çykan fransuz monah zenany Lýusil Randondy.
Morera ýogalandan soň, Ýer ýüzündäki iň garry adam tituly şu ýyl 116 ýaşyny dolduran ýapon zenany Tomiko Itooka berildi.

Tmcars
16
49
Karaleva_
23.08.2024 14:40
Google kompaniýasy neýroulgam tehnologiýalarynyň ulanylmagy bilen Gmail-iň funksionalynyň giňelendigini mälim etdi. Bu barada PhoneArena habar berýär.

Polish diýlip atlandyrylan täze funksiýada ulanyjylar öz elektron hatlarynyň hilini ýokarlandyryp bilerler. Ol hem web-wersiýada, hem ykjam Android we iOS gurluşlarynda elýeterlidir.
Polish funksiýasy üç stilistik mümkinçiligi öz içine alýar: Formalize, Elaborate we Shorten. Olar teksti dürli formatlarda döretmäge kömek edýär. Bu funksiýany ulanmak üçin hatyň garalamasyny açyp, “Maňa ýazmaga kömek et” nyşanjygyny saýlamak ýeterlik.
Häzirki wagtda täzelik Gemini Business we Enterprise, Gemini Education we Education Premium goşundylary bolan Google Workspace-iň eýelerine, şeýle-de Google One AI Premium ulanyjylaryna elýeterlidir.
Polish funksiýasy öňünden gurnalan görnüşde işjeňleşdirilen bolup, ony öçürmek mümkin däl.

Çesme.tmcars
13
14
Karaleva_
23.08.2024 00:01
20-nji awgustda Beýik Britaniýada patyşa Karl III-niň portreti bolan 1 funt sterling bahaly ilkinji teňňe dolanyşyga girdi. Bu barada Patyşalyk zikgehanasy öz resmi saýtynda habar berdi.



Toplumyň umumy tiražy 2,975 mln nusga boldy we olar ýurduň bank şahamçalaryna iberildi.

“Taryha el degirmek üçin gaýtarga serediň, sebäbi Onuň Alyhezreti patyşa Karl III bilen 1 funt sterling bahaly ilkinji teňňe 20-nji awgustda dolanyşyga girdi” – diýlip, habarda aýdylýar.

Mundan öň, Karl III-niň portreti bolan 50 pens bahaly teňňeler dolanyşyga giripdi.
Karl III ejesi, şa aýaly Ýelizaweta II aradan çykandan soň, 2022-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda tagta çykdy. Monarhyň täç geýdiriliş dabarasy 2023-nji ýylyň 6-njy maýynda Londondaky Westminster abbatlygynda geçirildi.

Tmcars
16
13
Karaleva_
22.08.2024 23:59
Her ýyl geçirilýän iPhone Photography Awards (IPPAWARDS) bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi. Bu bäsleşige iPhone smartfonlary bilen düşürilen suratlar gatnaşýar.



Şu ýyl Gran-prini okeanariumdaky bir oglanjygyň gara-ak suraty aldy. Suraty ABŞ-dan fotograf Erin Bruks iPhone 15 Pro Max-da düşürdi.
“Ýylyň fotosuratçysy” baş nominasiýasyndan başga-da, bäsleşik annotasiýa, haýwanlar, binagärlik, çagalar, şäher peýzažy, peýzaž, durmuş ýörelgesi, tebigat, adamlar, portret, seriallar, natýurmort, syýahat ýaly kategoriýalarda geçirildi.
Ähli kategoriýalarda ýeňijileriň işi iPhone Photography Awards saýtynda hödürlendi

Tmcars
15
26
Karaleva_
22.08.2024 13:06
Günorta Uelsiň kenarynda 10 ýaşly Tegan atly gyzjagaz we onuň ejesi Kler ýaşy 200 million ýyl töweregi diýlip çak edilýän dinozawryň aýak yzlaryny tapdylar diýip, BBC ýazýar.



Bu açyş 75 sm aralykda bolan bäş sany penje yzlaryny öz içine alýar. Ilkinji gözleg netijelerinde, yzlaryň uly ot iýýän zawropodomorfa degişlidigi tassyklandy.
Suratlary seljeren Uelsiň Milli muzeýiniň paleontologlary aýak yzlarynyň Trias döwrüniň ahyrynda häzirki Uelsiň çäginde ýaşan Camelotia görnüşine degişli bolup biljekdigini çaklaýarlar.

“Camelotia, beýikligi 3 metre, uzynlygy 4-5 metre ýetýän, boýny we guýrugy uzyn bolan irki zawropodomorfdyr. Adatça, iki aýakda ýöreýär, ýöne iýmit gözleginde dördüsini hem ulanyp bilýär" - diýip, paleontolog Sindi Hauells aýdýar.

Ahyrky netijä gelinmese-de, alymlar tapyndylaryň ygtybarlydygyna ynanýarlar. Hoauells aýak yzlarynyň ýerleşişi olaryň hakykylygyny görkezýändigini belläp geçýär. Häzirki wagtda nusgalaryň ýoklugy sebäpli bu dinozawrlaryň daşky görnüşi barada maglumat az.

Tmcars
17
26