Islam_Atayew
03.09.2024 18:31
Zyýarata geldim mazarystana,
Bu ýerem özge bir dünýä bolupdyr.
Şu tümmekleñ bary ynsan bolaýsa,
Obamyzyñ özünden milýon ölüpdir.
Köşkde ýaşanlaram tümmek bolupdyr,
Öýde üşänlerem tümmek bolupdyr...

Hanha ýatyr obañ çyn aşyklary,
Olar bir-birini çyndan söýüpdir.
Beýleräkki tümmekdäki aýaly,
Äri namys edip, özi soýupdyr.
Çyndan söýenlerem tümmek bolupdyr,
Hat-da soýanlaram tümmek bolupdyr...

Beýleräkde ýatyr bir alym aga,
Ol ýaşan ömründe ylyma uýupdyr.
Onuñ ýanyndaky ylymyñ deregne,
Guş dek beýnisine şerap guýupdyr.
YIma uýanlaram tümmek bolupdyr,
Şerap guýanlaram tümmek bolupdyr...

Şu sözi bahana edip kän ynsan,
Öz ýüwrek aýagyn özi çilip dur.
Tümmekleriñ tapawudy bilseñ kän,
Köpler añmasa-da bilýän bilip dur.
Biri güller örten tümmek bolup dur,
Biri ýeller ýyrtan tümmek bolup dur...


Kerim HALLY.
18
48
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.