Karaleva_
03.09.2024 17:15
Awstraliýaly alymlar möhüm açyş etdiler: Ýeriň suwuk ýadrosynda, birnäçe müň kilometr çuňlukda byzmyk şekilli bölek tapyldy. Phys.org-da neşir edilen barlag  planetamyzyň magnit meýdanynyň dinamikasynyň käbir syrlaryny açýar.



Ýeriň iki gat ýadrosy bar: içki ýadro - gaty gatlak, daşky ýadro - suwuk gatlak. Ýeriň ýadrosynyň daşynda mantiýa ýerleşýär. Bu syrly gurluş daşky ýadronyň üstünde, suwuk ýadronyň mantiýa bilen galtaşýan ýerinde ýerleşýär.
Seýsmologlaryň sözlerine görä, şu wagta çenli bu sebitiň bardygyny hiç kim bilmeýärdi. Ol ýertitremesine edilen gözegçilikler we seýsmiki tolkunlaryň seljermesi netijesinde ýüze çykaryldy. Alymlar bu sebitden geçýän tolkunlaryň tizliginiň daşky ýadronyň beýleki ýerlerindäkä garanda ep-esli pesdigini gördüler.

Professor Hrwoýe Tkalçiç: "Biz “byzmygyň” takyk galyňlygyny bilemzok, ýöne onuň ýadro bilen mantiýanyň serhediniň aşagy bilen birnäçe ýüz kilometre çenli uzalyp gidýändigini çaklaýarys" – diýip belleýär.

Bu açyş, esasan, ergin demir bilen nikelden durýan daşky ýadronyň düzümine we özüni alyp barşyna täzeçe düşünmäge mümkinçilik berýär. Bu tok geçiriji massanyň hereketi bizi kosmiki radiasiýadan goraýan magnit meýdanyny döredýär.
Alymlar bu sebitiň Ýeriň magnit meýdany bilen baglanyşykly bolup biljekdigini we onuň geljekdäki mümkin bolan üýtgemelerine düşünmäge  kömek edip biljekdigini  çaklaýarlar.

“Alymlar üçin daşky ýadro henizem syrlylygyna galýar we entek açylmaly zat köp. Munuň üçin seýsmologlar, minerallaryň, geomagnitizmiň we geodinamikanyň fizikleri tagallalaryny birleşdirmeli bolarlar"-diýip, işiň awtordaşy Sýaolun Ma nygtady.

Tmcars
8
39
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.