Karaleva_
07.09.2024 00:14
Hindistanly talyp Tapala Nadamuni ululygy bary-ýogy 0,65 sm bolan dünýäde iň kiçijik tozan sorujyny döretdi. Onuň üstünligi Ginnesiň rekordlar kitaby tarapyndan resmi taýdan hasaba alyndy, ol 2022-nji ýylda goýlan öňki rekordy 0,2 sm tapawut bilen täzeledi.



2020-nji ýylda 1,76 sm ululykdaky tozan sorujy bilen eýýäm rekord goýan 23 ýaşly Tapala soňky ýyllary öz netijesini has gowulaşdyrmaga sarp etdi. Täze model yhlasly zähmetiň we 50-den gowrak gaýtadan işlenen shemanyň netijesi boldy.
Mini-tozan sorujy doly göwrümli tozan sorujylar ýaly işleýär: ol hapany sorýan otrisatel basyşy döretmek üçin elektrik energiýasyny ulanýar.
Esasy kynçylyk tozan sorujylygyň zerur kuwwatyna ýetmekde boldy. Tapala korpus üçin esas hökmünde şarikli ruçkany ulandy we plastikden hem metaldan birnäçe elementi goşdy. Gurluşyň içinde 4 woltlyk wibrasiýa hereketlendirijisinden işleýän kiçijik aýlanýan wentilýator bar.

“Gajetleri döretmek işi meni çagalykdan bäri gyzyklandyrýardy. Men dört ýyldan soň öz rekordymy täzeläp bilendigime diýseň begenýärin” – diýip, Tapala belledi.

Tmcars
8
55
Karaleva_
7 Sentýabr 2024
@bilesigelijilai, aý bolýada 😒
Karaleva_
7 Sentýabr 2024
@bilesigelijilai, üns bermedigin
Karaleva_
7 Sentýabr 2024
@bilesigelijilai, Gowy sen gowmuň Bilgeşleyinmi
flowers_
7 Sentýabr 2024
Bir derde ýaraýan bolsa rekordlar kitabyna girmezdi🤦‍♀️
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.