Islam_Atayew
06.09.2024 18:41
Goşar sagadyny çep ele dakynmak biz üçin adaty ýagdaýlaryň biridir. Bu ýagdaý bize endik bolup galandygy sebäpli munuň näme üçin beýledigi barada pikir etmedik bolsak gerek.
Adamlaryň aglaba bölegi goşar sagatlaryny çep eline dakynsalar, käbir adamlar, esasan hem, zenanlar sagady sag eline dakynmagy makul bilýärler. Taryhy maglumatlara nazar aýlasak, XX asyryň başlarynda ilki jübi sagatlary peýda bolup, olary ilki erkekler ulanypdyr. Olar häzirki döwrüň goşar
sagatlaryndan has uly bolup, ýörite tikilen torbalarda saklanylypdyr. Jübi sagatlarynyň
daşky ýüzi köp döwlegen bolandygy we sagadyň hronometrlerini zeper ýetmekden goramak maksady bilen sagatlary has az iş edilýän çep ele dakynylmagy makul bilnipdir. Ýagny, sagadyň çep ele dakylmagy, oňa belli
bir derejede zyýan ýetmeginiň öňüni almakdan ybarat bolupdyr. Çep el azrak iş bilen meşgul bolup, sagady döwülmekden gorap saklapdyr. Wagtyň geçmegi bilen goşar sagady iň gerekli enjamlaryň birine öwrülýär. Sagadyň çep ele dakynylmagynyň ýene bir sebäbi ýer ýüzünde sag elinde ýazýan adam laryň çepbekeýlere garanyňda has köp bolma gy bilen baglydyr. Goşar sagatlary ilat arasynda has meşhurlyga eýe bolansoň, olary çep ele dakynmak has oňaýly bolupdyr. Aslynda, ony haýsy eliňe dakanyň tapawudy ýok.
Telefonlaryň peýda bolan ilkinji ýyllarynda goşar sagadyny ulanýanlar birneme azalan hem bolsa, soňlugy bilen artyp başlady. Ony bezeg hökmünde dakynýan hem az däl. Şeýle hem soňky ýyllarda smartfon bilen sazlaşykly işleýän, jaň edip, SMS leriňi okap bolýan, äden ädimleriňi sanaýan sagatlaryň
peýda bolmagy bilen bu enjamlaryň ulanylyşy has hem artdy.
Zaman.Turkmenistan.
16
69
Islam_Atayew
06.09.2024 14:03
Sen gidäýseñ, ýitirip ýolum,
Azaşmakdan gorkýan, başynda ömrüñ.
Gitme!
Sen gidäýseñ, göýdük galaryn,
Gülüp, ýaýnap, döwran sürmeli döwrüm.
Bogar meni söýgiñ nalasy,
Gitme!
Onsuzam horlukdan, horluk çekýärin...
Bu söýginiñ azaplary gizlenen,
Gowak ýaly oýlarynda çekgämiñ.
Gitme!
Gitmeklige ýokka zerurlyk,
Gum-gukluga atyp, şatlykdan saplap...
Söýgi bilen tutan näzik ellermi,
Goýbermek netim ýok gam-gussa gaplap
13
74
Islam_Atayew
05.09.2024 14:11
Gözel amal öz ady ýaly gözel, ýagşylyk öz däbi ýaly ýagşy, haýyr iş öz tagamy ýaly haýyrly. Özgeleri bagtly edip, özgeleri begendirmekden lezzet alýan ynsanlar bagtyň tagamly miwesini ilki dadýan adamlardyr. Olar eden haýyrly işleriniň hasylyny ir-u giç öz köňüllerinde, ahlaklarynda, wyždanlarynda taparlar
we ýüreklerine ornan giňligi, ýazylganlygy, asudalygy hem-de rahatlygy duýarlar. Eger bir alada daşyňy gallap alsa, bir mesele başyňa birahatlyk berse, kimdir birine ýagşylyk et, göwnüni göter – hökman şatlyga we rahatlyga gowşarsyň. Mätäç-mahruma eliňden gelenini eçil, nähak daralana üstün çykmaga kömek et, gaýgylynyň derdini egis, ajy doýur, hassanyň halyny sora, argynlara daýanç bol – çar ýany bagt bilen gurşalan döwrana çümersiň, öňüňden-yzyňdan boýuňa
barabar döwletlilik taparsyň.
