Ir zamanlarda köne kartalar we rowaýatlar esasynda syýahat maksady bilen hazyna gözlemäge ömrüni bagyş eden bir adam bolupdyr. Ol maksadyna ýetmek üçin hiç zadyny gaýgyrmandyr, ýöne ol hazyna diýip aýdar ýaly, üýtgeşik birzadyň üstündenem barmandyr. Günleriň bir güni eýýäm garrylyk çagyna ýeten bu adam syýahatynyň arasynda balykçylyk bilen meşgullanýan dogduk obasyndaky öýüne dolanyp gelýär. Ol hazyna tapan halatynda, özüniň nähili oňat ýaşajakdygy barada heniz hem göwün ýüwürdýän eken. Emma ol munuň ýöne bir boş hyýaldygyna hem düşünmän durmaýan eken. Onuň dünýäsini täzelän gijesi deňiz joşup, kenardan uzakda bolmadyk gonamçylygy hem suw basýar. Kyn ýagdaýda galan dostlary hem-de goňşulary ony öz öýüniň howlusynda depin etmeli diýen karara gelýärler. Haçanda, olar ýeri gazyp durkalar haýsydyr bir küýzäniň üstünden baryp, onuň altyn şaýylyklardan doludygyna göz ýetirýärler. Ömrüni deňizlerden we adalardan hazyna gözlemäge bagyşlan bu adam öz howlusyny, aýagynyň aşagyny gazyp görmek hakda hiç haçan pikirem etmändir.
Käte durmuşda biz öz golaýymyzdaky hazynany göremzok-da , ony has uzaklardan gözleýäris.
Hekaýalar ýygyndysy.