Ýaş ýigit babasyndan maslahat almak üçin onuň ýanyna myhmançylyga barýar. Olar çaý-nahar edinenlerinden soň, agtygy babasyna ýüzlenip:
– Baba, siziň bilen bir maslahatym bardy.
Meniň tanyşlarymyň biri zehinli programmaçy. Ol maňa bilelikde internet ulgamy bilen baglanyşykly biznes açmagy teklip etdi. Bilşiňiz ýaly, men oňat hünärmen, eýýäm bir ýyl bäri ýokary aýlykly maglumat tehnologiýasy kompaniýasynda işleýärin. Ine, görşüňiz ýaly, golaýda awtoulag hem edindim. Men bir tarapdan, biznesimiziň ugruna bolup gitjegine ynanman hem duramok, ýöne beýleki bir tarapdan hem düşewüntli işimi ýitiresim gelenok. Siz nähilem bolsa, telekeçilik eden adam, bu ugurdan uly tejribäňiz bar. Belki, maňa näme etmelidigini maslahat berersiňiz?!
Babasy biraz dymyp, soňam şeýle diýipdir:
–Seniň biznes taslamaň hakda maňa belli
bir pikir aýtmak aňsad-a düşmez, dogrusy,
saňa nätseň gowy boljakdygy barada anyk
maslahat berip biljek däl. Seň özüň belli bir
karara gelmeli. Ýöne, garşy bolmasaň, saňa
wagt hakynda käbir zatlary gürrüň bereýin.
Gadymy greklerde iki hili wagt bolupdyr.
1.Hronos–häzirki tükeniksiz, dowamly wagt hemde,
2.Kaýros–hemişe garaşylman durka gelýän
şowlulygyň tutdurmaýan oňaýly pursaty.
Şonuň üçin ony ulanmak juda kyn. Kaýros garaşylmazdan peýda bolýar–bir o ýerde, bir bu ýerde peýda bolsa-da, hemişe-de aramyzda gezýär. Ol şeýle bir tiz gaçýar welin, ony tutmag-a beýlede dursun, eýsem, görüp ýetişmegem her kime başartmaýar. Grekler Kaýrosy tutmak üçin özüňde ikizady–aň-düşünjäňiartdyrmalydygyňy, duýgurlygyňy wagtynda oýarmalydygyňy aýdypdyrlar. Eger-de, saňa olary oýarmak başartsa, onda sen gelejege nazar aýlap bilersiň we özgeleñ islendik kararlaryň
netijelerini öňünden aňyp bilersiň.
Hekaýalar düwinçeginden.