Haýyr iş hoşboý ysly atyr ýalydyr: ony göterýänem, satýanam, satyn alýanam
bähbit tapýar. Ýürekden edilen ýagşylyklar bereketi bol dermanlyk otdur. Bu melhem oty haýyr-yhsandan bina bolan dermanhana kibi ýüreklerde bitýändir. Bir çümmüjik göwni bar adamlara ýylgyryp habar gatmak, güler ýüzlülik bilen gürleşmek, gymmatlyklar äleminde sogaby artyp duran sadakadyr. Ýatla: “Doganyňa açyk ýüz bilen baksaň bolmaýarmy?” diýilýär. Gyňyr ýüzlülik bolsa
özgelere ýowuz urşy yglan eden ýalydyr. Onuň getirýän zelelini Alladan başga
kesgitläp bilýän ýok.
Bir itiň bozuk gyzyň aýasyndan suw içmegi, ol gyza meýdany asman zeminden giň bolan jennetlere girmek nesibesini (mümkinçiligini) berdi. (Ahlagy ýaramaz gyzlaryň biri suwsuzlykdan ýaňa ysgyn-mydary galmadyk ite aýakgaby bilen suw içirendigi we
ony teşnelikden halas edendigi üçin, ähli günäsi ötülipdir we ýalkanypdyr).
Çünki sogabyň sahyby – Beýik Alladyr, ol Bagyşlaýjydyr we Geçirimlidir. Şükürlidir we Gözeldir, her bir gözelligi hem gowy görýändir, Ol baýdyr we öwgülidir.
Şowsuzlyk garabasmasy, geljegiň näbellilik gorkusy we ýerliksiz ünjüler zerarly dowla gaplanýan ynsanlar, geliň, ýagşylyk bossanyna geliň, giriň, haýyryhsan
saraýyna giriň we özgeleriň ýagdaýy hakda alada ediň: eliňizden gelýän bolsa beriň, günemaňyz ganymat bolsa, zyýapata çagyryň, ýürekdeş söhbet ediň, ýardam arka boluň, goldaw beriň, hyzmatyny, ýumşuny peslik bilmäň, derdinehyzmatyna ýaraň, şonda soz ajaýyp bagty hakyky öz tagamynda, öz reňkinde, öz sapasynda tapyp bilersiňiz.
Ýagşylyk et...
Awtor: Aid al - Karni. ( "Gamgyn bolma" kitapdan bölek).
Arap dilinden terjime eden: Rahmet Gylyjow.
13
57
Islam_Atayew
04.09.2024 00:19
Ýaş ýigit babasyndan maslahat almak üçin onuň ýanyna myhmançylyga barýar. Olar çaý-nahar edinenlerinden soň, agtygy babasyna ýüzlenip:
– Baba, siziň bilen bir maslahatym bardy.
Meniň tanyşlarymyň biri zehinli programmaçy. Ol maňa bilelikde internet ulgamy bilen baglanyşykly biznes açmagy teklip etdi. Bilşiňiz ýaly, men oňat hünärmen, eýýäm bir ýyl bäri ýokary aýlykly maglumat tehnologiýasy kompaniýasynda işleýärin. Ine, görşüňiz ýaly, golaýda awtoulag hem edindim. Men bir tarapdan, biznesimiziň ugruna bolup gitjegine ynanman hem duramok, ýöne beýleki bir tarapdan hem düşewüntli işimi ýitiresim gelenok. Siz nähilem bolsa, telekeçilik eden adam, bu ugurdan uly tejribäňiz bar. Belki, maňa näme etmelidigini maslahat berersiňiz?!
Babasy biraz dymyp, soňam şeýle diýipdir:
–Seniň biznes taslamaň hakda maňa belli
bir pikir aýtmak aňsad-a düşmez, dogrusy,
saňa nätseň gowy boljakdygy barada anyk
maslahat berip biljek däl. Seň özüň belli bir
karara gelmeli. Ýöne, garşy bolmasaň, saňa
wagt hakynda käbir zatlary gürrüň bereýin.
Gadymy greklerde iki hili wagt bolupdyr.
1.Hronos–häzirki tükeniksiz, dowamly wagt hemde,
2.Kaýros–hemişe garaşylman durka gelýän
şowlulygyň tutdurmaýan oňaýly pursaty.
Şonuň üçin ony ulanmak juda kyn. Kaýros garaşylmazdan peýda bolýar–bir o ýerde, bir bu ýerde peýda bolsa-da, hemişe-de aramyzda gezýär. Ol şeýle bir tiz gaçýar welin, ony tutmag-a beýlede dursun, eýsem, görüp ýetişmegem her kime başartmaýar. Grekler Kaýrosy tutmak üçin özüňde ikizady–aň-düşünjäňiartdyrmalydygyňy, duýgurlygyňy wagtynda oýarmalydygyňy aýdypdyrlar. Eger-de, saňa olary oýarmak başartsa, onda sen gelejege nazar aýlap bilersiň we özgeleñ islendik kararlaryň
netijelerini öňünden aňyp bilersiň.
