Islam_Atayew
12.02.2024 00:30
Sallah ýigidiñ namasy. (Degişme
äheñinde).

Ýaşym ýetik, boýum ýetik, kemi ýok,
Ynamym bar akylymyň goruna.
Indi meniň öňümdäki mesele
Kim bolsa-da öýlenmeli birine.

Dellekhana barsam dellek degişýär:
"Basymrak öylen-how, seň saçyň düşýär"
Düşüp gutarmanka bu gara saçlar,
Kim bolsa-da öýlenmeli birine.

Gyzlar ýüzlenende dilinde "aga".
Entek "agalykdan" daş etsin! Toba!
Dili duzlyragy diýmänkä "baba",
Kim bolsa-da öýlenmeli birine.

Awtor: ?
44
61
Tayler
12 Fewral 2024
😄😄
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.