Islam_Atayew
14.08.2024 09:07
Bluetooth nauşniklerini ulananyňyzda saglygyňyza howp salýarsyňyz diýip pikir edip gördüňizmi? Şeýle bolsa, siz ýeke dälsiňiz, sebäbi köp adam bu mesele barada alada edýär! Her aý diýen ýaly sosial ulgamlarda Bluetooth nauşnikleriniň kesel döredýändigi ýa-da ýokdugy barada jedel edilýär.
Käbirleri muňa berk garşy çyksa, käbirleri muny goraýarlar. Onda meseläniň hakykaty näme? Jogaba ylym nukdaýnazaryndan seredeliň. Bluetooth nauşnikleri hakykatdanam rak keseline sebäp bolup bilermi?
2015-nji ýylda 42 ýurtdan 247 alymyň simsiz enjamlardan çykýan elektromagnit meýdanlarynyň (EMF) saglyga yetirýän täsiri barada alada bildirýän çagyryşa salgylandy.
Alymlar EMF-leriň uzak wagtlap täsir etmeginiň saglyk töwekgelçiliginiň rak, genetiki zeper, newrologiki nāsazlyklar, öwreniş we ýat problemalary we köpeliş problemalary ýaly täsirleri öz içine alyp biljekdigini mälim etdiler.
Bu çagyryş Bütin dünýä saglygy goraýyş guramasyny we Birleşen Milletler Guramasyny simsiz enjamlardan çykýan EMF-ler üçin has berk görkezmeleri kabul etmäge çagyrdy.
Bluetooth nauşnikleri haýsy radiasiýa çykarýar? Bluetooth nauşnikleri, kompýuterler, jübi telefonlary we hatda mikrotolkunly peçler ýaly enjamlar radio ýygylyk radiasiýasy (RFR) diýilýän pes derejeli EMF görnüşini çykarýarlar.
2011-nji ýylda Halkara düwnük barlagy gullugy bu radiasiýany adamlara kanserogen hökmünde mümkin boldugyça toparlara böldi. Klassifikasiýa jübi telefonynyň ulanylmagy sebäpli glioma (beýni rak keseliniň bir görnüşi) töwekgelçiliginiň ýokarlanmagyna esaslandy.
Mundan başga-da, Milli Toksikologiýa Maksatnamasy (NTP) tarapyndan 2018- nji ýylda geçirilen gözlegde, 2G we 3G jübi telefonlarynda ulanylýan ýokary derejeli RFR täsiriniň syçanlarda düwnük keseliniň döremegine sebäp bolup biljekdigi anyklandy.
Onda bu nähili howply? Umuman aýdanyňda, Bluetooth nauşnikleri bilen çykýan radiasiýa mukdary adaty jübi telefonynyň ýaýradýan radiasiýasyndan ep-esli az. Şeýle-de bolsa, radiasiýa siñdiriş tizliginiň (SAR) hem möhümdigini ýatdan çykarmaly däldir.
Bluetooth nauşnikleri öýjükli telefonlara garanyňda pes radiasiýa çykarýar, ýöne enjamlary kellä ýa-da bedene ýakyn ýerleşdirmek käbir saglygy goraýyş işgärleri üçin esasy alada.
Yurekdesh.ru
21
37
Islam_Atayew
13.08.2024 17:26
„Gürleşeli" diýme, duýgylam dymma, Geplemek islämok hiçzat hakynda, Arzuwlarym tussag, gursagym zyndan,
Men birwagt düşdüm yşgyň atyndan.
Geçmişi ýaňzytma, umydam berme,
Dertden derlän pikirlerim senlik däl,
Häzir mähir küýsāp tutjak ellerim,
Soň çykaryp zyñar ýaly ellik däl.
Edil häzir gyzkly dal şu dünýä.
Jogaplarmyň soraglarny ýitirdim,
Durmuş iki petek berýär ynsana,
Sen haýsyny getirdiñ?!.
Arasynda gitmek bilen galmagyň,
Ýene tukatlygy seçip otyryn.
Geplemek islämok hiçzat hakynda,
Içimde ot ýakyp, öçüp otyryn.
Baýram Bejidow
15
76
Islam_Atayew
12.08.2024 08:38
Şägirtleriniň biri halypasyndan sorapdyr:
Eger-de kimdir biri meni ursa, men näme et- meli?
Ol şeýle jogap beripdir:
- Eger-de gury agajyň şahasy döwlüp, üstüňe gaçsa näme ederdiň?
