Islam_Atayew
15.02.2024 16:12
Borç

Aýalyñ öñünde erkegiñ borjy -
Ne-hä urmak ne-de gaşyn çytmakdyr,
Ony aýap saklap öz synań ýaly,
Berlen amanada eýe çykmakdyr.

Erkegiñ öñünde aýalyň borjy -
Bir-ä özgä degmeli däl gollary.
Birem ýagşy - ýaman her bir ýagdaýda,
Bermegidir ýoldaşyna goldawy.

Şanazar Hydyrow
46
59
Islam_Atayew
15.02.2024 00:32
Dubaý şäheri barada gyzykly maglumatlar.

Dubaý şäheri, gyzykly köp taraply we üýtgeşik-hakyky oazis. BAE-de nebit tapylandan soň çalt ösüp, ol hakykatdan hem täsir galdyryjy ýurtdyr. Dubaýyň howa menzili hem dünýäniň gowularynyň biri hasaplanyp, bu ýere baryp gören syýahatçylaryň hemmesiniň
ünsüni özünde jemleýär.

1. Takmynan 7000 ýyl mundan ozal, Dubaýyň gurlan çölüniň ýerinde giň mongrowe batgasy bardy.

2. Dubaý BAE-da iň uly şäher bolup, ol paýtagt däldir. Bu roly Abu Dabi ýerine ýetirýär.

3. Dubaý şäheri iki asyrdan gowrak, bu pursata çenli geçen asyryň 60-njy ýyllaryň ahyrynda töwereginden nebit tapylýança, asuda we gaty täsirli şäher bolmandy.

4. Dubaýdaky awtobus duralgalary ýapyk edýärler we olary sowadyjy bilen enjamlaşdyrýarlar.

5. Dubaý dünýäniň iň yssy şäherleriniň biri hasaplanýar. Tomusda bu ýerdäki kölegäniň temperaturasy köplenç +50 dereje ýokarlanýar.

6. Geçen asyryň 90-njy ýyllarynyň başynda Dubaý adaty binalary bolan çöli aňladýardy. Indi bolsa ol arassa köçeleri we şöhle saçýan gök binalary aňladýar.

7. Halkara söwdasy üçin geçýän harytlaryň sany boýunça Gonkong we Singapurdan soň, Dubaý dünýäniň ähli şäherleriniň arasynda 3-nji ýeri eýeleýär.

8. Burj Halifa binasy dünýäniň iň beýik binasy bolup ol hem Dubaý şäherinde ýerleşip, onuň beýikligi 824 metre barabardyr.

9. Dubaýyň golaýyndaky suwda emeli adalar toplumy bar, köpüsi göni suwda. Köpüsi bolsa palma agajy görnüşinde ýasalan.

10. "Dubaýland" diýilýän ýerli dynç alyş
seýilgähi dünýädäki iň uly seýilgäh
hasaplanýar.

11. Dubaýdaky käbir myhmanhanalarda 7 ýyldyz bar we onda oňünden bron
etmezden ýerleşmeklik hem mümkin däl.

12. Dubaýyň ýaşaýjylary dünýäde gazylan ähli altynlaryň 40 göterimini satyn alýarlar.

13. Dubaýda altyn barlary, adatça içgileri we şokaladlary satýan söwda maşynlar hem bar.

14. Biler bolsaňyz dünýäniň iň beýik tenis korty-da şu ýerde ýerleşýär. Ýelkenli şekilli myhmanhana bolan
"Burj-Al-Arab" gök asman binasynyň üstünde ýerleşyändir. Kort ýeriň üstünden 321 metr aralykda
bölünýär.

15.1968-nji ýylda tutuş Dubaýda jemi 13 sany hasaba alnan awtoulag bardy.

16. Dünýädäki ähli şäherleriň arasynda Dubaý ösüş taýdan Hytaý we Şanhaýa ýol berýärdi.

17. Bu ýerde ýerleşýän "Dubaý Moll' atly dünýädäki iň uly söwdä merkezi hem ýerleşendir.

18. Bu ýere gezelenje barýanlar ol ýeriň ýerli ýaşaýjylarynyň ählisine elmydama aşa dogrçyl we mylakatly diýýäler. Munuň bir sebäbi bolsa köpçüligiň
öňünde kemsidiji ýa-da biabraý hereket üçin tussaga baryp biljekdigi bilen baglanşykly.

19. Bu ýerde ýörite zenanlar üçin zenan sürüjisi bolan taksiler bar. Şeýle hem yörite awtobuslarda we otlydyr, metrolarda zenanlar üçin aýratyn bölümler hem ýerleşdirilipdir.

20. Dubaý häzirki wagtda hem ägirt uly depginde ösmegini dowam edýär, gurluşyk işleri şäheriň ähli ýerinde diýen ýaly dowam edyär. Ýer ýüzündäki her
bäşinji kran şu yerde yerleşyär.

Azamat KERIMOW,
50
111
Islam_Atayew
14.02.2024 14:03
Mersedes barada...

Mersedes nirede döredildi?

