„Gürleşeli" diýme, duýgylam dymma, Geplemek islämok hiçzat hakynda, Arzuwlarym tussag, gursagym zyndan,
Men birwagt düşdüm yşgyň atyndan.
Geçmişi ýaňzytma, umydam berme,
Dertden derlän pikirlerim senlik däl,
Häzir mähir küýsāp tutjak ellerim,
Soň çykaryp zyñar ýaly ellik däl.
Edil häzir gyzkly dal şu dünýä.
Jogaplarmyň soraglarny ýitirdim,
Durmuş iki petek berýär ynsana,
Sen haýsyny getirdiñ?!.
Arasynda gitmek bilen galmagyň,
Ýene tukatlygy seçip otyryn.
Geplemek islämok hiçzat hakynda,
Içimde ot ýakyp, öçüp otyryn.
Baýram Bejidow