Islam_Atayew
15.08.2024 00:25
Kimdir biri siziň adyñyzy bilmän, ýüz tutmaly bolanda "inim", "planyň ogly" "ýegen", "aşna" (ýa-da beýleki şiwe sözler) ýaly atlar bilen başlaýarlar.

Elbetde adyňy bilmedik ýagdaýynda şeýle diýmelem bolýa, ýöne kä bir adamlaryñ "eeý" "eeoow" ýaly sözlerinden gowy.

Ýöne seni tanap, köpden bäri gatnaşyk edýän adamlaryň, ýakynlaryň we dostlaryň adyňy tutuşy başga. Meselem käbir atlaryñ tutulşy barada durup geçeýin:

Oglan atlary:

Arslan - Arsi.
Agajan - Agoş.
Atajan - Atam, Ataş...
Baýram - Baýka.
Batyr - Batýok.
Berdi - Berdiş.
Çary - Çariga.
Süleýman - Sulik, Suli.
Myrat - Murik.
Şa bilen başlaýan atlara - Şammy.
Daýanç- Daýka... garaz sanasañ sanabermeli.

Gyz(Aýal) atlardan:

Aý bilen başlaýan atlar - Aýka.
Gül bilen başlaýan atlar - Guliýa.
Ogul bilen başlaýan atlar - Olia.
Dünýägözel - Dünýäş...we.ş.m atlar.


Siziñ adyñyzy name diýp tutýalar?!
18
153
ylham_gurbanaly
15 Awgust 2024
Atam pahyrdan başgasy üýtgeşik tutanokdy...
PILOT👮‍♂️✈🛩
15 Awgust 2024
👍 yone atlary gysgaldp aytmak men ucinâ hiç gowy dâl😐
ideallider
15 Awgust 2024
@ayymsha, Salam🤩👍
ideallider
15 Awgust 2024
@ayymsha, howwa. Hemmelerdäl, köplenç gyzlar. Gyzlar R diýeninde birhili ýakymly hem bolýar, ýöne oglanlaryňky gödegräk eşidilýär.
ayymsha
15 Awgust 2024
@ideallider, Salam dine birinji harpyny aydyalarmy
ayymsha
15 Awgust 2024
ideallider
15 Awgust 2024
@gunesh_, pişşi iýipdir.
ideallider
15 Awgust 2024
R😄
Arslan_Alaýew
15 Awgust 2024
Meni Arsen, Arsi diýip tutýarlar
flowers_
15 Awgust 2024
Bary 5 harp)
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.