Mersedes Germaniýanyň Württemberg sebitinde, ozal Swabia ady bilen tanalýan Ştutgartda esaslandyryldy.

Mersedes bilen Benz birmeňzeşmi?

Benz 1879-njy ýylda Mannheim şäherinde esaslandyryldy. 1926-njy ýylda Karl "Benz" atly motor zawodynyň eýesi boldy we dosty Gottlieb Daimler tarapyndan esaslandyrylan Mersedes Benz kompaniýasyny kämilleşdirdiler. Ösüş döwründe kompaniýa garşydaş kompaniýalaryñ ýüze çykmagy bilen has hem ösdi.

Mersedesiň eýeleri kimler?

"Daimler-Benz AG" 1926-njy we 1998-
nji ýyllar aralygynda "Mersedes" kompaniýasyny satyn aldy.1998-2007-nji ýyllar aralygynda "Mersedes" eýesini
üýtgetdi we bu uly kompaniýanyň eýesi "Daimler- Chrysler AG" boldy. 2007-nji
ýyldan bäri bar bolan "Mersedes"
brendiniň eýesi Daimler AG.

Mersedesiň ýyldyzy (logotipi) nämäni añladýar?

Bu "Mersedes" awtoulaglarynyň nyşany bolup, markanyň abraýyny we hilini görkezýär. Şeýle hem ulagyň öňdäki estetiki görnüşini üpjün edýär. Şeýle-de
ol nyşan üç sany ýitiburçly ýyldyz şekilli bolup markanyň gury ýerdäki, howadaky we suwdaky güýjüni kesgitleýär. Logotipdäki 3 setir Mersedes sözündäki "E" harpyny alamatlandyrýar.

Mersedes haýsy ýurtda öndürilýär?

lIkibaşda Germaniýada öndürilen hem
bolsa, "Mersedes-Benz" awtoulaglary
beýleki ýurtlarda hem öndürilýär (ýygnalýar). Olaryñ esasysy Argentina (awtobuslar, yük awtoulaglary we Sprinter awtoulaglary. Germaniýanyň
daşyndaky ilkinji önümçilik meýdançasy).

Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy.
42
41
Islam_Atayew
14.02.2024 08:18
Düýşime girdi meñ šeýle bir waka,
Täsin bir kiçiräk bazar barmyşyn.
Kätesi has gymmat kätesi arzan
Olaryň biri hem "NAMYS-AR MYŞYN".

Satyjydan soradym bu näme, näçe?
"WYŽDAN" jigim arzan, alyber diýdi.
Bu ýana seretsem bir topar "NIKAP"
Bulardan gaty kän geliber diýdi.

Haýran bolup ýene aýlanyp ýörkäm,
"GÖWÜN" ýerde ýatyr hiç kim almandyr.
Bahasy arzanjak ynansañ bir tin,
Adamlar üçin oñ gadry galmandyr.

Ýolumy dowam edip barýardym birden,
Adamlar üýşüp dur ýüzlerçe sany.
"YNSAP" almak üçin durandyr diýsem,
"GAHAR" almak üçin nobatda bary.

"ADAMÇYLYK" barmaý agamjan sizde?!
"Alyjy ýok jigim, şoñ üçin satmadym!"
Adamçylygy gözläp bütin bazardan,
Aýlandym - aýlandym ýöne tapmadym.

Bir naçar, nurana bir ynsan otyr,
Söwdasy ýok, harydyny görýän ýok.
"MAHIR" satýan gyzym kyrk ýyldan bäri,
Soñky on ýyllykda muny alýan ýok.

Eger-de şu bazar bolan bolsady,
"YNSAP WYŽDAN üçin hökman giderdim
Käbir adamlara "MÄHIR" köp alyp,
"ADAMÇYLYGY" bolsa sowgat ederdim.

Meñibaýewa Aýjeren.
48
44
Islam_Atayew
13.02.2024 14:13
Ependiden:
- Arap dilinde «sowuk nahar» diýjek bolsañ näme diýmeli? - diýip sorapdyrlar.
Ependi bilmänsoñ:
- Araplar her zat edýäler welin nahary sowatmaýarlar - diýip jogap beripdir.


Är aýal ikisi maşynly barýakalar GAI saklaýa.
GAI: näme üçin sag çyrañyz döwik?
Äri: waheý, haçan bolduka bä şu wagt gördim ýolda döwiläýdimikä?
Ärine içi ýanyp ýören, Aýaly: goýsana men saña iki hepdeden bäri aýdyp gelýän oñart şuny diýip?!
Äri: Bolly et samsyk!
GAl: Näme üçin howpsuzlyk kemerini
dakynmansyñyz?
Ä: Ine bu ýatdan çykypdyr güna mende!
A: Allamasana, sen hemişe remeni
dakynman ýola çykýaña!
Ä: Agzyñy ýum diýän samsyk,saña sorag
beren barmy?!
GAI: sürüjiniñ aýalyna ýüzlenýär:
Adamyñyz siz bilen mydama şeýle
gepleşyärmi?
A: Ýokla, diñe içen wagty şeyle, galan
wagty gowyla!


