Karaleva_
06.09.2024 02:57
Alymlar adaty marmozetleriň (Callithrix Jacchus) - günorta amerikaly ownuk maýmynlaryň biri-birini tanamak üçin özboluşly sesleri ulanýandyklaryny, ýagny biri-biriniň adyny tutup gygyrýandyklaryny anykladylar. Bu barada Edmond we Lili Safra adyndaky Neýroylymlar merkeziniň we Iýerusalimdäki Ýewreý uniwersitetiniň ýanyndaky Benin kompýuter ylymlary we inženerçilik mekdebiniň hünärmenleri tarapyndan geçirilen barlagda aýdylýar.

Science žurnalynda çap edilen makalada synaglaryň dowamynda primatlaryň kesekileriň bardygyny bildirmek üçin häsiýetli gykylyklary çykarandygy aýdylýar.
Üç dürli maşgala toparyndan 10 sany marmozeti öz içine alan barlag toparyň her agzasynyň kowumdaşlaryna ýüzlenmek üçin ýörite sesler toplumyny ulanýandygyny görkezdi. Bu marmozetlere gür tropiki tokaýlarda aragatnaşygy we toparyň jebislini saklamaga mümkinçilik berýär. Alymlar şeýle signallaryň 50 müňden gowragyny ýazgy etdiler.
Sesleriň maşyn öwreniş usullaryny ulanyp geçirilen seljermesi kime ýüzlenilýändigine baglylykda tapawutlanýandygyny tassyklady. Bu sesleriň adam atlaryna meňzeş özboluşly patternleri bar.
Birek-birege at dakmak - öz görnüşiniň beýleki wekillerine ses bilen “bellik etmek” we olary şoňa görä tanamak ukyby adamlara mahsus iň ýokary kognitiw funksiýalaryň biridir. Şeýle hereket ozal diňe delfinlerde we pillerde duşdy.
Täze açyş primatlarda çylşyrymly aragatnaşyk ukyplarynyň bardygyny we olaryň jemgyýetçilik gurluşynyň özboluşlylygyny görkezýär.

Tmcars
14
37
Karaleva_
6 Sentýabr 2024
@navat_, tamam 😋
navat_
6 Sentýabr 2024
@Karaleva_, senem tatlim
Karaleva_
6 Sentýabr 2024
@navat_, Bolyala hemişe Gowja bol 🙃
navat_
6 Sentýabr 2024
@Karaleva_, gowy menem hudaya sukur🤗🤗
Karaleva_
6 Sentýabr 2024
@navat_, salam gowy a sen
navat_
6 Sentýabr 2024
@Karaleva_, Salam gowmy tatlimm😃🤗🤗🤗
Karaleva_
6 Sentýabr 2024
@okyyjy, 😁
okyyjy
6 Sentýabr 2024
Bäh, mlds Maýmynlara
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.