Şägirt:
Beýle ýagdaýda men näme edip bilerin? Bu bir ýöne tötänlik, yöne bir gabat gelme ahyryn, çünki, haçan-da, ondan gury şaha döwlüp gaçanda, men bagyň aşagynda duran ekenim-dä.
Halypa:
Edil şunuň ýaly bol. Kimdir biri samsyklyk edipdir, gahar edipdir-de, seni urupdyr. Bu hem edil üstüňe agaçdan şaha gaçan ýalydyr. Goý, bu ýagdaý seni birahat etmesin, hamala diýersiň, hiç zat bolmadyk ýaly öz ýoluň bilen ýöräber!
interesnoe.tm
20
72
Islam_Atayew
11.08.2024 00:07
Hezreti Aýşanyň (r.a) şeýle diýendigi rowaýat edilýär: "Sahabalardan bir topary Allanyň Resulynyň (s.a.w) ýanyna gelmek üçin üýşüpdirler. Olaryň arasynda Ebu Bekir, Osman, Aly, Selman, Ammar ibn Ýasir (r.a) dagylar bar eken. Allanyň Resuly (s.a.w) olary garşylamak üçin daşary çykypdyr. Pygamberiñ gyzgyny bolanson, burçak-burçak derläpdir. Ol alnyny sylyp üç gezek: "Nälet bolsun! Alla nälet etsin oña diyip başyny öñe egipdir. Hezreti Aly (r.a): "Ene-atam saña gurban bolsun! Sen şumat kime gargadyñ?" diýipdir. Hezreti Pygamber (s.a.w) şeýle jogap beripdir: - Elbetde, peýdasyz Iblise, Allanyň duşmanyna. Onuñ guýrugy öz artbujagyna girdi we ýedi ýumurtga guzlady. Ynha, şolar, Iblisiñ adamzady ýoldan çykarmak bilen meşgullanýan ogullarydyr.
Birinjisiniñ ady Müşhiş bolup, ol alymlary her dürli arzuw- hyýallara itermek bilen meşgul.
Ikinjisiniñ ady Hadis bolup, ol adamlary namazdan sowaşdyrmak bilen meşgul. Ol näletsiñen adamlara namazy ýatdan çykardýar, adamlary başga zatlar bilen güýmeýär, köp ukladýar. Irkilen kişā "Sen ukladyñ" diyenlerinde: "O nähili, uklamok men" diýdirip, oña täretsiz namaz kyldyrar. Janym elinde bolan Allaha ant içýärin! Şeýdip namazyny okanlaryň namaza beriljek sogabyñ ýarysyny ýa dörtden birini beýle-de dursun, zerre sogap gazanmaz. Ortada diñe gazanan günäsi galar.
Üçünjisiniñ ady Zelenbur bolup, ol bazarlarda aýlanýar. Satyjylara terezini kem çekmäge, söwdada ýalan sözlemäge, satan harydyny aldap satmaga, satýan zatlaryny geçginli etjek bolup her dürli aldaw-hilä ýüz urmaga iterýär.
Dördünjisiniñ ady Betr bolup, ol gyssaga düşen adamy ýaka ýyrtmaga (şermendelik etmäge), ýüzüni dyrtmalamaga, töweregindäki kişilere we emläge zyýan bermäge, gargynç-sögünçli doga-dilegleri etmäge iterýär. Şeýtmek bilen ol ýeter-ýetmezlikden we kynçylykdan gelýän sogabyň öňüni bentlemäge çalyşar.
Bäşinjisiniñ ady Menşüt bolup, ol ýalan-ýaşryk gürrüñleri ýaýratmaga, gep gezdirmäge, adamlary biri- birlerine göwnüýetmezçilik etdirip, adam kemsitmäge iterýär. Adamlar şular ýaly işleri etseler ymgyr köp günä gazanarlar.
Altynjysynyň ady Wasim bolup, ol zyna etdirmek bilen meşgul. Ol peläket erkekleri we aýal-gyzlary biri-birleri bilen zyna etmäge iterýär.
Ýedinjisiniñ ady Awer bolup, ol ogurlyk bilen meşgul. Ol näletsiñen ogrynyň kalbyna: "Et şu ogurlygy. Bergiñden çykarsyň, yzyndan toba edäýmeli bor" diýip, was- wasylyk salar".
Mömin-musulmanyň etmeli işi - hemişe bu þedi dürli şeýtana garşy sak durmak we edýän her bir işinde özüni şeýtandan daşdyr öýtmezlikdir (ýagny, hiç bir işde bütinleý dogry iş edýändirin öýdüp, arkaýynlyga düşmeli dal. - t.b.)
Abdylkadyr GEÝLANY.
"Kuran we Hadyslardan öwütler".
20
67