Şägirtleriniň biri halypasyndan sorapdyr:
Eger-de kimdir biri meni ursa, men näme et- meli?
Ol şeýle jogap beripdir:
- Eger-de gury agajyň şahasy döwlüp, üstüňe gaçsa näme ederdiň?
Şägirt:
Beýle ýagdaýda men näme edip bilerin? Bu bir ýöne tötänlik, yöne bir gabat gelme ahyryn, çünki, haçan-da, ondan gury şaha döwlüp gaçanda, men bagyň aşagynda duran ekenim-dä.
Halypa:
Edil şunuň ýaly bol. Kimdir biri samsyklyk edipdir, gahar edipdir-de, seni urupdyr. Bu hem edil üstüňe agaçdan şaha gaçan ýalydyr. Goý, bu ýagdaý seni birahat etmesin, hamala diýersiň, hiç zat bolmadyk ýaly öz ýoluň bilen ýöräber!
interesnoe.tm