Islam_Atayew
11.08.2024 00:07
Hezreti Aýşanyň (r.a) şeýle diýendigi rowaýat edilýär: "Sahabalardan bir topary Allanyň Resulynyň (s.a.w) ýanyna gelmek üçin üýşüpdirler. Olaryň arasynda Ebu Bekir, Osman, Aly, Selman, Ammar ibn Ýasir (r.a) dagylar bar eken. Allanyň Resuly (s.a.w) olary garşylamak üçin daşary çykypdyr. Pygamberiñ gyzgyny bolanson, burçak-burçak derläpdir. Ol alnyny sylyp üç gezek: "Nälet bolsun! Alla nälet etsin oña diyip başyny öñe egipdir. Hezreti Aly (r.a): "Ene-atam saña gurban bolsun! Sen şumat kime gargadyñ?" diýipdir. Hezreti Pygamber (s.a.w) şeýle jogap beripdir: - Elbetde, peýdasyz Iblise, Allanyň duşmanyna. Onuñ guýrugy öz artbujagyna girdi we ýedi ýumurtga guzlady. Ynha, şolar, Iblisiñ adamzady ýoldan çykarmak bilen meşgullanýan ogullarydyr.

Birinjisiniñ ady Müşhiş bolup, ol alymlary her dürli arzuw- hyýallara itermek bilen meşgul.

Ikinjisiniñ ady Hadis bolup, ol adamlary namazdan sowaşdyrmak bilen meşgul. Ol näletsiñen adamlara namazy ýatdan çykardýar, adamlary başga zatlar bilen güýmeýär, köp ukladýar. Irkilen kişā "Sen ukladyñ" diyenlerinde: "O nähili, uklamok men" diýdirip, oña täretsiz namaz kyldyrar. Janym elinde bolan Allaha ant içýärin! Şeýdip namazyny okanlaryň namaza beriljek sogabyñ ýarysyny ýa dörtden birini beýle-de dursun, zerre sogap gazanmaz. Ortada diñe gazanan günäsi galar.

Üçünjisiniñ ady Zelenbur bolup, ol bazarlarda aýlanýar. Satyjylara terezini kem çekmäge, söwdada ýalan sözlemäge, satan harydyny aldap satmaga, satýan zatlaryny geçginli etjek bolup her dürli aldaw-hilä ýüz urmaga iterýär.

Dördünjisiniñ ady Betr bolup, ol gyssaga düşen adamy ýaka ýyrtmaga (şermendelik etmäge), ýüzüni dyrtmalamaga, töweregindäki kişilere we emläge zyýan bermäge, gargynç-sögünçli doga-dilegleri etmäge iterýär. Şeýtmek bilen ol ýeter-ýetmezlikden we kynçylykdan gelýän sogabyň öňüni bentlemäge çalyşar.

Bäşinjisiniñ ady Menşüt bolup, ol ýalan-ýaşryk gürrüñleri ýaýratmaga, gep gezdirmäge, adamlary biri- birlerine göwnüýetmezçilik etdirip, adam kemsitmäge iterýär. Adamlar şular ýaly işleri etseler ymgyr köp günä gazanarlar.

Altynjysynyň ady Wasim bolup, ol zyna etdirmek bilen meşgul. Ol peläket erkekleri we aýal-gyzlary biri-birleri bilen zyna etmäge iterýär.

Ýedinjisiniñ ady Awer bolup, ol ogurlyk bilen meşgul. Ol näletsiñen ogrynyň kalbyna: "Et şu ogurlygy. Bergiñden çykarsyň, yzyndan toba edäýmeli bor" diýip, was- wasylyk salar".

Mömin-musulmanyň etmeli işi - hemişe bu þedi dürli şeýtana garşy sak durmak we edýän her bir işinde özüni şeýtandan daşdyr öýtmezlikdir (ýagny, hiç bir işde bütinleý dogry iş edýändirin öýdüp, arkaýynlyga düşmeli dal. - t.b.)

Abdylkadyr GEÝLANY.

"Kuran we Hadyslardan öwütler".
20
67
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.