Islam_Atayew
03.09.2024 23:59
Bir daşy suwa oklanymyzda çümüp
gidýär. Eýsem, onlarça tonna ýük göterýän
gämiler suwda nädip ýüzýärkä?!


Suwuň dykyzlygyndan agyr bolan zatlar batýar, dykyzlygy suwuňkydan ýeňil bolan zatlar bolsa, çümmeýär. Dykyzlygy suwuňky bilen deň bolanlar suwuň akymyna görä onuň ýüzünde, içinde ýa-da düýbünde hereket edýär. Gämi suwa goýberilende aşagyndaky suwy iki gapdala itýär, ýagny ýerini
üýtgedýär. Suw bolsa, gämini ýokary itýär. Suwuň itiş kuwwaty gämi suwa goýberilende ýerini üýtgeden suwuň mukdaryna deňdir.
Islendik zadyň suwuň ýüzünde durmagy üçin onuň göwrüminiň umumy dykyzlygynyň suwuňkydan az bolmagy ýeterlikdir. Şol sebäpli gämiler gurlanda onuň göwrüminiň ortaça dykyzlygynyň suwuňkydan az bolmagyna üns berilýär.

Gämileriň içki böleklerinde köp mukdarda boşluklar bar. Bu boşluklar howa bilen dolýar. Howanyň dykyzlygy nola ýakyn ýagny, hiç hili agramy ýok. Muňa has gowy düşünmek üçin özüňiz hem kiçiräk tejribe geçirip bilersiňiz. Topy ýa-da şary suwa taşlanyňyzda, ol çümmeýär. Eger-de ýaryk
ýa-da ýeli goýberilen topy suwa oklasaňyz ol çümer. Çüýşeler hem şeýle. Gapagy ýapyk içi boş çüýşe suwda batmaýar, içini suwdan dolduryp, suwa taşlasaňyz, çümüp gider. Gämilerde hem edil topdaky ýaly içinde howa bolan boş ýerler köp. Ýagny gämileriň göwrümine garanyňda, agramy örän az.
Gämilere hem haýsydyr bir sebäp bilen suw girse ýa-da bolmalysyndan artyk ýük ýüklense, onuň batmagy mümkin. Şol sebäpli gämileriň suwa çümüp duran ýeri belli bir derejeden geçmeli däl. Gämileriň suwdan ýokarda durmaly ýeri ýörite bellik ýa-da tapawutly reňke reňklenmek arkaly görkezilýär. Gämilere ýüklenen ýük artdygyça onuň dykyzlygy hem artýar. Şonuň üçin her
bir suw ulagynyň ýük göterijiligi görkezilýär. Mundan başga-da, gämileriň deňagramlylygynyň saklanmagyny hem göz öňünde tutmaly bolýar. Güýçli gom turanda suw ulaglarynyň ýykylmazlygy üçin olaryň aşagynda deňagramlylygy sazlaýan gurşundan ýasalan agyrlyk bolýar.
14
64
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.