Bir oglan ak halatly doktor gyza lak atan
bolýar.
Oglan:
- Men siziñ işleýän ýeriñize hassa bolup
barsadym!
Gyz:
- Bagyşlañ! Men raddomda işleýän!
56
432
Islam_Atayew
13.02.2024 00:05
Bir wagtlar iki sany är-aýal bolupdyr. Olar örän garyp ýaşaýan ekenler. Bir gün aýaly ýoldaşyndan darak alyp bermegini haýyş edyär, onuñ owadan, uzyn saçlary
bar eken. Pulsuzlukdan kösenyän adamsy darak alyp bilmejegini, sebäbi onuñ hat-da sagadynyñ üzülen bagyny bejertmäge hem pulunuñ ýetmeýändigini aýdypdyr we ýagdaýyñ şeýledigine
gaty gynanypdyr. Aýaly hiç zat diýmändir. Ertesi işe barýarka ol adam sagat dükanyna baryp sagadyny deger degmez baha satýar. Düşen pula aýaly üçin darak alýar. Agşam öýine baranda daragy aýalyna bermekçi bolýar. Ýöne ol aýalyna seredip haýran galýar. Görse aýaly öñünde gysgajyk saçly dur. Ol saçlaryny satypdyr. Elinde bolsa täze sagat bardy.

Sõýmek - bu söwer ýaryñ bagtlylygny, öz bähbidiñden öñde goýmakdyr.
45
90
Islam_Atayew
12.02.2024 18:34
Adam, iliñ durmuşynyñ okaýjysy bolmaly däl-de, öz durmuşynyñ ýazyjysy bolmaly.

📌Suratdaky terjime: Maňa ynan, özüňi söýmek, saňa hiç wagt zyýan bermez.
45
81
Islam_Atayew
12.02.2024 00:30
Sallah ýigidiñ namasy. (Degişme
äheñinde).

Ýaşym ýetik, boýum ýetik, kemi ýok,
Ynamym bar akylymyň goruna.
Indi meniň öňümdäki mesele
Kim bolsa-da öýlenmeli birine.

Dellekhana barsam dellek degişýär:
"Basymrak öylen-how, seň saçyň düşýär"
Düşüp gutarmanka bu gara saçlar,
Kim bolsa-da öýlenmeli birine.

Gyzlar ýüzlenende dilinde "aga".
Entek "agalykdan" daş etsin! Toba!
Dili duzlyragy diýmänkä "baba",
Kim bolsa-da öýlenmeli birine.

Awtor: ?
44
61
Islam_Atayew
11.02.2024 10:51
"Maña bu dünýäde köp zat gerek däl".

Maña bu dünýäde köp zat gerek däl,
Il deñinde öýüm-öwzarym bolsa.
Uzakdan-ýakyndan myhman gelende,
Gaşyny çytmaýan gül ýarym bolsa.

Maña bu dünýäde köp zat gerek däl,
Güzeran görmäge hünärim bolsa
Çagalarym bilen dynç alar yaly,
Tomus kölegeli telärim bolsa.

Maña bu dünýäde köp zat gerek däl,
Didarlaşyp durýan dostlarym bolsa.
Kyn günümde derdimi deñ çekişjek,
Her sözi pent boljak hossarym bolsa.

Bir-biregiñ degnasyna degmäliñ,
Hoş söz küýsemeýän ýürek-ýürek däl.
Ilim abat, dury bolsa Asmanym,
Maña şondan başga hiç zat gerek däl.

Awtor: ?
46
70
Islam_Atayew
11.02.2024 00:09
Metjide geljek däl.

Ýaş ýigit Metjitde namazdan soňra, ymamyň ýanyna baryp:
- men indi Metjide geljek däl - diýýä, ymam sebäbini soranda:
- bärde adamlar beýlekileriň gybatyny
edýänlerini eştdim, wagyz aýdylýan
wagty telefonlaryna güýmenýänleri
gördüm we bulardan başgada birgiden
ýalňyşlyklar bar..
Ymam:
- "bolýa, beýle bolsa gitmäkäň meň bir
haýyşymy bitir, bir stakany suwdan
dolduryp, Metjidiň içinden 3 gezek suwy
ýere dökmän aýlanyp, maňa getirip ber,
ondan soňra isleseň gidiber" diýýär.
Ýaş ýigit pikirlendi-de, aňsat görüp,
ymamyň aýdanyny ýerine ýetirdi, suwly
stakany getirip berende, ymam:
seň eliň suwly barýan wagtyň bir
adamyň beýleki bir adam hakda aýdan
erbet sözlerini eştdiňmi?
- ýok
adamlaryň telefonlaryna güýmenip
otyranlaryny gördüňmi?
- ýok
-munuň sebäbi seniň bar ünsiñ stakandaky suwy dökmezlikdi, edil biziň durmuşymyzdaky ýaly, bar ünsüňi
Metjitde Allatagala bersediň, daş- töwerekdäkileriň ýalñyşlyklarny görmezdiň.



Bu ýagdaý diňe Metjitde däl, hemme
ýerde-de şeýle...


islenen.
48
126