Hekaýalar düwinçeginden.
11
85
Islam_Atayew
03.09.2024 23:59
Bir daşy suwa oklanymyzda çümüp
gidýär. Eýsem, onlarça tonna ýük göterýän
gämiler suwda nädip ýüzýärkä?!
Suwuň dykyzlygyndan agyr bolan zatlar batýar, dykyzlygy suwuňkydan ýeňil bolan zatlar bolsa, çümmeýär. Dykyzlygy suwuňky bilen deň bolanlar suwuň akymyna görä onuň ýüzünde, içinde ýa-da düýbünde hereket edýär. Gämi suwa goýberilende aşagyndaky suwy iki gapdala itýär, ýagny ýerini
üýtgedýär. Suw bolsa, gämini ýokary itýär. Suwuň itiş kuwwaty gämi suwa goýberilende ýerini üýtgeden suwuň mukdaryna deňdir.
Islendik zadyň suwuň ýüzünde durmagy üçin onuň göwrüminiň umumy dykyzlygynyň suwuňkydan az bolmagy ýeterlikdir. Şol sebäpli gämiler gurlanda onuň göwrüminiň ortaça dykyzlygynyň suwuňkydan az bolmagyna üns berilýär.
Gämileriň içki böleklerinde köp mukdarda boşluklar bar. Bu boşluklar howa bilen dolýar. Howanyň dykyzlygy nola ýakyn ýagny, hiç hili agramy ýok. Muňa has gowy düşünmek üçin özüňiz hem kiçiräk tejribe geçirip bilersiňiz. Topy ýa-da şary suwa taşlanyňyzda, ol çümmeýär. Eger-de ýaryk
ýa-da ýeli goýberilen topy suwa oklasaňyz ol çümer. Çüýşeler hem şeýle. Gapagy ýapyk içi boş çüýşe suwda batmaýar, içini suwdan dolduryp, suwa taşlasaňyz, çümüp gider. Gämilerde hem edil topdaky ýaly içinde howa bolan boş ýerler köp. Ýagny gämileriň göwrümine garanyňda, agramy örän az.
Gämilere hem haýsydyr bir sebäp bilen suw girse ýa-da bolmalysyndan artyk ýük ýüklense, onuň batmagy mümkin. Şol sebäpli gämileriň suwa çümüp duran ýeri belli bir derejeden geçmeli däl. Gämileriň suwdan ýokarda durmaly ýeri ýörite bellik ýa-da tapawutly reňke reňklenmek arkaly görkezilýär. Gämilere ýüklenen ýük artdygyça onuň dykyzlygy hem artýar. Şonuň üçin her
bir suw ulagynyň ýük göterijiligi görkezilýär. Mundan başga-da, gämileriň deňagramlylygynyň saklanmagyny hem göz öňünde tutmaly bolýar. Güýçli gom turanda suw ulaglarynyň ýykylmazlygy üçin olaryň aşagynda deňagramlylygy sazlaýan gurşundan ýasalan agyrlyk bolýar.
14
64
Islam_Atayew
03.09.2024 18:31
Zyýarata geldim mazarystana,
Bu ýerem özge bir dünýä bolupdyr.
Şu tümmekleñ bary ynsan bolaýsa,
Obamyzyñ özünden milýon ölüpdir.
Köşkde ýaşanlaram tümmek bolupdyr,
Öýde üşänlerem tümmek bolupdyr...
Hanha ýatyr obañ çyn aşyklary,
Olar bir-birini çyndan söýüpdir.
Beýleräkki tümmekdäki aýaly,
Äri namys edip, özi soýupdyr.
Çyndan söýenlerem tümmek bolupdyr,
Hat-da soýanlaram tümmek bolupdyr...
Beýleräkde ýatyr bir alym aga,
Ol ýaşan ömründe ylyma uýupdyr.
Onuñ ýanyndaky ylymyñ deregne,
Guş dek beýnisine şerap guýupdyr.
YIma uýanlaram tümmek bolupdyr,
Şerap guýanlaram tümmek bolupdyr...
Şu sözi bahana edip kän ynsan,
Öz ýüwrek aýagyn özi çilip dur.
Tümmekleriñ tapawudy bilseñ kän,
Köpler añmasa-da bilýän bilip dur.
Biri güller örten tümmek bolup dur,
Biri ýeller ýyrtan tümmek bolup dur...
Kerim HALLY.
18
48