Islam_Atayew
15.02.2024 00:32
Dubaý şäheri barada gyzykly maglumatlar.

Dubaý şäheri, gyzykly köp taraply we üýtgeşik-hakyky oazis. BAE-de nebit tapylandan soň çalt ösüp, ol hakykatdan hem täsir galdyryjy ýurtdyr. Dubaýyň howa menzili hem dünýäniň gowularynyň biri hasaplanyp, bu ýere baryp gören syýahatçylaryň hemmesiniň
ünsüni özünde jemleýär.

1. Takmynan 7000 ýyl mundan ozal, Dubaýyň gurlan çölüniň ýerinde giň mongrowe batgasy bardy.

2. Dubaý BAE-da iň uly şäher bolup, ol paýtagt däldir. Bu roly Abu Dabi ýerine ýetirýär.

3. Dubaý şäheri iki asyrdan gowrak, bu pursata çenli geçen asyryň 60-njy ýyllaryň ahyrynda töwereginden nebit tapylýança, asuda we gaty täsirli şäher bolmandy.

4. Dubaýdaky awtobus duralgalary ýapyk edýärler we olary sowadyjy bilen enjamlaşdyrýarlar.

5. Dubaý dünýäniň iň yssy şäherleriniň biri hasaplanýar. Tomusda bu ýerdäki kölegäniň temperaturasy köplenç +50 dereje ýokarlanýar.

6. Geçen asyryň 90-njy ýyllarynyň başynda Dubaý adaty binalary bolan çöli aňladýardy. Indi bolsa ol arassa köçeleri we şöhle saçýan gök binalary aňladýar.

7. Halkara söwdasy üçin geçýän harytlaryň sany boýunça Gonkong we Singapurdan soň, Dubaý dünýäniň ähli şäherleriniň arasynda 3-nji ýeri eýeleýär.

8. Burj Halifa binasy dünýäniň iň beýik binasy bolup ol hem Dubaý şäherinde ýerleşip, onuň beýikligi 824 metre barabardyr.

9. Dubaýyň golaýyndaky suwda emeli adalar toplumy bar, köpüsi göni suwda. Köpüsi bolsa palma agajy görnüşinde ýasalan.

10. "Dubaýland" diýilýän ýerli dynç alyş
seýilgähi dünýädäki iň uly seýilgäh
hasaplanýar.

11. Dubaýdaky käbir myhmanhanalarda 7 ýyldyz bar we onda oňünden bron
etmezden ýerleşmeklik hem mümkin däl.

12. Dubaýyň ýaşaýjylary dünýäde gazylan ähli altynlaryň 40 göterimini satyn alýarlar.

13. Dubaýda altyn barlary, adatça içgileri we şokaladlary satýan söwda maşynlar hem bar.

14. Biler bolsaňyz dünýäniň iň beýik tenis korty-da şu ýerde ýerleşýär. Ýelkenli şekilli myhmanhana bolan
"Burj-Al-Arab" gök asman binasynyň üstünde ýerleşyändir. Kort ýeriň üstünden 321 metr aralykda
bölünýär.

15.1968-nji ýylda tutuş Dubaýda jemi 13 sany hasaba alnan awtoulag bardy.

16. Dünýädäki ähli şäherleriň arasynda Dubaý ösüş taýdan Hytaý we Şanhaýa ýol berýärdi.

17. Bu ýerde ýerleşýän "Dubaý Moll' atly dünýädäki iň uly söwdä merkezi hem ýerleşendir.

18. Bu ýere gezelenje barýanlar ol ýeriň ýerli ýaşaýjylarynyň ählisine elmydama aşa dogrçyl we mylakatly diýýäler. Munuň bir sebäbi bolsa köpçüligiň
öňünde kemsidiji ýa-da biabraý hereket üçin tussaga baryp biljekdigi bilen baglanşykly.

19. Bu ýerde ýörite zenanlar üçin zenan sürüjisi bolan taksiler bar. Şeýle hem yörite awtobuslarda we otlydyr, metrolarda zenanlar üçin aýratyn bölümler hem ýerleşdirilipdir.

20. Dubaý häzirki wagtda hem ägirt uly depginde ösmegini dowam edýär, gurluşyk işleri şäheriň ähli ýerinde diýen ýaly dowam edyär. Ýer ýüzündäki her
bäşinji kran şu yerde yerleşyär.

Azamat KERIMOW,
50
111
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.