ABŞ-nyň Ogaýo ştatyndan 99 ýaşly Jorjiýa MakGarri orta bilim hakynda şahadatnamasyny aldy. Jorjiýa Ikinji jahan urşy döwründe maşgalasynyň maddy kynçylygy sebäpli, 11-nji synpda mekdebi taşlamaga mejbur boldy diýip, WTOV9 (Fox-uň şahamçasy) telekanaly habar berýär.
1944-nji ýyla çenli Jorjiýa Wudswilddäki mekdebe gatnady. Ol okuwyny taşlap, dermanhana işe girmeli boldy we durmuş guranyndan soň tam süpüriji bolup işledi.
Jorjiýa köp ýyllaryň dowamynda orta bilim hakyndaky şahadatnamany almagyň arzuwyny edipdi. Ol bu islegini jorasy Mari Adams bilen paýlaşdy. Mari bolsa Jorjiýanyň öňki synpdaşy we ýerli mekdep müdiri Fil Akerman bilen habarlaşyp, Jorjiýa üçin ýörite gutardyş dabarasyny gurnadylar.
Mari Jorjiýany adaty bir nahara çagyrdy, ýöne ol ýerde oňa garaşylmadyk bir sowgat taýynlanypdy. 99 ýaşly uçuryma gutardyş lybasy berlip, mekdep müdiri oňa dabaraly ýagdaýda şahadatnamany gowşurdy. Bu dabarada, adatça mekdep gutardyşynda açylýan aýdym-sazlar goýberildi.
Orta bilim hakynda şahadatnamanyň berlen senesi 1944-nji ýylyň 19-njy maýynda - Jorjiýanyň mekdebi gutarmaly güni hökmünde görkezildi. Uçurym, köpden bäri garaşan pursady üçin dostlaryna we maşgalasyna minnetdarlyk bildirdi.
Tmcars