Bir wagt Gurbannazaryň aýdyşy ýaly, geliñ birazajyk dymalyň, birazajyk ýalñyz galyp oýlanalyň! Size başarmajak işiñizi teklip edemok. Soňky döwür ýoň bolan aforizmde akylly telefonlar, akylly tehnologiyalar, hatda akylly şäherler döredi akylly adamlar bolsa akmaklaşdy. Men edil bir akmaklaşdy diýesim gelenok. Emma edýän işlerimize syn beresim gelýär.
Adamlar sossial ulgamlarda, internetde ýagny deñize giden bolsa deñize gidenini, bir doglan gün mynasybetli saçak bezän bolsa saçagyny, gepiñ gysgasy aýakgap alan bolsa şonam iñ ýörgünli imo-da goýýalar. Käbirini görüp ýaman utanýañam.
Muña türkmen "görümsizlik" diýýä owalynda. Hany türkmeniň gadym ýoly. Öz şahsy durmuşyñy hemme ýerde mahabat edip, meñ pikirimçe "göz-gülban" bolmak bize gelişýärmikä?!
Bir psihologyň ýazgysyny okapdym. Psihologyň köp ýyllyk seljermesine görä diñe bagtsyz we ýalñyz adamlar öz şahsy durmuşyny owadan we baý, gözgidiji görkezip sosial setlerde görkezýär eken. Psihologa ynansak biz ýalñyz we bagtsyz bolýas-da?!
• Awtor: Sylapberdi Muhamow.