Islam_Atayew
11.02.2024 10:51
"Maña bu dünýäde köp zat gerek däl".

Maña bu dünýäde köp zat gerek däl,
Il deñinde öýüm-öwzarym bolsa.
Uzakdan-ýakyndan myhman gelende,
Gaşyny çytmaýan gül ýarym bolsa.

Maña bu dünýäde köp zat gerek däl,
Güzeran görmäge hünärim bolsa
Çagalarym bilen dynç alar yaly,
Tomus kölegeli telärim bolsa.

Maña bu dünýäde köp zat gerek däl,
Didarlaşyp durýan dostlarym bolsa.
Kyn günümde derdimi deñ çekişjek,
Her sözi pent boljak hossarym bolsa.

Bir-biregiñ degnasyna degmäliñ,
Hoş söz küýsemeýän ýürek-ýürek däl.
Ilim abat, dury bolsa Asmanym,
Maña şondan başga hiç zat gerek däl.

Awtor: ?
46
70
gulshatayewa97
11 Fewral 2024
@flowers_, ýok has öňki goşgy bolmaly Line dowri okapdym
alma___
11 Fewral 2024
Cowy goşgy👍👍
flowers_
11 Fewral 2024
Şanazar Hydyrowmyka🤔
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.