Şahyrlar söýgüsin saklar ýürekde,
Göwnüne degmekden çekinip gyzyň.
Soňam ony ajap goşga öwir-de,
Nagyşlar ýüzüne tämiz kagyzyň.
Çap bolan goşgyny okan şol gözel,
Bilip şygyr ýazylanyn şanyna,
Erkin elden berip, aýagy bilen
Geler onson şahyrynyň ýanyna.
Manyly söhbetler, süýji gürrünler,
Ömrüňi uzaldýan duşuşyk bolar.
Şondan soň ýazylýan goşgular bolsa, Şeýlebir üýtgeşik, üýtgeşik bolar.
Awtor ?