Karaleva_
02.09.2024 10:36
Gözleriň gussaly görünýär, jigim,
Dök ýüregňi, göwnüň biraz ýeňlesin.
Yetik ahyr munda meň dertlidigim,
Hasrat seni asyl-asyl ýeňmesin..



Aýtmasaňam egniň gysyk çalaja,
Bilýän, durmuş has çökderdir çakyňdan.
Ykbal asla boýun bolmaz alaja,
Taýyňdan tazygyp bitaý çatylsaň.



Ýylgyrýaň, armana gaçan dideleň
, Yüregiň yzasyn mugtuna satýar.
Saglyk bolsun, galan zady ideme,
Indi seň kän zada akylyň çatýar.




Sen hamala bu barlykdan iripsiň,
Gülüşeli biraz öňküler deýin. Geçen agşam düýşüme-de giripsiň,
Gözleriň gussaly görünýär, jigim!



Gulşirin Hanowa
12
32
Karaleva_
2 Sentýabr 2024
@manolya, 😁
manolya
2 Sentýabr 2024
Aradaky waka ýadyma düşdi 😄 şul goşgyny okap ,jigime bir zat aýdyp otyrdym telefonda soňundan şul aýdanlarymy ejeme aýdaýma diýsem "bolýa " diýdi 🤦 soň bildim telefonyň sesi açyk dur eken ejemem diňläp otyr eken 😂😂 şondan bäri ýanyňda kim bar diýen ýaly sorag -jogap edyan
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.